“Arşy hakyda” sonetler çemeninden

Ýa boýnumy sogruň ýa-da ýüregim,
Men bir dutar, üzülipdir kirişlem.
Ýalan dünýä ýalanlara bürenen,
Çynym barka ýalan içre erişmen.

Ganat bilen uçmak guşlara mahsus,
A ganatsyz uçmak adama adat.
Ataşdan kül bolup uçarmyş kaknus,
Ýanmaýanyň üçin yşkyňa dat et.

Sowuk şemal bedenimi üşeder,
A sowuk bakyşlar ýakar bagrymy.
Arş üstünde pyşyrdymy eşiden,
Öz-özüme gazdyrmawer gabrymy.

Wada beriň gabrym gazmazlygyma,
Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma.



Eziz AMANNAZAROW
19 лайков 671 просмотров
43комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Owrenyan
16 фев 2023, 16:54
Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn
Durnalaryň setirinde okaýan.
Ýetmiş ýyllap aýra düşen mysaly,
Çygly ota kükregimi oýkaýan.

Bag astynda göge garap ýatyryn,
Düşek edip ýaş maýsaly topragy.
Barmaga gök ýuwa sarap ýatyryn
Men — dünýäniň daragtynyň ýapragy.

Unudýan özümi. Unudýan bada.
Ýaşyl tebigata siňýän-de gidýän.
Baky tebigatda,
Baky dünýäde,
Özümi gül, toprak, maýsadyr öýdýän.

Juda ir höwrükdim ýaşyl baglara,
Sähranyň üstünden öwsen şat ýele.
Şoň üçinem gussa batan çaglarym
Keselmi bejerýän tebigat bile.

Garylýan dünýäniň baky sazyna,
Deňiz bolup güwwüldeýän, güňleýän.
Goşulyp baldaklaň ýaş owazyna
Hiç wagt kesellämok,
Hiç wagt ölmeýän.

Adam ölüm diýip tapypdyr bir zat,
Ölüm näme?
Tebigata garylmak,
Bahara gül bolup getirmek şöhrat
Daň-säherler pyntyk bolup ýarylmak.

Dostlar näme,
Giden günüň atlarlar,
Birnäçe gün seni ýatlar-köýerler.
Çyn ýürekden köňüllerin daglarlar
Soňra?
Soňra aglamasyn goýarlar.

Ýöne ýyllar geçip, üýşüp deň-duşlar
Gök otuň üstünden basanda gadam
Otlar olaň aýagyna çyrmaşar,
«Saklan! — diýýän ýaly — mähriban adam.

Keýpiňiz neneňsi? Barmydyr bir tap?
Gezip ýörmüsiňiz başlarynyz jem?!»
Emma şol otlaryň ýüzüne garap,
Mendigimi bilmez olaň birisem...

Gurbannazar Ezizow
Gerceknazar
16 фев 2023, 18:41
Waheý familiýadaşam eken .Jaýy jennet bolsun.
Kerbaba
16 фев 2023, 18:44
ViolinisT,Китапчы сайтында бар ялы бейлеки гошгуларам. Менде ачылмады йоне.,сиз барлап горайин.
Karkara
16 фев 2023, 19:28
ViolinisT
Ajal, mazar sözleri köp içinde beýleki goşgularam şeýlemikä?!

GIÇ
Meň sözlermi diňlejegem bolma ýar,
Menden saňa, senden maňa peýda ýok.
Maňa menden sowlan tupan gargaýar,
Şol tupanda aýdym aýtjak şeýda ýok.

Tozan basdy Aşgabadyň depesin,
A men otla mündüm, otlap kalbymy.
Sen bilýänemdälsiň sary keteniň
Neçün geýdiň, gyra zyňyp gülgüni?

Köýnegňi, şol toý günüňde geýmeliň,
Men habarly, sen habarsyz bulardan.
Sen aglaman düşün aglap aýdanma,
Garaşmagyň giç bor gaýdyp gelerden.

Hem gül ýaňagymda seniň kebelek
Dodaklaňdan alynmadyk posalar,
Şol gülgün köýnegiň sary öwsende,
Şol toýuňda aýdylmajak tost olar.

Şyk-şyk. Otly gaýtdy peýdasyn alyp,
Tozan basdy Aşgabadyň depesin.
Posalarňa jogap bolmaz şonda-da,
Öp, mazarym, gelýän bolsa öpesiň.

Eziz Amannazarow.
Yusup
16 фев 2023, 19:43
Yash olen bolsa goshgularyndan chen tutsan onkologiya keseli bilen kesellane menzeya. Yatan yeri yagty bolsun
Gauzen
16 фев 2023, 22:01
Imany hemra bolsun.
Aýgül Ýazweliýewa
17 фев 2023, 03:05
Gynandym gaty gynandym, jaýy jennetden bolsun??
kesirkelle
20 фев 2023, 17:08
Bokurdagym, gözim dolup... özimi zordan sakladym(işdedim) näme diýjegiñi biler ýaly dal...ýatan ýeri ýagty bolsun...
kesirkelle
20 фев 2023, 17:09
Yzyndakylara Alla sabyr bersin
kesirkelle
20 фев 2023, 17:25
Näme bolup ýogalypdyr mollym?!.
Pegas
Автор 20 фев 2023, 17:46
kesirkelle
Näme bolup ýogalypdyr mollym?!.

Özüni heläkläpdir.
kesirkelle
20 фев 2023, 17:50
Alla sabyr bersin ene-atasyna...
kesirkelle
20 фев 2023, 17:52
Gynanydrýan ýeri ölüp-ýitip ýok bolup gideñsoñ aýdýalar ruhyña goltgy bolaýjak sözleri...