Duýgy...
Özbaşyna ýaşap ýören dünýedim
Dogrydym men.
Hem kejirdim.
Keçjaldym.
Gurşap durka daşym - imi-salalyk,
Öz içimi ýonup ýören neçjardym.
Mynçgylap durka-da ýüregmi ünji,
Şadyhorram gezip ýören ýalydym.
Göýäki men, Ýer şarynda ýeketäk,
Ýalňyzlygyň aýrylmajak ýarydym.
Meýin içip yşkyň, sermest halatym
Başarmadym ötenleri saýhallap.
Wagtlaýyn hyýalda kosmasa uçdum,
Hakykatda gezdim-ýördim pelpelläp.
Sabyra atlandym, umytdan düşmän
Ähli zady ynam bilen sözledim.
Durmuş gizlenpeçek oýny ýalydy,
Duýgy bilen söýgi, şatlyk gözledim.
Ömrümi mydama duýga bagladym,
Netijesin gören ýaly gurradan.
Duýgy - maňa baky ýaşlygy beren,
Duýgy - meni juwanlykda garradan...
Ylham GURBANALYÝEW
2022
Dogrydym men.
Hem kejirdim.
Keçjaldym.
Gurşap durka daşym - imi-salalyk,
Öz içimi ýonup ýören neçjardym.
Mynçgylap durka-da ýüregmi ünji,
Şadyhorram gezip ýören ýalydym.
Göýäki men, Ýer şarynda ýeketäk,
Ýalňyzlygyň aýrylmajak ýarydym.
Meýin içip yşkyň, sermest halatym
Başarmadym ötenleri saýhallap.
Wagtlaýyn hyýalda kosmasa uçdum,
Hakykatda gezdim-ýördim pelpelläp.
Sabyra atlandym, umytdan düşmän
Ähli zady ynam bilen sözledim.
Durmuş gizlenpeçek oýny ýalydy,
Duýgy bilen söýgi, şatlyk gözledim.
Ömrümi mydama duýga bagladym,
Netijesin gören ýaly gurradan.
Duýgy - maňa baky ýaşlygy beren,
Duýgy - meni juwanlykda garradan...
Ylham GURBANALYÝEW
2022
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.