24

EZIZ AMANNAZAROW 1999-njy ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäherinde doguldy.
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda biwagt aradan çykdy.



Esma Esma on № 7 16 февраля 2023 09:35

Ýa boýnumy sogruň ýa-da ýüregim,
Men bir dutar, üzülipdir kirişlem.
Ýalan dünýä ýalanlara bürenen,
Çynym barka ýalan içre erişmen.

Ganat bilen uçmak guşlara mahsus,
A ganatsyz uçmak adama adat.
Ataşdan kül bolup uçarmyş kaknus,
Ýanmaýanyň üçin yşkyňa dat et.

Sowuk şemal bedenimi üşeder,
A sowuk bakyşlar ýakar bagrymy.
Arş üstünde pyşyrdymy eşiden,
Öz-özüme gazdyrmawer gabrymy.

Wada beriň gabrym gazmazlygyma,
Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma.

2.

Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma,
Ýa ruhumy ýagyşlara siňdiriň.
Ataş içre zemin gyzmazlygyna
Ol nur bilen ene Ýeri emdirer.

Asman kelamy deý gaçar gözüme,
Hem göreç sözüne meňzär ýagyşlar.
Munda Ýeri, Gögi ýalňyz özüme
Deň paylap bilmänim üçin bagyşlaň

Ýürekleriň kiri ýere döküldi,
Batga basan toprak döndi melege.
Aydyňlaşdy guş awlanlar ökündi,
Guşlar dönen eken gara ýelege.

Hakykat guşuna dönjek ýüregim,
Pozup bilsem ýalanlary görenim.

3.

Pozup bilsem ýalanlary görenim,
Ýene ýalan ýagar gar deý maýdalap.
Galar iki gezek ömür sürenim,
Ajal bolsa janym almaz gaýtalap.

Asman gümmezinde ýyldyzlar nagyş,
Yedi oyum zemin jyklar selmeden
Häzir mazaryma damyp dur ýagyş,
Içinde men, a men nädip ölmedim!

Gijeler – dost, gündizlerim – söýgülim,
Gözüm göge, gögem gözüme gaçýar.
Gije tutaşmalym, gündiz köýmelim
Iki bolup gökden ataşyn saçýar.

Ynan gögüň gözden syzlandygyna,
Güwä geçjek çynlaň pozlandygyna.

4.

Güwä geçjek çynlaň pozlandygyna,
Ýerden göge syryganda elip, bi...
Bir bölek kerpije ýazlandygyma,
Wah, bilse-de ynanmaz ol epip bil.

Şonda käbäm gan ýyglasa näderin,
Bilermi ol bu ahwala gyýylman!
Iki göze sygan müňläp adamyň
Ýeke ömre sygmanyna uýalýan.

Mazarymdan yşgym çykar bugaryp,
Ömrüm bolup kabul eder yagyşlar.
Käbäm yzlar ýalňyz galan gugaryp,
Arman meni tanar eken agaçlam.

Damjalarda täsin kanun görünýä,
Ygtyýar ýok höküm edere dünýä.

5.

Ygtyýar ýok höküm edere dünýä,
Möhürim ýok aýagyzymdan başga.
Asmanyň gözýaşy Zemine siňýä,
Siňmeýär, sygmaýar tylladan köşge.

Gözýaşymy gögüň gözýaşy gizlär,
Zemin gorkar damjaň daliliginden.
Ajal şatlygymyň içinden gözlär,
Emma hasratymyň läligidim men.

Geçmiş öňe, geljek yza dyzaýar,
Ýazgyt ýazlan bolsa, nämemiş erkim!
Bakylyk ajala okun gezeýär,
Ajala-da ir-giç boýundyr her kim.

Şalar içre galaýsam-da ýeke men,
Kişä gul däl, borjum agdyk depeden.

6.

Kişä gul däl, borjum agdyk depeden,
A men heniz iki depeden bärde.
Iki ömri doldurmaly ýeke men,
Biri-hä şu ýerde birisem görde.

Ýeri, Gögi bir özüme paýlaman,
Meni paýlaşdylar, ikä bölündim.
Men aglap bilmändim göwne jaýlaman,
Hem ýalan gülmänim üçin güýlündim

Uçmah gözläp uçmak ýalňyş däl, belki,
Oňa ýerde duşmak bagtyň çürbaşy.
Ýagtylmaga ýanmak gerekdir ilki,
Çünki ataş yşgyň ýalňyz syrdaşy.

Ömür aýna. Kalp yşyga bürenýär,
Yşgyň huzurynda yşgym görünýär.

7.

Yşgyň huzurynda yşgym görünýär,
Ol ynsana artyk, asmana kemter.
Bagyş etmeseň derdi üste sürünýär,
Dözmedigiň bolsa mazara elter.

Niçik dözeý, ylym kemter, yşk zyýat,
Sepil ömrüm urunyp ýör ikiýan.
Baş alyp çykandan galmasa zürýat,
Ysnatdan çykarmy aýat okaýan!

Arşyň gözýaşyndan döreýär gülzar,
Ýylgyrşyn islemek nebsewürlikmi?
Gülzary näderem, gül berme gül ýar,
Nebsi gurban edeýin men buýrukly.

Bilmen haýsy söýgülimi öpe men,
Dünýä iki, yşgym bilen ýeke men.

8.

Dünýä iki, yşgym bilen ýeke men,
Aglap-diňýän, ýöne derdim diňmeýär.
Ses-sedasyz aglap, bili bükülen
Eneleň gözýaşy ýere siňmeýär.

“Eýse, menden başga nämäň bar, eje,
Mende näm bar dertli ömrümden başga!
Saňa kän gördüler ogluň ýekeje
Maňa ömrüm kän gördüler, bagyşla...”

Diýip, elewreýär, urunýar ýürek,
Giç eşdiler ir agysy zeminiň.
Maňa käbäm bilen täk yşkym gerek,
Emma nirde galdy olaň ezizi!

Hem şükür, hem puşman dünýä gelenim,
Çarhyn döwüň ömrümiň ýa pelegiň!


9.

Çarhyn döwüň ömrümiň ýa pelegiň!
Ýogsa, berjek galan ömrüm asmana.
Hassa şypa bergil, hergiz dilegim,
Jany sagy goýma hassa ahwala.

Ölüm üçin ajap taýýarlyk ömür,
Pany bilen bakylygyň serhedi.
Şum pelegiň çarhyn tersine öwür,
Ýogsa ähli serhetlerem berkedi.

Iki tarapy-da ataş büräpdir,
Şükür, otdan gaçyp, ataşa düşdüm.
Yşk oduna yşgyň gary eräpdir,
Buga dönüp, serhet perdesin deşdim.

Dowzah ýeri ýakar, yşk bolsa arşy,
Durup bilmez ataş ataşa garşy.

10.

Durup bilmez ataş ataşa garşy
Ony gözýaş tutaşdyrar, öçürer.
Ýürek aglamasa titredip arşy,
Yşkyň syrly manysyny gaçyrar.

Jeset içre ruh çyrpynar, örtener,
Ötegçiler eştmez çakylygyny.
Täk gubura goşa taýak dürtüler,
Biri pany, biri bakylygymy?

Ömür ölmek üçin ýeser bahana,
Ölüm merde serpaý, ejize jeza.
Men gelmedim ýaşamaga jahana,
Hem ýaşanym üçin çekmedim yza.

Ähli günälermi ötüň, dilegim,
Saklamaga derek ajal bilegin.

11.

Saklamaga derek ajal bilegin,
Paýlaň yaşap ýetişmedik ömrümi.
Urbalyk ediniň bürgüt ýelegin,
Ölçemäň-de erkinligniň göwrümin.

Garşy alsalar-da güler ýüz bilen,
Duýýan käbirinden öýkelänimi.
Pelek bilýärmika iki ýüzlüleň
Özüniň agzyna öýkünýänini?

Kalpda ynam barka, Hakda adalat,
Hukuk barmy öýkeläre Hudaýdan?!
Yşkda halat, garasmakda ybadat,
Nazar inçe çekilipdir Gün-Aýdan.

Gözlerime arşyň şol garap durşy,
Deşiň mazarymy, synlaýyn arşy.

12.

Deşiň mazarymy, synlýyn arşy,
Hem giňiräk gazyň arşyň sygarna
Syzýan onuň maňa garaşyp durşun,
Uçaýyn nebsimiň basyp garagna.

Yşk-ataş, yşkdany kiçijik ýürek,
Ýol berer çyn içre erişmelerde.
Ýaşamaklyk üçin ölmeklik gerek,
Biz kim, ölýär eken perişdelerde.

Dert nämemiş, kä bagt boldy owarram,
Şeri-haýry haýyrlysy eýlesin.
Ömür tapar hakykaty dogurlan,
Mazar tapar ýeri çöwren beýlesin.

Nur içinde galar gözýaşly dide,
Dowzahyň daşynda çyn hem akyda.

13.

Dowzahyň daşynda çyn hem akyda,
Ýanýar şahdan gaçan şaryň içinde.
Ölmeý diýseň, yşky keman-ok ide,
Yzasy ýeg lezzet içre geçenden.

Ýer keşbin ideglär, asmana bakar,
Gök ýyglaýyr, yşkdan başga derdi ýok.
Toprak dözmez, dözse, perdäni ýakar,
Zemin üzre bizden başga perde ýok.

Harplar uçar kalplaň uçmagna derek,
Ýumurmaga yşgy ýeter elibiň.
Çynlar bilen pozlup gitmegmiz gerek
Wadasyna ýetmek üçin Jeliliň.

Arşa sary gaýýar goşa sahypa,
Jennetiň daşynda arşy hakyda.

14.

Jennetiň daşynda arşy hakyda,
Eýmenermi eýse ataş ataşdan!
Arşa çyksaň galpdan gaçyp, hak ideý,
Biz tarapdan salam diýgil sataşsaň!

Onki synam, ömrüm, örküm, bagyşlaň,
Gökden gözýaş bolup indim Zemine.
Hakydany, akydany ýagyşlar
Habar berer dem ahyrda henizem.

Dowzah, jennet, asman, pelek, gum, melek,
Güýjüm alyp, güýç eçildi gaýtalap.
Yşgymyň göwnüne degmäge derek,
Ýa bagyşlaň ýa gaýtalap paltalaň.

Ýa galamym döwüň, ömür süreýin,
Ýa boýnumy sogruň, ýa-da ýüregim.

MAGISTRAL

Ýa boýnumy sogruň, ýa-da ýüregim,
Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma.
Pozup bilsem ýalanlary görenim,
Güwä geçjek çynlaň pozlandygyna.

Ygtyýar ýok höküm edere dünýä,
Kişä gul däl, borjum agdyk depeden.
Yşgyň huzurynda yşgym görünýär,
Dünýä iki, yşgym bilen ýeke men.

Çarhyn döwüň ömrümiň ýa pelegiň,
Durup bilmez ataş ataşa garşy.
Saklamaga derek ajal bilegin,
Desiň mazarymy, synlaýyn arşy.

Dowzahyň dasynda çyn hem akyda,
Jennetiň daşynda arşy hakyda.


BAŞA BARMADYK WESÝET

Öz ilimden gum getiriň,
suw getiriň,
gül getiriň!
Gumdan tumar ýasap boýnumdan
asjak,
Suwy şu ýat ýurduň uly howzuna,
Bir damja damdyrjak, aby-zemzem deý
Goý, öwrülsin suwlar meň öz suwuma.
Ruhum öwrülýänçä arzuw guwuna,
Gandyrmaz suwumdan ganmaýyn içip,
Her owurtda ruhum ýurduma uçup,
Küren obalarmyň süýji tüssesin,
Sähramyň owadan ajy gussasyn,
Sorap enelermi, sorap hassasyn,
Öz ilimiň, öz güllermiň dessesin,
Ýygyp, synlap, gam çekip gelsin
göwnüm,
Derdime dert bersin ol mertlik bilen,
Şol owurdy aňsat geçiren düwnüm.

Ruhum öwrülensoň arzuw guwuna,
Jesedimi ýuwuň meň öz suwuma,
Boýnumdaky tumaryň bagyn söküp,
Gumum sepiň mazarymyň gumuna.
Baş daşyma adymy däl, ýurdumy
Ýazyň,
Gum içinde dyzlam epmesin.
Hem goýuň başyma özge gülden däl,
Öz ilimden gelen güller dessesin.

Taňrym, meni jennetde ýa dowzahda
Goýma, parhy nä meň nirde ýatanym.
Halas et ýurdumy mensiz goýmakdan,
Jennetimdir meniň eziz watanym.

Öz ilimden gum getiriň
Suw getiriň,
gül getiriň,
Meni jennetden öňürti,
Beýik Watanma ýetiriň!


GIÇ

Meň sözlermi diňlejegem bolma ýar,
Menden saňa, senden maňa peýda ýok.
Maňa menden sowlan tupan gargaýar,
Şol tupanda aýdym aýtjak şeýda ýok.

Tozan basdy Aşgabadyň depesin,
A men otla mündüm, otlap kalbymy.
Sen bilýänemdälsiň sary keteniň
Neçün geýdiň, gyra zyňyp gülgüni?

Köýnegňi, şol toý günüňde geýmeliň,
Men habarly, sen habarsyz bulardan.
Sen aglaman düşün aglap aýdanma,
Garaşmagyň giç bor gaýdyp gelerden.

Hem gül ýaňagymda seniň kebelek
Dodaklaňdan alynmadyk posalar,
Şol gülgün köýnegiň sary öwsende,
Şol toýuňda aýdylmajak tost olar.

Şyk-şyk. Otly gaýtdy peýdasyn alyp,
Tozan basdy Aşgabadyň depesin.
Posalarňa jogap bolmaz şonda-da,
Öp, mazarym, gelýän bolsa öpesiň.

O JAHANDAN GELÝÄN

...O jahandan gelýän,
Ýokdan, bardan,
Janlaň sesinden,
Gözýetimiň sepinden,
Dünýäň çetinden,
Ýandagyň gülünden gelýän,
Bägüliň tikeninden,
Nebsiň zeýinden,
Arşyň meýinden,
Gözleň teýinden gelýän.
-- Ha-ha-haý, däli, nirä barýaň?
-- Gelýän ýerime barýan.

HAKYKATY GÖZLEDIM

Aýyplaşmaň, hakykaty gözledim,
Ýalan, ýalan,
Ýadadym ýalanlardan,
Ol ýalan, bu ýanan,
Dowzaha zat galmady,
Durmuşdan ýananlardan.

Sen çilim däl, gussa çekýäň,
Şemal çekýär tüssäni.
Jennet gözläp sorap barmaz,
Agyr ýatan hassany.
Ol ygyp ýören çaga kim,
Kimkä onuň hossary.
Ýer horlandy halys dertden,
Derde goýup asmany.
Ýalan däl, dogruçyl ýazjak,
Diýseň eger dessany,
Otdan lagymlardan ýaňa,
Ne çykar galamlardan.

Ýalanlary dogrulajak,
Ýananlara ýanjak bolsaň,
Ýa-da hakykaty tapman,
Ýalan bilen oňjak bolsaň,
Aýak bilen gyzylda-da,
Durman gabra eňjek bolsaň,
Ýagşylyga "sag bol" diýip
Baryn ýere gömjek bolsa,
Goý, munda çyna ýanaly,
Aldanmaly ýalanlara,
Belki, onda dowzah ýokdur
Hakykata ýananlara.

GUM PERDE

Eje, diňe aramyzda zemin bar,
Ýogsa, bir-birekden daş däl biz beýle.
Şol perzendiň Eziz diri — men heniz,
Bir özüm asmana gaýdamda seýle
Öz seçen yyldyzmyň üstüne çykyp,
Synladym dünýäniň suratyn çekip.
Çarşak bilen deşlip, pyssaran pökgä
Çalym edýän şara agyrdy nebsim,
Oňa kömek berip bilmeýänime,
Gazaply agladym — ýüzme köz degsin.
Şonda maňa uly göwünlik berdi
Bu zemini goran asmanyň yşgy,
Hem yza barýarkam myhman aldy ol,

Bir gelen myhmany goýbermez köşgi
Bu zeminiň. Seň Eziziň bar entäk,
Ol diňe azaşdy asmanda entäp.
Onsoň geler wagty gelip bilmedim.
Bilmedim haýsy ýol eltjekdi öýme.
A sen suratymy sypaplar aglaň,
Göz ýaşlarňy gujakladyp gara öýmä.
Sen meni eşdeňok, göreňok asla,
A men bolsa görýän, eşdýän sesiňi.
Nämüçinkä? Ýa-da ýer bilen asman
Üzdülermi alysdaky sepini?
Bilmen.Ýöne derdiň asmany ezýär,
Her säher şol köşkde gygyrsa Azan.

Men diri — diýýan sesimi saklaýar,
Jan eje, bir perde — çyg gumly mazar.
Men ölmedim eje, ýaşaýan ýerde,
Diňe maňa böwet bolýar gum perde.




.
5 лайков 162 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
Автор 05 июл 2023, 23:40
Shu chaga erbet gynandym. Yurejigine giñlik yeten daldir. Nahilem bolsa koñlunde bir heser bar oglanjyk eken'da. Bilinmanjik, bildirmanjik...?
DonMaxx
06 июл 2023, 05:29
iskirinno sežileŷu