Ilkinji real duşuşyk we edebiýat agşamy barada kelam agyz

Bu gün sagat 15:00-da @Rigel agza bilen "Aşgabadyñ ýalkymy" söwda merkezinde duşuşdyk. Bu meniñ ilkinji gezek bir saýtdaşymy realda görşümdi. Wirtualda tanap ýören agzañy realda göreniñde dogrudanam, birbada geñ bolýan eken. @Rigel bilen herimiz bir etli döneri "ugramaly ýerine ugradanymyzdan" soñ ) söwda merkezine aýlandyk. "Älem" kitap dükanynda bizi ýakymly tötänlik garşy aldy. Dükanyñ satyjysy bolup Gülnar Geldimyradowa zähmet çekýän eken. Gülnara goşgularyny halap okaýanymy we ýazmagyny dowam etmegini aýdanymdan soñ ol "Niredesiñ Kämil okuw merkezi?!" diýip ýola düşdük. Kiçiräjik azaşmadan soñ sagat laýyk 17:00 töwereklerde (tüýs wagtynda) edebiýat agşamynyñ geçirilýän ýerine bardyk. 3-4 minut yz ýanam söhbet başlandy.
Agşamyñ bu gezekki myhmany Maksat Bäşimowyñ daşky görnüşi hakynda aýtsam, dolmuşrajyk ýüzli, sakally 1.75- 1.80 boýlarynda, 30-35 ýaşlaryndady.
Agşamyñ esasy gürrüñi Kafkaçylyk we Absürdizm hakynda boldy. Maksat Bäşimow Frans Kafkanyñ "Öwrülme" powestindäki syrlylygy öz nazaryndan düşündirmäge synanyşdy. Eseriñ esasy ideýasynyñ totalitarizm düzgüniniñ içinde ynsanyñ ruhy barlyk bolmakdan çykyp, diñe fiziki funksiýalaryny ýerine ýetirýän gurala öwrülişi, ähli zadyñ öz erkindedigine akyl ýetirip bilmeýşi hakyndadygyny mysallaryñ üsti bilen beýan etdi.
Agşama 25-30 töweregi okyjy gatnaşyp olardan esasy işjeñ gatnaşanlary Çary Ataýew we okyjylaryñ aglaba bölegini tutýan ýaş ýigitler boldy. Gyzlardan men we iki sany gyz işjeñ sorag berdi diýäýmeseñ, galany diñlemek bilen çäklendi. Men Maksat Bäşimowa eserleri hakynda soraglar berdim. "Gara goh" hekaýasynda näme diýjek bolanlygy hakdaky soragyma "Ony özüm aýtsam bolmaz" diýip jogap gaýtardy. Şu tema esasynda Çary Ataýew we Maksat Bäşimow bilen aramyzda gyzykly çekeleşik boldy. Çary aga eseriñ okyja çeýnelip berilmeli däldigi, okyjynyñ özüniñ netijä gelmelidigi hakynda durup geçse, men "çeýnelip berilýän" eserleriñem özboluşly gyzygy bardygy hakda aýtdym.
Maksat Bäşimowa türkmen ýazyjylaryndan kimleri okaýandygy hakynda soranymda olaryñ eserleriniñ orta mekdep okuwçysyna niýetlenen ýaly dilde we ideýada ýazylýandygyna ünsi çekdi...
Garaz, bu gün soñky döwürdäki iñ gyzykly wagt geçiren günlerimden biri boldy.
Aýtman geçmäýin, edebiýat agşamynyñ indiki myhmany Mukam Muhamow.
7 лайков 679 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
02 май 2023, 21:54
Baryñ işli işiniz bn bolun. Hemnaniz şahyrcylyga ýatdyñyzlaý.
murat yousef
03 май 2023, 11:18
Meninem shonyaly yerlere gidesim gelye, yone gynansakda men obada yashayab
kesirkelle
07 май 2023, 00:38
Uffff men ýene IÑÑÑ hormatlaýan ýazarymdan galypdyrnow....
kesirkelle
07 май 2023, 00:46
Birem nirede goýulya bu hakda. Muhamowyñky aýyñ nacesine. Gelyan otdyh gecen otdyh bulasygrak bolyad
Belki
Автор 07 май 2023, 05:39
Öñümizdäki dynç güni ýagny aýyñ 14 ine. ÖWRENMELI diýip saýt barmy nämemi. Şonda goýulýar öýdýän.
kesirkelle
07 май 2023, 18:53
Yene 17demi
Belki
Автор 07 май 2023, 18:55
Sagady hakda eşitmedim enteg-ä. Eşitsem habar edeýinmi?
kesirkelle
08 май 2023, 11:22
Hawwa kyn goremeseñ eday. (Başimifden galanma içim ýanýa henizem)
Belki
Автор 08 май 2023, 13:30
Ok, saýta gelip duruñ onda. Mowzuk edip açaryn eşitsem.