Men Ýusup däl

Men Ýusup däl. Men Ýusubyñky ýaly düýşem göremok. Ýusubyñky ýaly kakam Pygamberem däl. Men Ýusup däl, şonda-da doganlam meñ ölmegmi isledi. Menem ýençdiler.Suwa-salma. Özüm gitdim dogtara. Ölmek isledim. Gitmän ölüme-de garaşyp bilerdim. Ýöne tüýs ýaşamaly ýaşda ölesim gelmedi. Gorkdym. 83% çişip-ulalypmyş ýüregim. Ýarylaýmak ähtimallygam bar ekeni. Ýarylmandyr. Menem ölmändirin. Henizem dükanlardan ýazga iýip-içip ýörün. Kowulanlarymam bar. Düşen guýym has çuñ. Üssinden azaşyp geljek kerwen ýok. Äkidip Müsüre satjak Kerwanbaşy ýok. Maña Müsür ýok. Intizar Züleýha ýok. Meñ gelmegime sabyrsyzlyk bilen garaşýan tagt ýok. Men Ýusup däl...

©ÖTEGÇI 2.IÝUL.2022 12:45
8 лайков 482 просмотров
40комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
wordless
02 июл 2022, 12:47
Menem iki gezek ölümden gaýtdym...
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 12:51
wordless,geçdigi bolsun.
Iñ uly gazanç ýaşamak. Ýaşaýyşda, çykmadyk janda umyt bar...
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 12:52
janulia_mmm, ýokarky jogap, size de laýyk onda:) ýaşasyn ýaşaýyş!
wordless
02 июл 2022, 12:54
Ötegçi, sagboluň.

Laýf kaýf :)
Pegas
02 июл 2022, 12:57
Gaty gowy. ???
Telwas
02 июл 2022, 12:58
Özüm gitdim dogtara. Ölmek isledim. Gitmän ölüme-de garaşyp bilerdim. Ýöne tüýs ýaşamaly ýaşda ölesim gelmedi.

Şu ýerde sözlemiň gurluşy ýalňyş ýaly.
Ölmek isläp dogtara gideniňizi aýdýaňyz. Dogtara ölmezlik üçin gidilýärdi dälmi? :)
Soňam ölesiňiz gelmedigini aýdypsyňyz.

Sözlem ýalňyş ýa dogry bolsa-da, men siziň näme diýjek boňýandygyňyza düşündim. Ýaşaýanyňyza, biziň aramyzdadygyňyza şat.

“Bu bir durmuş. Munda kän zat bolup dur…”

Şükür edip geziberiň. Çykmadyk janda umyt bar.
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 13:01
Pegas, sagbol?
wordless
02 июл 2022, 13:02
Hat-da şo doktorlar kakama aýdanlarynda, onuň aglaýşyny bir görsediňiz.. meni ýitirmekden gorkup..(((
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 13:03
Nirvana, ölesi gelýä ýone olumden gorkusyna dogtara gidýä-dä..
waka meñ başymdan geçmedi. Wakany başyndan geçiren kişi Ýusubam tananok Müsürem. Men adamlara umyt bermek isleýän. Ýöne umyt bermekde umytdan düşip ýazdym muny. Sebäbi ol Ýusup däl...
Margarita
02 июл 2022, 13:04
Diýmek, uzak ýaşajaksyňyz. Gijeden soň, gündiz bolýa. Soňy haýyrly bolsun.
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 13:06
wordless, sizi ýitirmekden gorkýan kakañyzyñ barlygna her demde şükür etseñizem azdyr. Meñ hekaýamdaky gahrymanymyñ kakasam ýok...
wordless
02 июл 2022, 13:07
Ötegçi, dogry ☹️
Suleyman
02 июл 2022, 13:12
Umytsyzlyk şeýtana ýaraşar. Gabyra girýänçäň göreşmeli.
Mahremcynar
02 июл 2022, 13:13
Ogry aytyaň
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 13:18
Dark_Wolf, howwa, ýöne dogansyz söweşe girmek ýaragsyz söweşe girmekdir diýipdirler..
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 13:19
Araplar
Esma
02 июл 2022, 13:39
Sapa Hommadyň " Ilki geda soňra şa bolan Ýusup, däl men" diýen setirleri ýadyma düşdi.

Ýöne "ýaşaýamyň göreş!" diýileni.
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 13:44
Esma, diýdiñ wln meñem ýadyma düşdi:) pikir ogurlan ýaly bolup gitdim :l
Esma
02 июл 2022, 14:08
Ötegçi,
Ýok-la, şeýle ýaly görünse-de tüweleme, giňişleýin düşündirişli gowy ýazypsyňyz.
Esasy ýazmak, pikirlendirip bilmek pikirimçe.
Esma
02 июл 2022, 14:13
Indi şeýle bir manyly ýazgylary ýazsaňyz adyna ,(ýöne maslahatym) "Ötegçiniň ýazgylary" diýseňiz gowy gelşerdi. Nik adyňyza göräde bolýar. :))
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 14:26
Rigel, biz çagakak bir ýerimizi agyrtsak ejem elewrärdi. Kakam: "hiç zadam däl" diýerdi. Kakalaram ejelerden köp alada etmese az alada edenok. Ýöne olar aladasyny içinde saklaýar.
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 14:27
Esma, bolýa, gowy maslahat indikide, nesip bolsa:)
Ötegçi,
yasamaga howes bolsa yasarysdaa :(
Harmony
02 июл 2022, 17:20
Gysga we manyly tüweleme. Üstesine az sözler bilen giden adamyň ýüreginden ädikli ýöräpsiňiz.
Hemem "Ötegçiniň ýazgylary" çyndanam gowy nahodka))
Çeper eserlerdäki ýaly...
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 17:50
janulia_mmm, içiñde janyñ bolsa o höwesi özüñ özüñe döretmelimikä diýýän:)
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 17:51
Granger, sagbol! (Näme üçin şypbykly, krasowkaly ýa joraply däl ädikli(ädigi ep esli ýyl bäri geýip görmänimi ýatlatdyñyz:))
Gauzen
02 июл 2022, 19:11
Ötegçi
Granger, sagbol! (Näme üçin şypbykly, krasowkaly ýa joraply däl ädikli(ädigi ep esli ýyl bäri geýip görmänimi ýatlatdyñyz:))

Iň soňky gezek gullukda diýýäňmi ;))
Ötegçi
Автор 02 июл 2022, 19:16
Gauzen, juk:D hany petde petde gar ýagypdy, şonda gapyny arassalamak üçin:))
Harmony
02 июл 2022, 21:34
Ötegçi
Granger, sagbol! (Näme üçin şypbykly, krasowkaly ýa joraply däl ädikli(ädigi ep esli ýyl bäri geýip görmänimi ýatlatdyñyz:))

Şypbygam ýazjak boldum soňa)