“73” BELGILI TUSSAG

Bu aýdýanlarym gaty bir öňrägem däldi, men bir döwür Hytaýda bir marşalyň hususy lukmany bolup işledim. Marşal meni gowy görýärdi, men onuň iň ynamdar adamlarynyň birine öwrülipdim. Men daşary ýurtlam bolsam, karargähiň içinde islendik ýere arkaýyn girip-çykyp bilýärdim. Ýurtda syýasy ýagdaýlaram barha çylşyrymlaşýardy. Şeýle-de bolsa men ýurduň syýasy ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanmazlyga çalyşýardym. Ýöne şonda-da telim gezek şäher talaňçylyklaryna, ýesirleriň öldürilişine, adamlaryň köpçülikleýin gyrylyşyna şaýat boldum. Emma häzir size gürrüň bermekçi bolýan wakam meniň Hytaýda bolan bäş ýyllyk döwrümde ýadymdan çykmajak esasy wakalaryň biri boldy:
… Biz Han-Çeou şäherindedik. Bir gün 74 tussagy atuw jezasyna höküm etdiler. Tussaglar jezalandyrylanda lukmanam hökman ýanlarynda bolaýmaly. Şonuň üçin men Gün dogan badyna irgözinden bardym. Jezalandyryjy toparyň serkerdesi hem öz esgerleri bilen eýýäm garaşyp duran eken. Az salymdanam atuw zejasy ýerine ýetirilmäge başlandy. Her sapar on iki sany tüpeňiň mäşesi deň gysylanda güýçli towhuldy ýaňlanyp gidýärdi. Her gezek “ot aç” diýip buýruk berlende, hatara duran tussaglaryň biri kemelýärdi. Şol garma-gürmeligiň arasynda yzdan ikinji hatarda ýetmiş üçünji setirde duran tussagyň hiç zat bolmaýan ýaly, sesini çykarman kitap okap duranyny görüp, aňk bolup galypdyryn. Dogrudanam ol kitap okap durdy. Kem-kemden golaýlap gelýän ölüme barmysyňam diýmän, daşynda bolup duran elhençlikleri görmeýän ýaly kitap okap durdy. Zalp atylýan tüpeňiň gümpüldisi, gaňşyrawugyňy ýakyp barýan däriniň hem-de ýürekbulanjy ganyň ysy birjigem onuň ynjalygyny gaçyranokdy. Bir adamy şular ýaly ýagdaýdaka şeýle özüne çeken kitabyň nähili kitapdygyny, dogrusy, gaty bilesim geldi. Ýuwaşlyk bilen tussagyň arkasyndan baryp, egninden üstaşyr nähili kitap okaýarka diýip seretdim. Mihael Maýýeriň “Ýetdirmeýän Atlanta” (“Atlanta Fugiens”) atly kitabydy. Onuň okap duran kitaby hytaýça bolan bolsa, men, belkem, beýle geň galmasam galmazdym, ýöne ol eser latyn dilindedi. Saklanyp bilmän oňa şeýle diýenimi duýman galdym:
– Eliňizdäki kitap adama soňky demlerinde teselli beribiljek kitapmy?
Tussag kitapdan gözüni aýyrman, suwara iňlis dilinde maňa jogap berdi:
– Kämahal, adamyň bir ömür alada edip gazanan tejribesiniň hem biliminiň boş, biderek zatdygyna ýa-da beýle däldigine sanlyja minudyň dowamynda-da göz ýetirse bolýar. Hatda ölüm alkymlap gelenem bolsa, muňa pursat bar…
Onuň beren jogabyna näme diýjegimi bilmedim.
Et bilen gandan döreýän diwaryň öňünde nädip edil bular ýaly sowukganly bolup bolýandygyna haýran galypdym.
Ol tussagyň ýanyndan aýrylybilmän durdym, ol bolsa meni bütinleý unudypdy. Jezalandyryjy toparyň serkerdesi her sapar gylyjyny galdyryp, ýatyranda bir bendäniň bedeni eleme-deşik bolýardy hem-de ýüregiňi elendirip, şalkyldap ýere gaýdýardy. Ol bir töwra tussagyň bolsa, bolup duran zatlara başam galdyrman şol kitap okap durşudy, göýä diýersiň, bu älemden başga bir äleme geçen ýalydy.
Zor etse otuzynda görünýän bu ýaş ýigidiň ýüzi nuranady, ýagtydy. Şol bir bolşuny üýtgetmän kitabyň sahypasyny agdaranda, men durup bilmedim, ondan:
– Size näme kömek edip bilerin? Ahyrky niýet-arzuwyňyz, zadyňyz ýokmy? – diýip soradym.
“Meni ölümden halas et” diýip, ýalbararyna garaşdym. O bolsa başyny galdyrdy-da, içi gülýän gözler bilen meni synlady. Hut şol pursat özümi çuňňur ukuda ýaly duýdum. Ol bolsa ýene parahat äheňde:
– Ählimiziň öljek wagtymyz öňünden bellidir. Egni harby lybasly şu ýaş serkerde eline gelişmeýän gylyjyny galdyryp-ýatyrmak bilen ölüme höküm edýändirin öýdýär. Emma ol ýalňyşýar, lukman jan. Allanyň huzuryna kimiň haçan çagyryljagy belli däldir, sizi menden öň çagyraýmaklaram ahmal. Adamlary öldürmek ýa-da ýaşatmak hukugyny olara kim beripdir? Siz gödek ýalňyşýaňyz – diýdi-de, ýene okamagyny dowam etdi.
Ýaňy kyrk altynjy tussaga nobat ýetipdi. Birden jezalandyryjy toparyň ýaş serkerdesi büdrän ýaly, entirekläp gitdi. Gylyjyny elinden gaçyryp, dyza çökdi, soňra-da gapdala agyp gitdi. Näme bolanyny biljek bolup ylgap bardym. Ilkinji kömek hökmünde eden emlerimiň hiç biri peýda etmedi. Ýüregi urmaýardy. Şeýle duýdansyz ölüme nämäniň sebäp bolandygyny bilibilmän galdym.
Meni howsala gaplap aldy, özümi tonlarça agyrlygyň astynda ýegşerip barýan ýaly duýdum. Şol hytaýly tussaga tarap biygtyýar göz aýladym, onuň şol bir durkuny üýtgetmän kitap okap durşudy. Jezalandyryş işi togtamandy, ol ýerde duran beýleki bir serkerde gylyjy ýerden garbap aldy-da öňki serkerdäniň hereketlerini gaýtalap ugrady. Tussaglardan düzülen hataryň uzynlygy barha gysgalyp barýardy, menden bolsa şagga-şagga sowuk der inýärdi. Dyzym saňňyldap ugrady. Hytaýly tussagyň birinji aýdany hakykata öwrülipdi ahyry. Ýa ikinjisem çyn bolup çykaýsa? Ýüregimde, ylymdan başga zada känbir ynanmaýan meniň ýaly birine gelişmejek gorky döredi. Hawa, ol hytaýlynyň aýdanlaryna ynanman durup bilmändim. Indi menem öläýmeli bolarmykam diýip, özüme erk edip bilmän, gorkup başlapdym. Şol wagt bir ýerden hökümiň ýerine ýetirlişine gözegçilik etmek üçin maýor çininde bir hytaýly serkerdäniň ak atyna atlanyp ýetip gelýändigini gördüm. Hiç kimden rugsat, beýleki garaşman göni onuň ýanyna ylgadym. Atynyň uýanyndan ýapyşyp, ony sakladym. Maňa juda geň galyp seretdi. Men ahyry birneme özümi dürsäp, parahat äheňde:
– Ýoldaş maýor, sizden bir towakgam bardy, meniň göwnüm üçin diňläp bilermisiňiz?
– Baş üstüne, Lukman!.. – diýip, ol göwünjeň seslendi. Onuň gara çynydygy görnüp durdy, munuňam sebäbi, öňräk men onuň endamynda dörän howply ýarasyny bejerip beripdim. Ýöne barybir haýyşymyň bitjegine känbir ynamym ýokdy, şonda-da ýatyp galandan atyp galaýyn diýip, oňa:
– “73” belgili tussagy maňa beräýiň diýip haýyş etjekdim… Men onuň ýaşamaga doly hukugynyň bardygyna ynanýaryn. Ol entek juda ýaş biri! – diýdim.
Maýor diýseň geň galdy.
– Gynansagam bu haýyşyňy bitirip biljek däl. Sen bolmajak zady soraýarsyň, lukman jan! – diýip jogap berdi. – Beren buýruklarynyň ýerine ýetirilişine marşalyň nähili irniklik bilen gözegçilik edýändigini sizem mençeräk bilýänsiňiz.
Aýdýanlarynyň jany bardy. Içki tolgunjymy daşyma çykarandygymy duýup, bir hili utandym, şol minudyň dowamynda bolan zatlaryň ählisini unutmak üçin, ýitirim bolup bir ýerlere gidesim geldi.
Tussagyň gözi henizem kitapdady, barha golaýlap gelýän ölüm ony birjigem eýmendirmeýän ýalydy. Nobatyň özüne ýetmegi üçin dört tussag galypdy. Kalbym tiz-tizden urmaga başlady, ondan hiç ünsümi sowup bilemokdym. Birdenkä jezanyň ýatyrylýandygyny aňladýan surnaý sesi geldi, atyny ýüzin salyp bir esger meýdanda peýda boldy. Ol maýoryň ýanyna baranda, atynyň jylawuny şeýle bir dartdy welin, at janawer art aýaklarynyň üstüne çarpaýa galdy. Atdan böküp düşen esger maýora bir bukja uzatdy. Edil şol pursat meýdandaky üýşüp ýatan jesetleriň arasynda nobatyň özlerine gelerine garaşyp duran diňe ikije ýesir galypdy. Tüpeňiň nili sähel salymdan özüne gezeljek bolup durka-da ol tussag kitap okap durdy. Maýor elindäki kagyza gyssagly göz gezdirenden soň atuwy bes etmelidigini elini galdyryp yşarat etdi. Näme bolanyna düşünmän galdym. Bir gözüm henizem tussagdady. Şol mahal maýoryň üm bilen meni öz ýanyna çagyrýandygyny gördüm. Ýanyna baramda:
– Aman soran esgeriňiziň çöregi bitin ekeni, Lukman! Gelen buýruk şol hakdady – diýdi.
Mundan soň aýdara söz galmandy. Öz ýanymdan diýseň begenip, tussagyň ýanyna howlukdym. Edil özüm halas bolan ýalydym. Ömür ýadymdan çykmajak ol adam bolsa, başyny dik tutup, sarsman durdy, kitaply eli aşak sallanypdy, gözi bolsa alyslara, has alyslara garaýardy. Hamana bu zeminden has alysdaky ýerleri görmekçi bolýan ýalydy. Parahat ýüzünde ne begençden nysan bardy, ne gorkudan. Töweregimdäki zatlar daşymdan aýlanyp ugrady, ahyrynda ýaňky tussagam gözümden gaýyp boldy. Känbir zat ýadyma düşenok. Özümi dürsän wagtym ol tussag hakykatdanam gürüm-jürüm bolupdy. Hernäçe tanyşasym gelenem bolsa, onuň bilen içgin tanşyp bilmän galdym. Şondan soň ony hiç haçan görmedim. Ýöne men onuň henizem diridigine ynanýaryn, çünki meniň özüm entek ýaşap ýörün ahyry…
4 лайков 134 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
30 сен 2021, 23:16
cilimkesh
Like
nurana
01 окт 2021, 00:19
like
Biohimik
01 окт 2021, 15:35
Onem okadym yene okadym sps
Döwlet Şöhradow
01 окт 2021, 15:46
4 nji likee++ brawo