Saña ugratmaly sms-lerim.

Seni görenler maña "Göwnüñe laýygyny tapypsyñ" diýdiler.Diýdim:"Göwnüm neneñsi owadan eken!".
**********
Saña gijeleri "Düýşlerime gir!" diýmerin.Çünki,bar bolan zadyñ bolmagy islenmeýär.
**********
Asmany päk ýüregiñi ýatladýandygy,ýollary saña sary eltjekdigi,wagty senli günlere ýetirjekdigi üçin halaýaryn.
**********
Maña soñky sms-iñde "Näme işleýäñ?" diýipsiñ.Elbetde,hemişeki işleýän işimi.Sen hakynda pikirlenýärin.
**********
Dañdan oýanmak seniñ sesiñi eşitjekdigimi bilýänligim üçin,gije ýatmak "Gijäñ rahat bolsun!" sms-leriñi alýanlygym üçin ýakymly.
**********
Maña "Bagt näme?"diýip soranlara seniñ ýylgyrşyñy görkezmek isleýärin.

**********
"Haçandan bäri gijelerine ir ýatyp bileñok?" diýýäñmi?! Uzak däl,seni tanan günümden bäri.

**********
Güllere adyñy pyşyrdaýan,ýollardan ýanymda sen bar ýaly ýöreýän,aýnada garşymda sen duran ýaly bezenýän.

**********
Men sowuk günleri halamazdym.Sen dünýäme gireliñ bäri olaryñam lezzeti başga bolup duruberdi.Asyl men ýalñyzlykda geçen günlerimi halamaýan ekenim.
**********
Penjirelere,sahypalara adyñy ýazmakdan ýadamadym.Olar dagy nämejikmiş adyñ ýüregimde ýazylgy durka?

**********
Käte bimahal çagy saña jañ edip, "Alo"sözüñi eşdenimden soñ telefony öçüräýsem,geñleme!Munuñ ýeke-täk düşündirişi bar:Uklamazymdan öñ sesiñi eşitmek hoşuma gelýär.

**********
Maña ikimiziñ adymyz bile ýazylan kagyz bölejigini sowgat et.Iñ ýokarsynda "Toý çakylygy"diýip ýazylan bolsun!

Mahym Nurgeldiýewa.
15 лайков 1 075 просмотров
41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 08 май 2022, 17:06
Ogulşirin_Bayramowa,
Hiç-le.Dogruçyllygyña sag bol!
Resul
08 май 2022, 17:23
Kopusi manysyzlai
Resul
08 май 2022, 17:25
Mümkin,
Name 500 mb yetenokmy internetde artyaram ola. Internet zyyan diyiba saytdan ayrylanok tuweleme ?
Garabufer
08 май 2022, 20:50
Aslynda şu mowzugy okan oglanlara bir sowalym bar.Çynym bilen bilesim gelýär:
Halaşýan gyzyñyz size şeýle sms-ler ugratsa "Bul-a bir haýasyz gyz eken.Gyza gelişýärmi şeýle sözler" diýip,ondan daşlaşarmydyñyz ýa-da "Meni çyndanam söýýän eken.Üstesine-de ýazuw-pozuwa ökde" diýip ony öñküdenem güýçli söýermidiñiz?


"Meni çyndanam söýýän eken.Üstesine-de ýazuw-pozuwa ökde" diýip ony öñküdenem güýçli söýermidiñiz

Söymek söymezlik asla eliñde däl , hasam indi , peyda bar söygi bar , peyda yok söygi yok bolda, :( gynansakda
Söygiñ beyle yagdaynyñ göz bašy , Şasenem Garyp, Leyli Meźnun dessanlardan, we šol dessanlara meñzeš dessanlardan gaytdy .
Garyp Şasenemi nãme ūcin söyipdir, Belli zada , gyzyñ kakasy patja ,
Hâzir Abś patjañ gyzyny kim söymez diyyãñ ,( gazanc ūcin gidilyâle), tayyn ekleyji gyz abś da garašyp duran bolsa kim öyini taślap gitmesin Mežnun yaly , Perhadam dagda gezen bolupdyr , bir zat edip ynandyrmala , gyzam stadionyñ ygšyllap yatan,pūrsiz cayyr oty dãlã.zöhre tahyram şol
Bašda aydyšym yaly peyda bar söygi bar , peyda yok söygi yok
Garabufer
08 май 2022, 20:52
Yazuw pozuwynyñ meniñ durmušyma peydasy degse, ãhmiyetine görã söyerin , pocerki gyzyl cayylan bolanda nâme , peydasy bolmasa söymen ,hahaha
Garabufer
08 май 2022, 20:56
Halaşýan gyzyñyz size şeýle sms-ler ugratsa "Bul-a bir haýasyz gyz eken.Gyza gelişýärmi şeýle sözler" diýip,ondan daşlaşarmydyñyz

Yukorda aydyśym yaly , zenan peydasyz suwjaranok , yaha gurbanlykda gūlyūpek geyesi gelyãndir, yada uźe alandyr , (jorasy yada ejesi ,satyandyr,) indem suwjaryp , alaydym menâ diyjekdir , yada baśga peydasy bardyr .
Ya bir eden etmiši bardyr .muman aydañda , peydasyz suwjarlanok ,jopbajorajygym
Garabufer
08 май 2022, 21:04
Inni nâme diyjekkã diyerdim
Mümkin
Автор 09 май 2022, 05:33
Garabufer,
Aýdanlaryñ köpüsini prkol hasap edenim üçin jedelleşjek däl.
Söýgülim bolsa adamym bolsa baýramçylyklarda gülýüpegi şonsuzam äbermeli.Oña boýun alyk bolsunlar :)))
Garabufer
09 май 2022, 07:42
Mümkin,
Hilbir oglan isleyân welin , men oña mynasypmykam , özim nâmekâm yogsada , oglanam gyzam, dogulanda deń,yalañac dogulyar, deñ maśgala bolyar, ol tánsede mašgala pozulyar, men tânsemem mašgala pozulyar, bu hem , zenanyñ erkekden belent derekeli dãldigni, mašgalada dogulšumuz yaly deñ derejeli adamdygmyzy añladyar .
Şunda náme ūcin Söýgülim bolsa adamym bolsa baýramçylyklarda gülýüpegi şonsuzam äbermeli.Oña boýun alyk bolsunlar :))) diyen pikire gullyk edyärin , ol muña borcly dâl ahyry.


Diyip pikir edip gören zenan barmyka.
Garabufer
09 май 2022, 07:45
[/b][b]Mümkin,Aýdanlaryñ köpüsini prkol hasap edenim üçin jedelleşjek däl.
Her oyunyñ añyrsynda cyn yatyr.
Jedelleśere zat yok , jedelleşip diñe öziñi gunnaga salarsyñ.
Isleseñ jedelleš
Mümkin
Автор 11 май 2022, 03:39
Garabufer,
Men hakykatdanam özüme mynasyp oglany isleýärin.Kriteriýalarymda hiç haçanam öte geçme ýokdur.Bolup biläýjek,özüme kybap geljek zatlardyr hemmesi.
Ikisem deñdir ýöne özüm-ä baýramçylyklarymy ýatlajak romantik oglany isleýän durmuşymda.Edil şonuñ ýaly menem onuñ doglan gününi boş geçirmen.