"Ýazgyt"eseri

"Ýazgyt" eseri
Ýazgyt

Gün hemişekisi ýaly ir säher bilen özüniň äpet göwresini bütin äleme görkezdi.Ir säheriň tämiz howasy göwnüňi göterýärdi
Meniň üçin bu günüň düýnden,hat-da ertirdenem tapawutly tarapy ýokdy.Günler şol bir hysyrdylar bilen geçip durdy.Bu durmuşda meni diňe maşgalamyň barlygy saklaýardy.A maňa görä bu Ýalançy on köpüge-de degmejek zat.Ýöne nätjek,adama berlen ömri tä ajalyň ýetýänçä isleseň-islemeseň ýaşamaly.”Beýigi gör-de pikir et,pesi gör-de şükür et”diýleni,adamlaryň her hili derdi,aladasy bar.Arada men ýolda duşan zenanyň öz başdan geçirenlerini diňlänimden soň, oňa şuwagt-şuwagtlaram ynanyp bilemokdym.Gowusy ony men size-de gürrüň bereýin.
Men ýeke özüm köçelerde,ýollarda aýlanmagy gowy görýärdim.Her gün hem şo bir ýerlere aýlanardym.Ýolda söýgülileri görenimde:”Kän baglanmaň,biri-biriňize öwrenişmäň.Sebäbi her söýgüň soňy aýralyk bilen gutarýar”diýesim gelýärdi.Ýöne olaryň öz durmuşy, meniň goşulmagym gelşiksiz.Her gezek ýolda bir zenanyň bolup ýörşi ,meniň ünsümi çekýärdi.Haçan görseň gözi ýaşlydy.Onuň bu bolşy geçmişinde bir näsazlygyň bolandygyny yşarat edýärdi we her gezek diýen ýaly uly ýaşlarynda bir adamy görüp derrew ýaşyny süpürip onuň bilen bir ýere gidýärdi.Eýsem,sen hem şeýle zenany göreniňde onuň geçmişini bilesiň gelip gyzyklanmazmydyň?!Ahyram ýanyna barmagy makul bildim

Dowamy bar...
By:Yaraly(bir saýtdan aldym)
0 лайков 112 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.