Jelaleddin Rumy hakynda

Döwrüniň parlak alymydy...
Ol 1207-1208-nji ýyllarda Eýranyň Balh şäherinde eneden dogulýar. Kakasy Hüseýn Hatyby Balhy bolupdyr. Şahsy lakamy Bahaweddin Welet bolan Jelaleddin Rumy döwrüniň parlak alymydy hem şahyrydy.
Soňra ol Anadolydaky Rum diýaryna barypdyr. Şonuň üçin onuň adynyň yzyndaky Rumy lakamy goýulan bolmaly! Ol ömrüniň köp bölegini Konýa şäherinde geçirýär. Onuň ogly Soltan Welet (1226-1312) hem şahyr bolupdyr. Jelaleddin Rumy ilkinji gezek türkmen diliniň sähel üýtgän görnüşinde şygyrlar ýazypdyr. Onuň bu ugurda ýazan 26 müň beýtlerden ýazylan ''Mesnewi'' eseri meşhurdyr. Onuň döredijiligine degişli eserler köp. Gazallaryny bolsa ''Diwan i Şems Tebrizi'' ady bilen ýazypdyr. Ol 1273-1274-nji ýyllarda dünýeden ötendigi çak edilýär.


RUBAGYLAR

Her gün gonak ugrat, her günde ýol sök,
Doňup galmarys biz akar suw bolsak,
Düýn geçdi, düýn bilen düýnki söz geçdi,
Bu gün täze sözüň aýdawer, gursak.

Çarparyn elimi kimsäni görsem,
Dişlärin dilimi kimsäni görsem,
Elim suwa sokdum Aý tutjak bolup,
''Men Gökde'' seslendi. Aý gökde, görsem.

Dost agtaryp, ýüwürer men, ýortar men,
Ömrüň soňa çatdy, uklar ýatar men,
Diýeli, dost tapdyň, dosta gowuşdyň,
Ýöne geçen ömri nädip tapar men?

Eý-a, rubapsesi! Parlak ol maňa,
Içimde rubapçy, kömek ol maňa,
Geçip gitme, oraçamda dyzyň ep,
Gel, gir içerime, gonak bol maňa.

Sensiz gül eksem men, tiken - har çykar,
Tawus guş basyrsam, ýylan - mar çykar,
Ellesem, rubabyň tary üzüler,
Jennet içre barsam, dowzah - nar çykar.

Bir serhoş janym bar, öçüşen howry,
Birem söýgülim bar, galmadyk sabry,
Menden söýgülime Taňrydyr - ilçi,
Söýgülimden maňa ilçidir - Taňry.

Köňül seni istäp, bolmuşdyr rubap,
Howruňdan köýendir, göýäki kebap,
Biziň derdimizi synlap dymýar ýar.
Emma bu dymmakda bar ýüzläp jogap.

Subhanalla, meniň täp-täze hünjim,
Her zaman ýolumyz çaprazdyr neçüýn,
Men-ä seniň bagtyň, tuaýar ukym,
Senem meniň bagtym, ukyda müdim.

Bu rubabyň sesi ne diýr, düşermiň?
Diýer: ''Yzyma düş, ýol tap!'' - düşermiň?
Ýola düşdüň, emma ýoluň egridir,
Soraga beriler jogap, düşermiň?

Eý dost, seni eýi dost dost saýypdyrys,
Baş üste aýak bas, biz taýyndyrys,
Sen gözümiz açdyň, seni görmesek,
Heý, yşk mezhebinde bu laýykmydyr?

Aşyk mejlisiniň karary başga,
Ol yşk meýiniň bimary başga,
Başga - medresede alan bilimiň,
Emma yşkyň düýbu-teýkary başga.

Yşk meniňdir, yşk meýini noş etdim,
Başym silkip, saçlarymy çaş etdim,
Düýn pyýala meni serhoş eýläpdi,
Bu gün pyýalany men serhoş etdim.

Oşol güli, şol läläni gören göz,
Gögi perýat bile eýleýir ümez,
Yşk heserniň eden bir ýyllyk işin,
Şeraplar müň ýylda bitirip bilmez.

Bu gula bir gülüp gara, sogap al,
Şeker kibi gülsem, oňa jogap ol,
Gan aglaýyp, şerap bolsun gözýäşym,
Köňlüm, ýanyp-köýüp, oňa kebap bol!

Köňlüňi daraltma, joşy gelipdir,
Kalba nagmalaryň hoşy gelipdir,
Gyrdy çybyn ýaly gamyň ganatyn,
Kap dagyndan döwlet guşy gelipdir.

Eliň, aýagyň hem gözüň - ikidir,
Köňül hem söýgüli - ýalňyz-ýekedir,
Söýgüli - bahana, söýülen - Taňry,
Haýp, iki sanana - gäwür okudyr.

Gök ýüzünde täk bäbenek - dür görýän,
Bäbenekde gudrat püre-pür görýän,
Eý çaşy, sen iki görýäň bir zady,
Emma welin, men ikini bir görýän.

Janym bolsa tende, Gurhanda - bende,
Muhammet ýolunyň ymmaty men-de,
Biri sözlän sözüm ýoýup geplese,
Bezärin men gepländen-de, sözden-de.

Ýaşlykda mollanyň alnynda bolduk,
Bir müddet dostlaryň ýanynda bolduk,
Söýündik, söýüldik, ne boldy soňy? -
Bulut bolup geldik, ýel bolup ýeldik.

Ýagşylyk et, bihut ötmeli dälsiň,
Ýagşylyk undulmaz, untmaly dälsiň,
Hemmäň maly galdy, seňki-de galar.
Galsa, mala derek ýagşylyk galsyn.

Meni saýry saýmaň, siz oba örklem,
Şu obada öz öýümi görüp men,
Nätanyş däldirin ýat ýüzlem bolsam,
Hindçe söýlesemem, meň özüm türk men!

Sabyr etseň, sabyr perdäň syrarys,
Uklasaň, gözünden ukyň sylarys.
Oda ýakyp erederis dag bolsaň,
Deňiz bolsaň suwuň içip dynarys.

Üç zadymy aldyň: köňülden sabry,
Gözümden - ukyny, ýüzünden - nury,
Sag bol, aklym haýran, seniň kibini
Asla dogran däldir eneleň biri.

Geň däl, bolsa uly - çaga şekilli,
Çaga ýaly bolmak - kämillik külli,
Atasy sözlese çagasy ýaly,
Çaga däldigini biler akylly.

Eliň işden galsa, ýöre-de çuslan,
Aýagyň ysmasa, gygyr-da seslen,
Kesiläýse sesiň, aklyňy işlet,
Garaz, her demiňde wepa görkez sen.

Utan, diri, harsydünýäniň biri,
Ne sebäpden mädäň - sen beýle iri?
Yşksyz ýaşama sen, şonda ölmersiň,
Yşk bile ölseňem - galarsyň diri.

Diýdim: ''Eý Gözelim, jananymmysyň?
Bakdygymça ganman, belki janymsyň!
Menden dänseň, dänerin men dinimden,
Janym, küpürimsiň hem imanymsyň.

Çagyrylman baran itiler terse,
Mähre sataşar ol, çagyrlyp barsa,
Çagyrylman ýere kapyram barmaz,
Utan, kapyrça-da ýokmudyň, eýse?

Toprakdan tenmize - ýagtylar pelek,
Gözelliklermizi gabanar melek,
Perişde kemsiner tämizligmizden,
Pisligmizden şeýtan gaçaýsa gerek.



Jelaleddin RUMY

Terjime eden: Kasym NURBADOW
1 лайков 366 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.