Pederim

Hemişe eneleň ady ýatlanýar
Söz açylsa perzent hakda herdaýym
Olar bu ýatlama laýyk bolsa-da
Ýatdan çykarmalyň atalary hem.

Bir zat bolsa perzendine eneler
Gözýaş edip, ýürekleri daglaýar
Şol duýgyny geçirýärem ata-da
Emma ejizlemän syryn gizleýär

Aýdan pendi hakykata güwälik
Gowgasyz çagalyk tükenmez şalyk
Oguz han nesline synmaz arkalyk
Ata dünýäsine düşünmek gerek

Pederleň ýoluny dowam etmäge
Atalaryň terbiýesi özgeräk
Heňňamlar içre atalarymyzyň
Tebigatda ýaradylşy şeýleräk.

Amanowa L
15.05.2020 y
4 лайков 142 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
29 окт 2021, 14:54
Tuweleme şahyram bolupsyňa sen
Menden like+
Leyli Amanowa
Автор 29 окт 2021, 14:57
Mona Songz,
häzir yazamoga @Pegas "Gowsy taryhyňy oka sen" diyipdi
Enejan
29 окт 2021, 16:17
likee brawo
Maksat
29 окт 2021, 16:34
Berekella like?
Döwlet Şöhradow
29 окт 2021, 17:27
Oran ajayyp++