Dünýäniň iň uly kitap ýarmarkasy
70 ýyldan gowrak wagt bäri ýylda 7 müňden gowrak neşirýat gulluklaryny, metbugat kompaniýalaryny, kitap satýan birleşikleri bir ýere jemleýän Frankfurt halkara kitap ýarmarkasy, ilkinji gezek onlaýn görnüşde guralar. Bu barada Germaniýanyň «Deutsche Welle» teleradiokompaniýasy habar berýär. German telewideniýesiniň birinji ýaýlymynda awtorlaryň çykyşlary göni ýaýlymda berlip, tomaşaçylaryň az sanlysynyň gatnaşmagynda ýazyjylar bilen söhbetdeşlikler guralar. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar Germaniýada şeýle kararyň kabul edilmegine sebäp boldy. Maý aýynyň ahyrynda, Frankfurt kitap ýarmarkasynyň baş direktory Ýurgen Boos forumyň esasan, Germaniýanyň öz raýatlaryndan ybarat bolan az sanly gatnaşyjylaryň bolmagynda ýönekeý formatda geçiriljekdigini mälim edipdi.
Mundan ozal, ýylda 300 müňe golaý myhmanyň gatnaşan Frankfurt kitap ýarmarkasy 14-18-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Frankfurt şäherinde we beýleki şäherlerde kiçiräk tanyşdyryş dabaralary, ýazyjylar bilen duşuşyklar, dürli maslahatlar göz öňünde tutulýar. Umuman, häzirlikçe 100 töweregi maksatnama meýilleşdirilýär. Wakalaryň köpüsini internet arkaly görüp bolar. Hususan-da, 17-nji oktýabrda, Frankfurt halkara kitap ýarmarkasynyň resmi saýty arkaly Don Winslowyň, Eliot Waýnbergeriň, Elizabet Gilbertiň, Olga Grýaznowanyň we beýleki ýazyjylaryň duşuşyklaryna tomaşa etmäge mümkinçilik dörediler. Ýarmarkanyň giňişleýin meýilnamasy forumyň resmi saýtynda mälim edildi.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.