Göriplerime

Häzir dostumam hem duşmanymam bir,
Öňki dostlam bu gün duşmanym bolan.
Göribim kän diýmek, başarypdyryn,
Iň bärkisi söýgülimem güm bolan.

Gülkim tutýar şu adamlaň bolşuna,
Ölüp barýar biri öňe gidäýse.
Hawa, men öňki däl, üýtgedim biraz,
Habar beriň öňki aklym geläýse.

Keýpine ýazamok, mejbur ýazmaga,
Geçmişimdir maňa ,,Ýaz!’’ diýip duran.
Kän ýazdym men bir biwepa gyz üçin,
Bilýäňizmi, özgede hyýal guran.

Gepim etme o ýer, bu ýere baryp,
Arkamdan nä işler bitirip ýörsüň.
Ilki meniň derejäme geljek bol,
Boş gürrüňler edýärsiň haçan görseň.

Pikirlerňiz bilen işim-güýjüm ýok,
Näme diýseňizem diýiberiň siz.
Üns beremok, sebäp degenok muňa,
Eý dostjan, gysmaly ýeriň gysyp gez!

S.D
30.09.2021
6 лайков 123 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
_ashirova_ay_
02 окт 2021, 00:42
Häzir dostumam hem duşmanymam bir,
Öňki dostlam bu gün duşmanym bolan.
Göribim kän diýmek, başarypdyryn,
Iň bärkisi söýgülimem güm bolan.
gaty dogry su
nurana
02 окт 2021, 00:54
like
Döwlet Şöhradow
02 окт 2021, 08:59
Gowy eken++ brawo brawo
Ogulşirin Bayramowa
02 окт 2021, 09:28
Diss'mi bul many we kapya yok şondan soradym teksti göçüren yaly edipsiň muny...
Sohbet
Автор 02 окт 2021, 17:27
Göripleriň özi disslike goýup başlady. Özüňe çekäý disslike goýan bolsaň!