Çeper eser okamagyñ 10 peýdasy

Aňy ös­dür­ýär. Alym­la­ryň ge­çi­ren köp san­ly bar­lag­la­ryn­da adam beý­ni­si­niň çe­per ede­bi­ýat bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gynyň huş­suz­lyk ýa-da als­geý­mer ýa­ly ke­sel­le­riň dö­re­mek how­pu­ny ep-es­li azald­ýan­dygy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Beý­ni hem güýç­li we sag­dyn bol­mak üçin beý­le­ki myş­sa­lar ýa­ly tür­gen­le­şi­ge mä­täç­dir.

Stre­si aýyr­ýar. Stre­si baş­dan ge­çir­ýän bol­sa­ňyz, he­ka­ýa okap baş­la­ny­ňyz­dan soň, on­da­ky wa­ka­la­ra im­ri­nip, stre­siň ara­dan aý­ry­lyp, be­de­ni­ňi­ziň ra­hat­la­nan­dy­gy­ny du­ýar­sy­ňyz.

Bi­li­mi­ňi art­dyr­ýar. Is­len­dik ki­tap oky­ja tä­ze bi­lim­le­ri ge­tir­ýär, üs­te­si­ne-de bi­lim ar­ka­ly is­len­dik sy­nag­la­ra höt­de ge­lip bi­ler­si­ňiz.

Söz baý­ly­gy­ňy art­dyr­ýar. Si­ziň söz baý­ly­gy­ňyz her bir tä­ze ki­tap bi­len art­ýar. Nä­çe köp oka­sa­ňyz, şon­ça-da ma­ny­ly we sy­pa­ýy gür­lär­si­ňiz. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de, özü­ňi­ze bo­lan yna­myňyzyň art­ma­gy­na go­şant goş­ýar we dur­muş­da üs­tün­lik ga­zan­ma­gy­ňy­za se­bäp bol­ýar.

Ýa­dy­ňy go­wu­lan­dyr­ýar. Bir ro­ma­ny okap, wa­ka­la­ry yzar­la­ýar­kaň, köp san­ly gah­ry­man­la­ry, ola­ryň baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry­ny, duý­gu­la­ry­ny we baş­ga-da köp-köp jik­me-jik­lik­le­ri ýat­da sak­lar­sy­ňyz.
Sel­je­riş en­dik­le­ri­ňi ös­dür­ýär. Oky­jy, köp­lenç, de­tek­tiw ro­ma­ny oka­ýar­ka, ki­ta­by he­niz do­ly okap gu­tar­man­ka, on­da­ky esa­sy sy­ry aç­ýar. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de ki­tap­da­ky mag­lu­mat­lar öz­leş­di­ri­len­de, sel­je­riş uky­by­ňy art­dyr­ýar. Ha­çan-da ki­tap­da­ky mag­lu­mat­la­ry we wa­ka­la­ry aňy­ňa siň­di­re­niň­de, ki­ta­ba bo­lan ga­ra­ýyş­lar we bel­lik­ler ýü­ze çyk­ýar.

Ün­sü­ňi güýç­len­dir­ýär. Ki­tap oka­nyn­da oky­jy­nyň äh­li ün­si he­ka­ýa gö­nük­ýär, da­şar­da­ky wa­ka­la­ry bol­sa unud­ýar­. Irden ýol­da bi­raz ki­tap oka­sa­ňyz, işde ün­sü­ňi­zi jem­le­mek aň­sat bo­lar.

Ýa­zuw en­digi­ňi ýo­kar­lan­dyr­ýar. Söz baý­ly­gy­ňy­zyň art­ma­gy bi­len bir wagt­da, ýa­zuw en­dik­le­ri­ňiz hem kä­mil­le­şer, se­bä­bi go­wy ýa­zy­lan eser has gowy ýazmaga ruhlandyrýar.

Ra­hat­lan­dyr­ýar. Ki­tap okamak bilen dynç al­ýar­sy­ňyz, çünki oka­ýan zat­la­ry­ňyz iç­ki ra­hat­lyk duý­gu­sy­ny ar­tdyr­ýar.

Ýa­kym­ly duý­gu­la­ra bes­le­ýär. Ki­tap­la­ryň güý­men­je çeş­me­si hiç wagt gu­tar­ma­ýar, olar el­my­da­ma ýakymly duýgulara besleýär.
3 лайков 194 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
13 сен 2021, 20:09
Hakyky, dogry yazylan maglumat. Men yas wagtymdaky (5,6) yat tutan gosgularym entegem yatdan cykanok, sebabi yaslykda nama howes etsen sol sen anynda dasa yazylan yaly yatda galyar eken.

Kamahal gyzykly kitaplar yada gyzykly maglumatlar okalanda adamda uytgesik duygular bolup gecyar... birhili adam onkusi yaly daldigini duyyar, muna men pikirimce "kitap effekti" diyip atlandyrsa bolarmyka diyyan.
Leyli Amanowa
13 сен 2021, 20:43
Mena godek gurleyan, nace kitap okasamam ?
Kakabayev
13 сен 2021, 20:54
SALAM HEMMA MEN SAYTA TAZEJE GELE
Hanguly
13 сен 2021, 21:03
Kitap okamak indi amatsyz zat
Döwlet Şöhradow
13 сен 2021, 21:25
Wlad,
Bu aydan sozune nahili dusunmeli?