ÝAŞLYGA SESLENIŞ

Ýaşlyk ýyllarynyň hasabaty barada oýlananymda, ol meniň bütin süňňümi göýe kyrk çilläniň gary bolup doňdurýan ýaly. Esli salymlap hereketsiz galýan. Oý pikirleriň ummanyndan gulaçlap ýüzüp geçmäge asla gurbatym çatanok. Ýöne nätjek guş bolup hem şol ummandan uçup geçip bolanok. Sebäp diýseň biz ynsan...
Ana şonda, ýolda meniň ýakamdan umytsyzlyk diýen bir bela ýapyşdy. Umytsyzlyk meni barha garaňky tümlügiň jümmüşine dartdy. Şol mahal men daş-töweregimden haraý gözläp hakykaty çagyranymda, birdenkä elimde bir şem peýda boldy. Elimdäki şem daş töwerege şeýle bir nur saçýardy welin, garaňkylyk menden näçe güýçli bolsa-da, meni taşlap gitmeli boldy. Garaňkylyk bilen nur hiç haçan baryşmaýar...
Ýaşlygyň hasabatyny bermek ine şeýle kyn. Ol seniň eliňden gidip barýar. Ertir ederin, hökman ertir ederin diýip, diňe ýaşlykda başaryp biläýjek işimlerimi hem uzatýan pursatlarym az däl. Ýaşlyk ýyllary eliňden gidensoň, ahmyrlaryň batgalykaryndan kimiň ýaşasy geler. Näme etmeli, bir çykalga tapmaly. Ýaşlyk ýyllarynyň içinden geçip bakylyga ýetmeli...
Gün yzyna gün geçip, aý yzyna aý aýlanyp dur. Men ýaly hemme ýaşlar hem, ýaşlygyň çarbagly diýarynda bir zatlar bilen gumra. Kim wagty syzyp ýaşaýar, kim bolsa... Size seslenmek bilen men özümiň köňül dünýäme-de ýaň saldyryp seslenýän. Hakykaty pert-pert dözümli aýtmak gaty kyn. Men köp gijeler alňasap “Şu wagta çenli, 25 ýyllyk ömrümde, il-güne, watana bähbitli nämeler edip bildim? Bu saýlap alan ýolumyň soňy nirä bararka?” diýen sowallaryň jogabyny agtardym. Ýogsa-da siz şu ýaşyňyza deňeç nähili işler başardyňyz?
Bir ary bilen ynsan balasynyň arasyndaky tapawut näme diýip oýlandyňyzmy hiç. Doglanyna ýaňy ýigrimi gün bolan bal arysy gülden-güle gonup, bal ýygnap başlaýandygy hemmämize mälim bolsa gerek. Emma ynsan balasy bolsa iki ýylyň içinde zordan aýakda durup, ýaňy gürläp başlaýar. Ýedi ýaşynda basanda, mekdebe gidýär. Okamagy, ýazmagy öwrenip başlaýar. Mekdepden, ýokary okuw jaýyny gutarýança , bar gujur gaýraty bilen nämedir bir zatlary öwrenmäge çalyşýar. Çünki ol ýaşamak üçin, durmuşa doly göz ýetirmäge mätaç. Ak bilen garanyň tapawudyny öwrenmäge mätaç.
Ýöne bal aranyň balasy nädýär? Ol bal ýygnamak üçin ne okuw okaýar ne-de ýokary okuw jaýyny tamamlaýar. Sebäbi ol kemsiz, ajaýyp ýaradylypdyr. Biz bolsa ýigrimi gün däl. Ýigrimi ýyl, ömür boýy öwrenmäge mätäçdiris.
Ýogsa-da men size ýokarda şem diýýan zadymyň, nämedigini aýtmandyryn. Ol şem-umyt. Şol meniň elime berilende men özümi şeýle bir bagtly saýdym. Begendim. Buýsandym. Ertir bilen ýene-de günüň dogjagyna ynandym. Elbetde gyşyň soňundan ýene-de elwan lybasly ýaz gelýär ähbetin. Ertir bilen ýene-de maňa täze arassa bir gün beriler. Ana men mundan beýläk şol täze gün sahypama diňe gowy zatlary, diňe ýagşylyklary, diňe haýyrly işleri ýazaryn.
Belkäm meniň şol täze güne ýazjak nurly setirlerimiň ýanynda meniň geçmişde gara syýa bilen ýazan ahmyrlarym sönüp pozulyp gider. Geçmişdäki ahli zat, geçmişde galdy. Bugün bolsa başgaça zatlar hakynda oýlanyşmaly.
2 лайков 146 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DIYER BI PRODAKSHYN
02 окт 2021, 21:56
yanam yazdyna bolar
Ulykazy
Автор 02 окт 2021, 21:58
BLACK_WOLF,
ozum bilern
DIYER BI PRODAKSHYN
02 окт 2021, 22:05
Цитата: Prikolmyrat
BLACK_WOLF,
ozum bilern

bolya garry
nurana
02 окт 2021, 22:08
likePrikolmyrat,
Döwlet Şöhradow
02 окт 2021, 22:30
Gaty gowy yazylypdyr brawo brawo
*Adam taryhda yz galdyrmaly. (Gowy hasiyeti bilen)