Goşgujagaz :)

YŞK SUNGATY

Utan!
Uýal!
Ýazyklysyñ göwnüm, sen!
Elmydama bat berilmez galama.
Heýem, "Şygyr ýazdym" diýip, boljakmy?!
Şygyrdan has jadylaýjy nazara.

Müñ setiri gaýra duruzjak keşbe
Şygyr sowgat edip bolmaz hiç mahal.
Heýkel gur şanyna
Ýunan tañry deý
Bina galdyr mysalynda Täçmahal.

Şol mynasyp eger jadyly sungat
Irde-giçde bagyş etseñ birine,
Hytaý diwaryny gaýra duruzsyn,
Rakyp bolsun Eýfel atañ diñine.

Çykyp biler sungatyñ çür başyna
Söýgiñ humaryna göwni baglanan.
Çarbag döret, goý ol ýatlatsyn dursun
Semramidanyñ asma baglaryn.

Yşka düşüp, döretmegiñ lezzeti
Gaýry bir hünärde, özge kärde ýok!
...Mende bolsa oñ şanyna bagş etjek
Şygyrdan has beýik, ajap närse ýok!

14.07.2023
8 лайков 252 просмотров
26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
Автор 01 окт 2023, 11:14
Teswirler nebela )
Belki
Автор 01 окт 2023, 11:15
Men-ä bu gün toýa barýan, adamlar )
Belki
Автор 01 окт 2023, 11:19
Şu bir hepdäñ 7 günem öýde bolmadym.
1.gün - iş
2.gün - medeniýet öýde çäre
3.gün - Türkmenistan kinoteatr
4.gün - iş
5.gün - iş
6.gün - medeniýet öýde çäre
7.gün - edarada ýowar.

Giçligem toý )
Belki
Автор 01 окт 2023, 11:22
Tutuş bir hepdämiñ konspektem ýazylman ýatyr. Näme bolsa şo bolsun edäýmesek indi onam )
Balary
01 окт 2023, 11:36
Belki,
kim gelyandigini bilyan dalsin?!
Belki
Автор 01 окт 2023, 11:47
Balary, Aknur Rozyýewa.
OrazMuhammet Aşyrow
01 окт 2023, 16:48
Bu goşguda "Gözellik" taryp edilýärmi ýa-da "Yşk"?

Goşgy barada däl goşgynyň ýöredýän pikri barada iki agyz samahyllasam, meniň pikrimçe "Yşk"a bir zat bagyş etmekçi bolsaň, ýa şoň şanyna bir zat döretjek bolsaň esasy sadalyk gerek bolarmyka diýýän. Kä mahal söýülýän ynsany üýtgeşik atkritka ýazylan hatdan görä iki agyz söz ýazylyp gowşurlan saryja ýapragyň has begendirip biljekdigine ynanýan..