Bagt şazadam - hekaýa
Howa diýseň gowydy.
Güýzüň ýagyş siňen topragynyň ysyny burnuňa üfleýän pessaýyja şemal öwsýärdi.
Biz seýilgähleriň birinde seýil edýärdik, men özümi erkin duýardym çünki, meniň ýanymda meni bagtly edip biljek bagt şazadam hem bardy. Biz bagtlydyk.
Ol maňa durmuşyndaky iň gülküli we gyzykly wakalary gürüň berip gelýärdi, men bolsa, gabagymy ýerden galdyrman ony üns bilen diňleýärdim.
Ine birdenem,
- Maral, agyz Maral.... saňa diýän eşdenokmy! -diýlen ses meni pikirler ummanyndan çykaryp meniň dumanlap duran serimdäki bagt şazadam bilen geçiryän iň bagtly pursatlarymy gözden gaýyp etdi otruberdi.
Bu meniň kärdeşim, Suraýdy.
- A gyz şu wagt adyňy üç gezek dagy tutup çagyrandyryn şol bir nokada nazaryňy dikip bir zatlaryň gamyny iýýäň sen, saňa bir zatlara bolýar üns berýän, welin, seniň soňky döwürler iş bilen hem ugruň ýok, eýgilikmi özi saňa nämeler bolýar? - diýip meniň tukatly oturşumdan birzatlary aňlan, kärdeşim bilesigeljilik bilen soragly nazarlaryny maňa dikdi.
Men herhesip edip muny bildirmezlige çalyşýardym.
- Ýokla senem gepi ulaltmaga gaty ussat
Hakyt peşeden pil ýasaýaň gyz men özüm ýöne şeýle pikire bataýypdyrynda.
- Ýeri bolýa, öýe gaýdaly seret iş wagtam gutardy ýa sen köpräk işläp, beýlekilerden tapawutlanjak bolýana dälsiňdä hernä? - diýip bäljiksi gülküsini etdi.
Men her gün işden öýe gaýdanymda, seýilgähiň ýanýodallaryndan pyýada yöräp gaýdýardym, sebäbi men dünýämdäki bolup geçýän wakalary, täsinlikleri, içki syrlarymy baglara, güllere we çüwdürümlere gürrüň berýärdim, olar maňa düşünýän ýaly güýzüň agras şemalynyň zaryn sesine goşlup duýgudaşlyk bildirýän ýaly duýulýardy.
Hat-da, suw çüwdürümler hem meniň diňe hyýalymda özümki saýýan şol bagt şazadamy hemmelere güjüňlemek isleýän ýaly saza öwrülüp hiňlenýän ýalydy.
Ol hakykatdanam diňe meniň hyýalymda meniňkidi.
Men her säher işe ugranymda biziň edaramyzyň golaýynda ýerleşyän edaralaryň birinde zähmet çekýän şol şazadama duşmazmykam, heý bolman-da, ony daşdan dagy bir göräymezmikäm! - diýen ýaly pikirler ýüwürtýärdim.
Bardy geldi görüp bilmedik ýagdaýymda-da onuň ulagynyň barlygyny görsem-de, öz ýanymdan begenerdim çünki ol maňa onuň janynyň sagdygyny, onuň sagaman işläp ýörendigine delil bolýardy bu bolsa maňa aýratyn bir güýç bagyş edýärdi.
Eger-de onuň ulagy görünmäýse dagymy, men gaty howatyrlanardym.
Öýde-de, mazam bolmaýardy diňe öz-özüm bilen gepleşýärdim.
Maral sen aklyňdan azaşypsyň.
Sen özüňçe nämeleriň gamyny iýýärsiňä?! Beýle-de, akmak bolma gözüňi giňirräk aç sen ony söýýänem bolsaň ol bu zatlardan umumman bihabar bolsa, belki onuň halaşýan gyzam bardyr.
Belki, bolup biler ahryn eger şeýle bolsaýsadagymy, men.. men...
Ýok, ýok Maral özüňi ele alsana entäk hiç zat mälim däl samyk bolmasana - diýip özümi köşeşdirerdim
Hat-da, aýdymdyr goşgy diňlänimde-de, kitap okanymda-da, her bir pursat maňa ony ýatladýardy.
-Wah şol gün baýramçylyk çärä barmadyk bolsam bolmaýamy diýsene, barmadyk bolsama beýle zatlara uçramazdym ony-da görmezdim..
Ol bolsa, özi üçin ne küýlere düşüp ýörenimden habaram ýok, özi bilen özi başynagaý bolup ýörendir haçan görseň.
Men häzirlikçe ony hyýalymda özümki saýanam bolsam, wagt gelip bu zatlaryň hakykata öwülmegine ynam bilen garaşýardym.
Şondan bärem aý salym wagt çemesi geçendir geçse.
Ine, haçan görseň meniň hyýalarymy kowup ýören, bilesigeliji bälçik, kärdeşim Suraý:
- Gyzlar bilýäňizmi?! Ýakyn günlerde men durmuşa çykýan, özem halaşýan ýigidim bilen bagt gurýan.
Gyzlar men şeýle bir bagtly nesip bolsa biz toýmyzy Bagt köşgünde etmekçi- diýip, ellerini hereketlendirip, gürrüň bermäge başlady.
Men gaty begendim ýürekden gutladym bagtly uzakdan uzak ak menziller arzuw etdim.
Hem-de, meniň hem bagt şazadam haçanam bolsa, bir gün bir ýerlerden ak paýtunly gelerde meni söýýändigini aýdar, soň biz bir-birege nika ýüzügini dakarys, biziňem bagt toýumyz tutular biz örän bagtly ýaşarys-diýip hyýalymda oýlanýardym.
Onýança-da Jeren atly kärdeşimiz:
- Tüwleme alnyň bagtyň bolsun, goşa garraň, bagtyňyza göz degmesin ylaýym - diýip sözüni tamamlap tamamlamanka,
gyzlaryň biri gepiň üstüni ýetirdi.
- Wi, ýogsa-da, sen henizä bize o yigidiň kimligi barada hiç aýtmandyň ýöne indi aýtmaly borsuň - diýdi.
Suraý onuň adynyň Begençdigini, onuň biziň edaramyzyň golaýynda ýerleşýän Sport mekdepleriň birinde tälimçi bolup işleýändigini, aýdanda, meni ýyldyrym çakana döndi ýüregim gürsüldiden ýarylaýjakdy giň jahan göwnüme bolmasa, daralyp gözlerim peträýjekdi.
Sebäbi Suraý meniň diňe özümki hasaplaýan bagt şazadam hakynda sojap-sojap gürrüň berýärdi, hawa ol şoldy.
Men haýal etmän özümi dürsäp bildirmezlikden ýylgyrdym ýene-de, gowudan gowy arzuwlar etdim.
Gör-le, muny ýüregiň aglaýan agyrýan mahaly mejburlykdan ýylgyrmak näderejede agyr ezýetli zatdygyny diýsene.
Men şol gün işden soň ýene köne endigime eýerip pyýada yöräp şol seýilgähden gaýtdym.
Bu gün maňa hiç zadyň gyzygy ýokdy baglaryňam gül-gunçalaryň, çüwdürümlerňem, köçedäki zenzele çagajyklaryňdyr ulaglaryň sesleri hem meň üçin biparhdy.
Yşk derdinden saralyp solan dünýäniň gaýgy gamyndan egni leşger basyp indi bolsa munuň hötdesinden gelip bilmän ejizleýän ýaly agaçlardan tänip aýagymyň aşagyna düşelýän ýapraklary görsene, boýuny aşak egilen agaçlar bolsa: " Ine menem ýeke galyp barýan, meniň ýapraklarym meni terk edýärler" - diýän ýaly.
Ýodallaryň iki gyrasydaky sowuk ýellere sülleren, gülleri diýsene, başlaryny ýaýkap otyrlar göräýmäge güller maňa : " Seniň bagt şazadaň bir gün gelip bizden owadan çemen bogmagyny we ony saňa sowgat bermegini arzuw ederdiň, haçan ol geler? biz henizem garaşýas-" - diýän ýalydy.
Çüwdürümler bolsa, meniň kalbymdaky lowlap ýanýan alowlary öçürmekçi bolýan deý çüwdürülüp asmana galýardy.
Şol gün gijesine ýyldyz sanap daňa ýeten ömrümdäki ilkinji günümdi.
Bir mahallar söýgi hakda aýdylanlara gulak gabartmazdym. Indi görýän welin şo:l aydylanlardanam yşk derdiniň agyr dertdigine düşünýärin.
Gök gürledi, ýyldyrym asmanyň göwsündi ýardy-da, zemine öz çeleginden bulgurlap ýagmyryny guýup başlady.
Sowuk ak çagbaly damýan damjalary diýsene, pejirede gözden damýan ýaşlary ýasaýardylar, penjireden kürsäp girmäge ymtylýardylar.
Penjiräni açdym daşary meniň ýşk şeminiň sönüp giden gara tümli içki dünýäme meňzäp ýatyrdy.
Tümlüge gaplanyp ýatan köçelere, özüniň bulgurundan zemine damjalaryny inderýän göge, naýynjar göreçlerimi dikip içimi ýyrtyp gelýän duýgularymy "Indi seni hat-da, hyýalymda hem özümki hasaplamaga umyt galmady, indi hyýalymda hem sen meniňki bolup bilmersiň" - diýip belent ses bilen gijäni ürküzüp gygyrasym gelýärdi.
Penjiräni açdym şüwläp giren sowuk şemal ýüzüme uruldy. Ol zaryn sesi bilen maňa: "Seniň bagt şazadan indi ýok, ol indi seňki däl, sen indi ony unut"- diyän ýaly iňildeýän bolsa, sowuk damjalar: "Indi gözýaşlaryň derýa bolup aksa-da, peýdasy degmez - diýýän ýalydy.
Hakykatdanam meniň durmuşda bir gün hakykata öwrülmegine garaşan bagtymy indi hyýalymdanam ogurlapdylar, men ony indi hyýalymda hem bagt şazadam hasaplamaga hiç hili hakym ýokdy...
Gurbanmämmet MEREDOW.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.