Men Ýusup däl
Men Ýusup däl. Men Ýusubyñky ýaly düýşem göremok. Ýusubyñky ýaly kakam Pygamberem däl. Men Ýusup däl, şonda-da doganlam meñ ölmegmi isledi. Menem ýençdiler.Suwa-salma. Özüm gitdim dogtara. Ölmek isledim. Gitmän ölüme-de garaşyp bilerdim. Ýöne tüýs ýaşamaly ýaşda ölesim gelmedi. Gorkdym. 83% çişip-ulalypmyş ýüregim. Ýarylaýmak ähtimallygam bar ekeni. Ýarylmandyr. Menem ölmändirin. Henizem dükanlardan ýazga iýip-içip ýörün. Kowulanlarymam bar. Düşen guýym has çuñ. Üssinden azaşyp geljek kerwen ýok. Äkidip Müsüre satjak Kerwanbaşy ýok. Maña Müsür ýok. Intizar Züleýha ýok. Meñ gelmegime sabyrsyzlyk bilen garaşýan tagt ýok. Men Ýusup däl...
©ÖTEGÇI 2.IÝUL.2022 12:45
©ÖTEGÇI 2.IÝUL.2022 12:45
40комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.