"GSM"-Goşgy saýlaýan maşyn.
"GSM"-Goşgy saýlaýan maşyn
Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda.
Giripdir düýşüme mojuk bir ahwal:
Bir äpet maşyn dur redaksiýada.
Aşagynda bolsa – üç aýak stol.
“Bu niçiksi maşyn?”
Berdim men sowal.
Diýdiler: “Goşgyny saýlaýan maşyn”
Her anna gününde indiden beýläk
Näçe goşgyň bolsa, getirber, şahyr!”
…Ynha, ýetip geldi arzyly anna.
Şahyrlar üýşüpdir uludan-kiçä.
Nobatyň bir ujy – maşynyň ýanna,
Beýleki bir ujy syganok köçä.
Gara saçlymysyň,
Ak saçlymysyň
Ýa-da saçlaryňdan ýaňy çal sepen
Şahyrlar asuda garaşyp durlar.
(Bularam asuda boljaklar eken).
Nobatyň ýetdimi – gapagy göter.
Näçe goşgyň bolsa, içine okla.
Çilimiň otlada bäşminut garaş
Onsoň oklan zatlaň täleýi hakda.
Özüniň pikirin aýdyp dur maşyn.
Birin saga zyňýar, birini çepe.
Saga giden – düşýär hapa ýaşşigne.
Çepe giden – düşýär gös-göni çapa.
Eýýäm bir dostumyň eli sandyrýar.
Meniň bolsa, eýýäm sandyrýar beýnim.
Sandyrap başlady ýene bir dostum –
Ýaş dostum – wah, seňki nämedi, inim!
Seniň bar geljegiň öňüňde entek.
Seniň maňlaýyňa ýazlypmy şygyr?
Şahyrlyk bolmasa, ýene-de bir kär.
Emma kyrk ýaşdan soň, biz üçin agyr!..
Gelip dur ýigitler. Gelip dur gyzlar.
Barha uzap barýar nobatyň yzy.
Hanha, ajap bir gyz belläp dur nobat.
Tanyş ol: TDU-nyň student gyzy.
Gözleri -de ajap, ýüzi-de ajap.
Alkymna nur saçýar köýnegniň nagşy.
Ýöne alyp gelen goşgulary hem
Özi ýaly ajap bolaýsa ýagşy?
Ýogsa, bu maşynda sylag-hormat ýok.
Ýigitmiň, perimiň – bolaý sen her kim –
Görküňe, boýuňa seredip däl-de,
Şygryňa seredip, kesýärdi höküm.
Lenin baýragynyň laurýeatymyň,
Pyragy baýragnyň laurýeatymyň,
Halk şahyry diýen uly atlymyň,
Ylymlar doktory, kandidatymyň –
Seniň kimdigiňe bakanokdy ol,
Bolsa-da egniňde her niçiksi çin,
Ol hyzmat edip dur çin üçin däl-de,
Ýalňyz, ajap, uly Poeziýa üçin.
Goşgynyň yzyndan, oklanýar goşgy
Hordaň – saga gidýär, oňadyň – çepe.
Çep tarapda diňe bäş sany kagyz,
Sag tarapda eýýäm giden bir depe.
Sandyrap başlady ýene bir dostum.
A-how, töweregmiz gyz bilen gelin.
Birden sandyrýanyň duýaýmasynlar
Walla, kisäňe bir salsana eliň.
Aýby ýok, gardaşym, şahyr bolmasak
Goý, bolman geçeli. Ýöne weli biz
Gyzlaň ýanynda bir beýdip durmaly.
Edil polat ýaly bolsun elimiz…
“Men” diýen şahyrlar ýaýkaşyp başyn,
Gaýdyşyp barýarlar ýüzlerin sallap.
Özlerem bilenok nirä bar ýanyn.
Göýä polklaryndan azaşan soldat –
Herisi öz polkun gözläp barýardy.
Ne gykylyk bardy, nede bir gybat…
“GSM” işläp dur. Nobat ýöräp dur.
Bir gördem ýetipdir
Maňa-da nobat.
“Geçiber, geçiber, geçiber uýam!”
Nobatymy berdim yzdaky gelne.
(Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men,
Ýok, gorkanym üçin etdim men şeýle).
Ol gitdi. Ýene-de nobatym ýetdi.
“Geçiberiň” diýdim, yzdaky gyza.
(Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men,
Ýok, ýok, gaçjak bolup, çekildim yza).
Emma gyz hiläme düşünen eken.
“Howlugamok” diýip, ýylgyrdy hötjet.
Öz-özüme diýdim: “Bar, gaçdyňam sen,
Ykbalyňdan gaçyp sen nirä gitjek?”
Pedalyň üstüne aýagym atdym.
Ryçagy çekdim. Açyldy gapak.
Bir papka goşgyny içine atdym.
Hopugyp oýandym…
Akmak men, akmak!
Şo mahal oýanmak nämäňe gerek?
Ýene bir minutjyk ýataýan bolsaň,
Seniňem kimdigiň belli bolardy
Belki, çyrşa maňy goýardyň onsoň.
Kerim Gurbannepesow (Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi.)
Çeşme:nexttm paýlaşan agza :KOROL
Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda.
Giripdir düýşüme mojuk bir ahwal:
Bir äpet maşyn dur redaksiýada.
Aşagynda bolsa – üç aýak stol.
“Bu niçiksi maşyn?”
Berdim men sowal.
Diýdiler: “Goşgyny saýlaýan maşyn”
Her anna gününde indiden beýläk
Näçe goşgyň bolsa, getirber, şahyr!”
…Ynha, ýetip geldi arzyly anna.
Şahyrlar üýşüpdir uludan-kiçä.
Nobatyň bir ujy – maşynyň ýanna,
Beýleki bir ujy syganok köçä.
Gara saçlymysyň,
Ak saçlymysyň
Ýa-da saçlaryňdan ýaňy çal sepen
Şahyrlar asuda garaşyp durlar.
(Bularam asuda boljaklar eken).
Nobatyň ýetdimi – gapagy göter.
Näçe goşgyň bolsa, içine okla.
Çilimiň otlada bäşminut garaş
Onsoň oklan zatlaň täleýi hakda.
Özüniň pikirin aýdyp dur maşyn.
Birin saga zyňýar, birini çepe.
Saga giden – düşýär hapa ýaşşigne.
Çepe giden – düşýär gös-göni çapa.
Eýýäm bir dostumyň eli sandyrýar.
Meniň bolsa, eýýäm sandyrýar beýnim.
Sandyrap başlady ýene bir dostum –
Ýaş dostum – wah, seňki nämedi, inim!
Seniň bar geljegiň öňüňde entek.
Seniň maňlaýyňa ýazlypmy şygyr?
Şahyrlyk bolmasa, ýene-de bir kär.
Emma kyrk ýaşdan soň, biz üçin agyr!..
Gelip dur ýigitler. Gelip dur gyzlar.
Barha uzap barýar nobatyň yzy.
Hanha, ajap bir gyz belläp dur nobat.
Tanyş ol: TDU-nyň student gyzy.
Gözleri -de ajap, ýüzi-de ajap.
Alkymna nur saçýar köýnegniň nagşy.
Ýöne alyp gelen goşgulary hem
Özi ýaly ajap bolaýsa ýagşy?
Ýogsa, bu maşynda sylag-hormat ýok.
Ýigitmiň, perimiň – bolaý sen her kim –
Görküňe, boýuňa seredip däl-de,
Şygryňa seredip, kesýärdi höküm.
Lenin baýragynyň laurýeatymyň,
Pyragy baýragnyň laurýeatymyň,
Halk şahyry diýen uly atlymyň,
Ylymlar doktory, kandidatymyň –
Seniň kimdigiňe bakanokdy ol,
Bolsa-da egniňde her niçiksi çin,
Ol hyzmat edip dur çin üçin däl-de,
Ýalňyz, ajap, uly Poeziýa üçin.
Goşgynyň yzyndan, oklanýar goşgy
Hordaň – saga gidýär, oňadyň – çepe.
Çep tarapda diňe bäş sany kagyz,
Sag tarapda eýýäm giden bir depe.
Sandyrap başlady ýene bir dostum.
A-how, töweregmiz gyz bilen gelin.
Birden sandyrýanyň duýaýmasynlar
Walla, kisäňe bir salsana eliň.
Aýby ýok, gardaşym, şahyr bolmasak
Goý, bolman geçeli. Ýöne weli biz
Gyzlaň ýanynda bir beýdip durmaly.
Edil polat ýaly bolsun elimiz…
“Men” diýen şahyrlar ýaýkaşyp başyn,
Gaýdyşyp barýarlar ýüzlerin sallap.
Özlerem bilenok nirä bar ýanyn.
Göýä polklaryndan azaşan soldat –
Herisi öz polkun gözläp barýardy.
Ne gykylyk bardy, nede bir gybat…
“GSM” işläp dur. Nobat ýöräp dur.
Bir gördem ýetipdir
Maňa-da nobat.
“Geçiber, geçiber, geçiber uýam!”
Nobatymy berdim yzdaky gelne.
(Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men,
Ýok, gorkanym üçin etdim men şeýle).
Ol gitdi. Ýene-de nobatym ýetdi.
“Geçiberiň” diýdim, yzdaky gyza.
(Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men,
Ýok, ýok, gaçjak bolup, çekildim yza).
Emma gyz hiläme düşünen eken.
“Howlugamok” diýip, ýylgyrdy hötjet.
Öz-özüme diýdim: “Bar, gaçdyňam sen,
Ykbalyňdan gaçyp sen nirä gitjek?”
Pedalyň üstüne aýagym atdym.
Ryçagy çekdim. Açyldy gapak.
Bir papka goşgyny içine atdym.
Hopugyp oýandym…
Akmak men, akmak!
Şo mahal oýanmak nämäňe gerek?
Ýene bir minutjyk ýataýan bolsaň,
Seniňem kimdigiň belli bolardy
Belki, çyrşa maňy goýardyň onsoň.
Kerim Gurbannepesow (Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi.)
Çeşme:nexttm paýlaşan agza :KOROL
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.