Sözüñ güýji
Türkmeniň taryhynda ençeme meşhur şahsyýetleriň ýaşap geçendigi bize mälimdir. Olaryň köpüsi öz döwründe ýüze çykan käbir kynçylyklardan sözüň güýji bilen baş alyp çykypdyr.
Dilewarlyk sungaty – bu subýektiw we obýektiw, döredijilikli hem-de ylmy çözgütleri özünde jemläp, diňleýjileriň aňyna hem-de duýgularyna täsir etmekdir.
Berdimyrat han (1847 -1879 ý.ý) söweşe girmezden öň, “Allanyň dabaraly güni ýetip geldi, Alla bizlikdir. Ýeňsek, uly şöhrat garaşýar, ölsek – jennet. Yza çekilmek ýok, rehim-şepagatam ýok. Ölmek üçin şu günden gowy gün ýokdur” diýipdir.
1071-nji ýyldaky Malazgirt söweşi barada: “Anna güni juma namazynda Alp Arslan namaza durup, Taňra doga edip ýalbarypdyr. Gözüne ýaş aýlap, esgerlerine ýüzlenip: “Biziň sanymyz az bolmagyna garamazdan, men duşmana garşy Allanyň razylygy bilen söweşjek, ýa ýeňiş gazanaryn, ýa-da şehit bolup, jennete giderin. Siziň araňyzda meniň bilen söweşe gitmek isleýän bar bolsa galsyn, islemeýänler gidip biler. Häzir şu ýerde buýruk berýän soltan-da ýok, buýruk berilýän esger-de” diýip sözüni jemläpdir. Goşunyň esgerleri bu sözlerden soň duşmana garşy hyjuwly söweşe girip, Wizantiýa goşunyny çym-pytrak edipdirler.
Bir gezek Keýmir atly barýarka, öňünden bir adam çykýar. Ol adam atyň yzynda oturan 6-7 ýaşly gyzjagazy görüp:
– Keýmir aga, bu gyzjagaz seniň nämäň? – diýýär. Gyzjagaz Keýmirden öňürti:
“Bu meniň janym, men onuň jananasy, munuň ejesi meniň ejemiň gaýynenesi” diýip, özüniň Keýmiriň gyzydygyny sözüň güýji bilen beýan edipdir.
Osmanly soltan Süleýman Kanunynyň (1520-1566 ý.ý) Hürrem (Roksolana) iň gowy görýän aýaly eken. Süleýmanyň birnäçe aýaly bolupdyr, ýöne Hürrem söze çeperligi bilen ärini özüne imrindiripdir. Süleýman, köplenç, ömrüni söweşlerde geçiripdir. Süleýmanyň söweşe giden wagtlarynda Hürrem Gün batandan daňa çenli gijesini ýatman aglap geçirýänini, soltansyz durmuşyň özi üçin manysyzdygyny hatynda belläp: “Siziň janyňyzyň bir parçasy” diýen sözleri bilen tamamlapdyr.
Lukman Hekimden sorapdyrlar:
“Hassamyza näme iýdirmeli?” Ol:
“Ajy sözden başga hemme zat iýdirip bilersiňiz” diýip, lukman Hekim jogap beripdir.
Seljuk hökümdary Soltan Sanjar bir gün goşuny bilen uzak ýola ýörişe gidipdir. Ýolda agşamara kiçeňräk daşly, ýerden geçip barýarkalar Sanjar adamlaryna: “Daşlardan gerek bolsa alyň!” diýýär. Şonda adamlaryň köpüsi azrak, köpüsi köpräk daş alýar. Jahan ýagtylanda görseler, ýaňky ownuk daşlar gyzyl eken. Şonda ol alan adamlara: “Köpräk almaly ekeniň”, almadyklara bolsa “Näme üçin almadyňyz” diýip, arman çekdiripdir. Şondan soň halk arasynda “Alanam armanly, almadygam” diýen aýtgy ýaýrapdyr.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.