Mekdebim..

Mekdebim.


Öñki adamlardan kim bar o taýda,
Ýaş hünärmen bolup gatnan mekdebim.
Diýip: «Halypalar sana goşaýsa»,
Çekine-çekine ätlän mekdebim.
Gurbany gitdigim, «Annagylyç», how,
Saña mañlaý diräp, geçdik ençe ýol,
16-nji mekdep,
ýanyñ bagt yol,
Şäher durmuşynda taplan mekdebim.
O günler geçipdir keýgiñ şahynda,
Galypdyr ýatlama huşuñ gatynda,
Şol döwrüñ gapysyn gülüp açamda,
Henizem göwnümi şatlan mekdebim.
Ýaşlygym–sarç atym,
hyjuwdan doly,
Saña sapylypdyr jigermiñ ýoly.
Göwnüme, henizem çagyrýan ýaly,
Zehinim peltesin otlan mekdebim.


0 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.