Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Baýlyga däl, imana ýoldaş bolsun,
Dünýäde ýamandan mydam daş bolsun,
Kyn günüňde azyndan syrdaş bolsun,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Goý, adyňa müňläp setir düzmesin,
Ýeke sözde barlygyny duýursyn,
Çyn dost bolup köňül taryň üzmesin,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Goldasyn elmydam dogry ýoluňda,
“Dost” diýip gezen köp sagy-soluňda,
Ýalňyşaýsaň dogryn görkezen bolsun,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Doýansoň, har deýin duzuň depmejek,
Goldap elmydama hiç wagt gitmejek,
Tutan bilegini asla bükmejek,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Aýlar Atajanowa
2 лайков 212 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
01 дек 2021, 22:29
Mona Songz,
yör ayt men-ä soramasalaram aydyan
Aýnur
01 дек 2021, 22:32
Цитата: Nairobi
Mona Songz,
yör ayt men-ä soramasalaram aydyan

Indimi?Islerin yenledimi habarlasmana elinem degenok oytyan su gunler:/.