Saña ugratmaly sms-lerim.

Seni görenler maña "Göwnüñe laýygyny tapypsyñ" diýdiler.Diýdim:"Göwnüm neneñsi owadan eken!".
**********
Saña gijeleri "Düýşlerime gir!" diýmerin.Çünki,bar bolan zadyñ bolmagy islenmeýär.
**********
Asmany päk ýüregiñi ýatladýandygy,ýollary saña sary eltjekdigi,wagty senli günlere ýetirjekdigi üçin halaýaryn.
**********
Maña soñky sms-iñde "Näme işleýäñ?" diýipsiñ.Elbetde,hemişeki işleýän işimi.Sen hakynda pikirlenýärin.
**********
Dañdan oýanmak seniñ sesiñi eşitjekdigimi bilýänligim üçin,gije ýatmak "Gijäñ rahat bolsun!" sms-leriñi alýanlygym üçin ýakymly.
**********
Maña "Bagt näme?"diýip soranlara seniñ ýylgyrşyñy görkezmek isleýärin.

**********
"Haçandan bäri gijelerine ir ýatyp bileñok?" diýýäñmi?! Uzak däl,seni tanan günümden bäri.

**********
Güllere adyñy pyşyrdaýan,ýollardan ýanymda sen bar ýaly ýöreýän,aýnada garşymda sen duran ýaly bezenýän.

**********
Men sowuk günleri halamazdym.Sen dünýäme gireliñ bäri olaryñam lezzeti başga bolup duruberdi.Asyl men ýalñyzlykda geçen günlerimi halamaýan ekenim.
**********
Penjirelere,sahypalara adyñy ýazmakdan ýadamadym.Olar dagy nämejikmiş adyñ ýüregimde ýazylgy durka?

**********
Käte bimahal çagy saña jañ edip, "Alo"sözüñi eşdenimden soñ telefony öçüräýsem,geñleme!Munuñ ýeke-täk düşündirişi bar:Uklamazymdan öñ sesiñi eşitmek hoşuma gelýär.

**********
Maña ikimiziñ adymyz bile ýazylan kagyz bölejigini sowgat et.Iñ ýokarsynda "Toý çakylygy"diýip ýazylan bolsun!

Mahym Nurgeldiýewa.
15 лайков 1 075 просмотров
41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
07 май 2022, 19:19
Kesellapsin? Are bersek senem sag aman shlyapa
Senyorita.
07 май 2022, 19:55
Like.Bu sms-leriň eýesi şu duýgularyňyza laýyk bolup duýguly dünýäňize hoş gelsin!
Mümkin
Автор 07 май 2022, 20:07
senyorita.,
Arzuwyñ has dogrusy,ikimiziñem arzuwy hasyl bolsun!
wordless
07 май 2022, 20:45
Chelsea, ondan öň sen öýlen ilki, sen açylar ýaly keselden.
Chelsea
07 май 2022, 21:08
wordless,
3nji cagam bolya basym
wordless
07 май 2022, 22:05
Chelsea, wah käşgä...
gyz yzarlap ýörmezdiň
Hiayress
07 май 2022, 22:20
Duýgulandyryjy setirler. Berekella!
Mümkin
Автор 07 май 2022, 22:40
Hiayress,
Bäh! Gözüme görünäýdimikä? Siz romantizmi halaýarmydyñyz jora?! :)
Dogrusy,iñ ýañsyly sözleri sizden eşderin öýdýärdim.
Minnetdar!
Aýnur
07 май 2022, 22:42
Başda okamana ýürek bolmady, ýöne şondada okadym . Gowy ýazylypdyr )) +
Mümkin
Автор 07 май 2022, 22:46
Mona Songz,
Minnetdar!
Näme üçin ýürek bolmady?
Garabufer
07 май 2022, 23:05
Has suwuklaram bar-la gyyy daway seryoznyšalyñla ,
Garabufer
07 май 2022, 23:06
Dilewar oglandan âr bolar ,
Dilewar gyz , baša bela bolar .

Diyip pikir edyãn .
Garabufer
07 май 2022, 23:08
Gyzyñ iñ gowy,owadan döwri, dogulanyndan iki yaşynça


Soñ geplãp bašlayar :)
Garabufer
07 май 2022, 23:16
Men siziñ tema acmagñyza sabyrlylyk bilen garašypdym ,
Mūñkin şugūn acar
Mūñkin erte acar

Ahyram acdyñyz , arman tema däl .suwuk söz toplumy .


Onnada elleññeñūllörwssn , bagtdl wol.


Maña "Tema näme?"diýip soranlara senden garašan temalarmy görkezmek isleýärin.




(Maña "Bagt näme?"diýip soranlara seniñ ýylgyrşyñy görkezmek isleýärin).
wordless
07 май 2022, 23:48
Garabufer, býähh..))
Aýnur
08 май 2022, 00:18
Mümkin
Mona Songz,
Minnetdar!
Näme üçin ýürek bolmady?

:)
Chelsea
08 май 2022, 02:08
wordless,
Kimi yzarlapdyryn?
Mümkin
Автор 08 май 2022, 03:19
Garabufer,
Gynandyrdyñlaýwara.
Garabufer
08 май 2022, 05:58
Mümkin,nâme gynandyñ beyle, gaytam begendà ,śeyle okujyñ barlygna , senniwöljögamen :) yagny temalaryñ ūcin ,



Yogsada nãme ūcin gelmediñiz , görinmediñiz , janyñyz sagmy .Salamlašmandyrsam , Salowwaleykim hahahahah
Mümkin
Автор 08 май 2022, 07:30
Garabufer,
Salam!
Men diýip,ýagny temalarym diýip ölýäniñi öñem eşitdim bir jora gyzdan :)
Gynananym,suwjuk hasap edeniñe gynandym.Men bu sözleri gaty romantik hasap edipdim.
Görünmänimiñ sebäbi hemişeki bolşy ýaly aýlyk ulanýan 500 mgbtym gutardy.Onsoñ täzesi açylýança girmedim.
Mümkin
Автор 08 май 2022, 09:04
Aslynda şu mowzugy okan oglanlara bir sowalym bar.Çynym bilen bilesim gelýär:
Halaşýan gyzyñyz size şeýle sms-ler ugratsa "Bul-a bir haýasyz gyz eken.Gyza gelişýärmi şeýle sözler" diýip,ondan daşlaşarmydyñyz ýa-da "Meni çyndanam söýýän eken.Üstesine-de ýazuw-pozuwa ökde" diýip ony öñküdenem güýçli söýermidiñiz?
Chelsea
08 май 2022, 09:33
Halardym, halayanam shlyapa
Margarita
08 май 2022, 10:54
Duýguly setirler. Çeper ýazylan, owadan pelsepeler. Ajaýyp oýlanma.
Kalp doctory
08 май 2022, 11:23
aglaya berekella yaman romantikle
Durmush
08 май 2022, 12:45
Okajakgäleý hiçisini sen smslerinden bize näme?
Ogulşirin Bayramowa
08 май 2022, 15:30
Hm bäh, gaty görme welin, birazjyk, çümmüjik gereksizräk ýaly..
Garabufer
08 май 2022, 15:44
Mümkin,Gynananym,suwjuk hasap edeniñe gynandym.Men bu sözleri gaty romantik hasap edipdim.

Ikimiz bir zat diyyâs aslynda.


18 yašda,,,, romantik,, bolup görinyân söz,sözlem hereket .


Yaśyñ gitdikce suwjukluk bolup görinyâr.

18 yaśda romantika,ondan uly yaśda suwjuktika
Garabufer
08 май 2022, 15:46
Bárde ters zat yok , herkim yaśyna, görâ, yada yaśyndaky pikirne görã seredyâr , söl bir zada
Garabufer
08 май 2022, 15:49
Görünmänimiñ sebäbi hemişeki bolşy ýaly aýlyk ulanýan 500 mgbtym gutardy.Onsoñ täzesi açylýança girmedim.


Islege görá konsert yokmy , megebayt gutarsa , yene-de alsak náderkâ ?
Mümkin
Автор 08 май 2022, 17:04
Garabufer,
Meñ bir endigim bar.Mgbt gutarsa asla täze alamok.500 mgbt meniñ özüme goýan internet serhedim.Şol serhedi aşmaly däl.Muny hem-ä aşa internetiñ zyýandygy hemem öz erkliligimi synamak üçin edýän.