Ilkinji real duşuşyk we edebiýat agşamy barada kelam agyz

Bu gün sagat 15:00-da @Rigel agza bilen "Aşgabadyñ ýalkymy" söwda merkezinde duşuşdyk. Bu meniñ ilkinji gezek bir saýtdaşymy realda görşümdi. Wirtualda tanap ýören agzañy realda göreniñde dogrudanam, birbada geñ bolýan eken. @Rigel bilen herimiz bir etli döneri "ugramaly ýerine ugradanymyzdan" soñ ) söwda merkezine aýlandyk. "Älem" kitap dükanynda bizi ýakymly tötänlik garşy aldy. Dükanyñ satyjysy bolup Gülnar Geldimyradowa zähmet çekýän eken. Gülnara goşgularyny halap okaýanymy we ýazmagyny dowam etmegini aýdanymdan soñ ol "Niredesiñ Kämil okuw merkezi?!" diýip ýola düşdük. Kiçiräjik azaşmadan soñ sagat laýyk 17:00 töwereklerde (tüýs wagtynda) edebiýat agşamynyñ geçirilýän ýerine bardyk. 3-4 minut yz ýanam söhbet başlandy.
Agşamyñ bu gezekki myhmany Maksat Bäşimowyñ daşky görnüşi hakynda aýtsam, dolmuşrajyk ýüzli, sakally 1.75- 1.80 boýlarynda, 30-35 ýaşlaryndady.
Agşamyñ esasy gürrüñi Kafkaçylyk we Absürdizm hakynda boldy. Maksat Bäşimow Frans Kafkanyñ "Öwrülme" powestindäki syrlylygy öz nazaryndan düşündirmäge synanyşdy. Eseriñ esasy ideýasynyñ totalitarizm düzgüniniñ içinde ynsanyñ ruhy barlyk bolmakdan çykyp, diñe fiziki funksiýalaryny ýerine ýetirýän gurala öwrülişi, ähli zadyñ öz erkindedigine akyl ýetirip bilmeýşi hakyndadygyny mysallaryñ üsti bilen beýan etdi.
Agşama 25-30 töweregi okyjy gatnaşyp olardan esasy işjeñ gatnaşanlary Çary Ataýew we okyjylaryñ aglaba bölegini tutýan ýaş ýigitler boldy. Gyzlardan men we iki sany gyz işjeñ sorag berdi diýäýmeseñ, galany diñlemek bilen çäklendi. Men Maksat Bäşimowa eserleri hakynda soraglar berdim. "Gara goh" hekaýasynda näme diýjek bolanlygy hakdaky soragyma "Ony özüm aýtsam bolmaz" diýip jogap gaýtardy. Şu tema esasynda Çary Ataýew we Maksat Bäşimow bilen aramyzda gyzykly çekeleşik boldy. Çary aga eseriñ okyja çeýnelip berilmeli däldigi, okyjynyñ özüniñ netijä gelmelidigi hakynda durup geçse, men "çeýnelip berilýän" eserleriñem özboluşly gyzygy bardygy hakda aýtdym.
Maksat Bäşimowa türkmen ýazyjylaryndan kimleri okaýandygy hakynda soranymda olaryñ eserleriniñ orta mekdep okuwçysyna niýetlenen ýaly dilde we ideýada ýazylýandygyna ünsi çekdi...
Garaz, bu gün soñky döwürdäki iñ gyzykly wagt geçiren günlerimden biri boldy.
Aýtman geçmäýin, edebiýat agşamynyñ indiki myhmany Mukam Muhamow.
7 лайков 679 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
Автор 30 апр 2023, 21:17
Maksat ýazan eserlerini häzir hiç ýerde paýlaşmak islemeýändigini-de ýañzytdy. Üstesine-de öz döredijiligi hakda geplemekden gaça durdy.
Gerceknazar
30 апр 2023, 21:36
Indiki edebiýat agşamy haçan bolýar?
Kerbaba
30 апр 2023, 21:38
Бе..Интересно зат языпсыныз.Франц Кафканын,,Оврулме" повестини тапып окаймалы этдиниз!!! Ниреден тапып боларка оны?
Belki
Автор 30 апр 2023, 21:56
Aýsona gaty semiz däl ken hemem meñ çak edişimden has owadan gyz ken!
Kerbaba
30 апр 2023, 21:56
Rigel
Gyw Rigel gaty semiz däl ekenem diýdä

Физик бн Лирик тапышыпдырда!!! Ханы гуррун беринда, бир - биринизи горманканиз гоз онуне гетиршинизи ве горшенинизден сонкы дуйгуларнызы?
Belki
Автор 30 апр 2023, 22:00
Kwadrat kelle, Rigeli men has semiz diýip çaklaýadym emma beýle däl eken. Allanäme gyz. Ýöne birbada geñ duýgulary başdan geçirdim. Garaşyşymdan owadan gyzdy.
Belki
Автор 30 апр 2023, 22:04
Meniñ suratdakydan känbir parhly däldigimi aýtdy. Ol meniñ ýaly geñirgenmedi. Ýogsam onuñ gören suratynda añryýany bilen makiýajlydym hem ýaglykly. Gündelik durmuşymda bolsa makiýajsyz gezmegi halaýan. Onda-da yssy howada ) Diñe dodagyma reñk çalýan. Olam guramagy, ýüzi soýulmagy ýaly zatlardan goramak üçin. Şu günem şeýle. Şonda-da meni görüp geñirgenmezligine hasam geñirgendim )
Belki
Автор 30 апр 2023, 22:05
Kwadrat kelle, kitapçyda bar ol powest.
Belki
Автор 30 апр 2023, 22:07
Rigel, özüñem gürrüñ ber gyz meni göreñde nähili bolanyñy
Belki
Автор 30 апр 2023, 22:08
Gerçeknazar, indikisi öñümizdäki däl-de soñky dynç gününde.
Kerbaba
30 апр 2023, 22:17
Belki
Kwadrat kelle, kitapçyda bar ol powest.

Надип тапмалы о ерде? Авторларын ичинде Франс Кафканын ады ек экен?
#B.S
30 апр 2023, 22:20
kwadrat kelle,
https://biz.islenen.ru/22205-edebiyat-eserine-ikinji-many-nama-gerek.html серет
#B.S
30 апр 2023, 22:23
kwadrat kelle,
http://Islenen.ru/news/owrulme_powest/2018-08-18-2009 ine
#B.S
30 апр 2023, 22:25
Menä özüň çeýnemeli eserleri halaýan. Öňler şo tipli kinodyr multikleri görüp kemala gelensoňmy nämemi? Garaz açyklanmadyk eserleri gowy görýän.
DonMaxx
30 апр 2023, 22:39
Belki Belki off № 1 Şu gün, 21:17
Maksat ýazan eserlerini häzir hiç ýerde paýlaşmak islemeýändigini-de ýañzytdy. Üstesine-de öz döredijiligi hakda geplemekden gaça durdy.

nesip bolsa paylasjak ))
#B.S
30 апр 2023, 22:41
DonMaxx,
Oooo paýlaşow şeýtde. Biri bir zat diýjek bolsa maňa aýt. ?
Gerceknazar
30 апр 2023, 22:46
Belki
Gerçeknazar, indikisi öñümizdäki däl-de soñky dynç gününde.

Nirede geçirilýär ?
Gurgenchli
30 апр 2023, 23:15
Bu gezekki edebiýat agşamyndan habarsyz galypdyryn:(
Gurgenchli
30 апр 2023, 23:18
Mundan öňki iki edebiýat agşamy sagat 14:00-de bolupdy. Bu gün 17:00-da bolupdyrmy, her hepde wagty özgerýärmika?
Anyk maglumatlary nireden alyp bileris?
Nomofobiya
30 апр 2023, 23:23
Rigel,
Hä semiz bolsaň näm bolýa ýa semizler halananokmy?
Gurgenchli
30 апр 2023, 23:23
Mukam Muhamowyň edebiýat agşamyna barasym gelýär:).
Kim gitjek bolsa guk diýsin, habarlaşyp bile gideli:)
Gurgenchli
30 апр 2023, 23:24
Konemojek
Mukam Muhamowyň edebiýat agşamyna barasym gelýär:).
Kim gitjek bolsa guk diýsin, habarlaşyp bile gideli:)


Habarlaşyp, üýşüp gideli****
Nomofobiya
30 апр 2023, 23:24
Belki,
Näme adamsyňazda
Mechta
01 май 2023, 08:05
Gor illeri bela yalyjak)
Belki
Автор 01 май 2023, 08:10
Rigel, sen-ä meni öwmediñ.
(Öýkeleýän smaýlik)
Belki
Автор 01 май 2023, 08:13
Nomofobiýa, düşünmedim.
Belki
Автор 01 май 2023, 08:19
Gerçeknazar, Kämil okuw merkezinde
salgysy: Aba Annaýew köçesi, Söwda-kooperatiw mekdebi, Ýaşlyk dükany ýaly binalar bilen goñşy.
Ýöne binanyñ daşynda "Salgyt bölümi" diýip ýazylgy. Bizem şol sebäpli azaşdyk. ) Şol salgyt bölümi diýip ýazylan bina girip ikinji etajyna galmaly.
13-lik awtobus bilen gitdik gidişin. Gaýdyşyn-a 94-ligiñ özem geçýän eken. Gidişinem bar bolmagy mümkin.
Belki
Автор 01 май 2023, 08:20
Konemojek, gyz bolsañ goşulaý bize
Kerbaba
01 май 2023, 08:55
@.Белки, ,,АЛЕМ" китап дуканы барада-да бир затлар гуррун берсене?! О тайда нахили китаплар сатыляр? Дашары юрт языжыларынын орсча китапларам сатылярмы? Я дине ткменче китаплармы? Нижеме йыллар болды Ашгабада барып горемок..Бир вагтлар Балкана гатнап ишламде[ хер 15 гунден] Ашгабадын вокзалында отырып шол ерде газет - журнал алып агшамкы Балканын отлусына гарашардым. Шонда сын эдердим,аял- гызлара бейледе дурсун,хатда эркек кишилерем кан баранок экен газет- журнал сатылян ере. Этраплардаха бирэййам ек болуп гитди китап дуканлары ве газет -журнал киосклары. Велаят меркезлерини билмедим. Сиз болса ,тувелеме, китап дуканларнада барян экениниз..
Belki
Автор 01 май 2023, 11:30
Kwadrat kelle, Älem kitap dükanynda esasan, iñlis dilinde kitaplary kän gördüm. Rus baram bolmagy mümkin, üns bermedim. Türk dilinde motiwasion kitaplar hem bar eken. Türkmen dilinde psiholog Dagdan Sözenowyñ "Ynsanyñ özünden" kitaby bar eken diñe. Özüñi tanamak we 9 mezaç tiplerinden haýsysyna degişlidigiñi bilmek üçin okamaly kitap. Dagdan psiholog bilen hünär kämilleşdiriş merkezindäki hepdelik okuwda seminar bermäge geleninde tanşypdyk. Gürrûñe ökde adam.