Aýgül Garaýewadan süýji goşgular ?

Ýüregim ýüregiň elinden tutup...
Ýa-da, tersine!
Ýüregiň ýüregmiň elinden tutup,
Ylgasady,
ýöresedi,
dursady!
Günlerem süýjije-süýjije ötüp,
Elmydama gülkim tutup dursady.

Gülemde-de süýji gözýaş dökülip,
Göriplerem «aglaýandyr» diýseler.
Hemem saňa ynansadym şeýle bir,
Geň görsedim,
«aldaýandyr» diýseler.

Süýji ýaly togalak däl gözlerim,
Oňa derek togalak bu ene ýer.
Togalak däl, süzük gözli bolsamam,
Ahyr nesip eder süýji seneler.

Men bir ýöne süýji düýşleň eýesi,
Senem şol düýşlemden atylyp çykan.
Belki, şeýdip söýübersek süýjini,
Ol bagtymyz bala batyryp çykar?!

Süýji zatlaň uzak bormuş möhleti,
Goý, bize-de şeýle ýollar açylsyn.
Günlermizi süýjä doňdursyn wagt,
Ýogsa-da, olary bala gaçyrsyn!..

Aýgül Garaýewa
5 лайков 445 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 00:18
SALMA MENI KAPASA

Salma meni kapasa.
Dar dünýä salma meni...
Ykbalymy çözjek bolup,
Ganatlarmy döwjek bolup,
Gowy bolmaz maňa-saňa,
Kapasa ýasama maňa.

Meniň göwnüm ho-ol asmanda,
Işim ýok ýöremek bilen.
Senem menden yşk tapmarsyň,
Kapasaňda görmek bilen.

«Ekdi bolmaz gurt çagasy»,
Gola sygmaz däli deňiz.
...Ýa-da sal meni kapasa,
Baran ýerim meňki meniň.
Kapasaňa ýaz getirip,
güller ekip görkezeýin! ?
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 00:21
MENI TANAÝAN BOLSAŇ SEN

Meni tanaýan bolsaň sen,
Suratyn çek ýüregimiň.
Suratda sebäbi bolsun,
Meniň uçup ýörenimiň.

Çekip ber gülüň suratyn,
Hiç haçan solmaýan bolsun.
Çekip ber suwuňsuratyn,
Hiç haçan doňmaýan bolsun.

Çekip ber Günüň suratyn,
Sensiz hiç dogmaýan bolsun.
Çekip ber, seniň suratyň,
Mensiz hiç oňmaýan bolsun...???
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 00:24
DUÝGULARDAN ÝANA
DÖKÜLJEK BOLÝAN...

Duýgulardan ýana döküljek bolýan,
Püre-pür men, dos-doly men,
diri men!
Ah, şonda-da gözleriňe ilemok.
Başaramok ýüregiňe giribem.

Bulutlary demim bilen süýşürip,
Nurlar sepýän seniň duran ýerlerňe.
Ah, sen bolsa, «Ýagyş ýagýar» diýýäň-de,
Saýawan gözleýäň meniň deregme...

Onsoň pikir bolup, beýniňe girip,
Gygyryp-gygyryp, adymy aýdýan.
Ah, sen bolsa, taşlap ähli işiňi,
Ady menzeş gyzyň ýanyna gaýdýaň...

Şahyrlygmyň, duýgurlygmyň haýrynyň,
degmejek ýerlerem bolaýjak eken.
Alhepus, seniň deý kütek adamam,
Dogulaýjak eken, dogaýjak eken!
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 00:24
Ýollar meni sen ýanyňa äkider,
Näçe aýlaw, näçe çatryk bolsa-da..
Ýöne sen «Uzak-la?!» diýip, geň galma,
Bagtly ýollar kyn bolýandyr ýogsa-da.

Gowusy, meň sabrymdan sabyr böl-desen,
Öz sabryň üstüne sabyr sarap goý.
Hemem aýralyga göwün bölme sen,
Çykyp, zol-zol ýollaryma garap goý.

Men ak gyşda ak gar bolup bararyn.
Ýa, ýazda bararyn, meňzäp güllere,
Ýöne, sen ýadyňdan çykarma meni,
Hem göwnüňi berme özge dilbere.

Sen diňe garaşgyn, garaşgyn maňa.
Bir gün barýanymy aýdar ýagyşlar.
Men seni hiç zada deňäp bilmedim,
Senem meni hiç bir zada çalyşma! ???
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 00:25
Öz ýanymdan «Sen, sen...» diýip ýörşüme,
Ahyr bir gün saňa «gark» bolaryn men.?

Aýgül Garaýewa
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 00:28
Sen «Söýgi» diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi — seniň gözleriň,
Söýgi — seniň şol gözleriň kirpigi.

Söýgi — seniň aýaklaryň ädimi.
Söýgi — seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.

Söýgi — seniň oýa batyp oturşyň.
Söýgi — seniň aýdýan, aýtjak sözleňem.
Men «söýgi» diýdim-de, saňa düşündim,
Mümkin, muny geň görýändir özgeler.

Mümkin, olar öz ýanyndan «Söýgi has
beýik ahyr!» diýýändirler, ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýge galdyň, Mähriban!
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 00:30
Şeýle bir ýürekdeş gürrüň edeli,
Bar zat hakda dogry pikir ýöredip.
Men-a saňa özümmikäm öýdeýin.
Senem özüňi gör, maňa seredip...

Meniň bu hyň berip duran kellämem,
Baş atyplar ýetişmesin sözüňe,
(Baş näme, janyňam bagyş etseň bor,
Saňa şeýle dünýäsini dözene).

Men goşgy ýazsamam «dymma» diýdiler,
«Gedemem» diýdiler, tanaman, bilmän.
Hemme üýşüp, meň göwnümi tapanok,
Men nädip taparkam göwnüni hemmäň?!...

Sen-ä «mydam görsem» diýýän, käte-de,
Senden başgalary görmäsim gelýär.
Gelsene, ýürekdeş gürrüň edeli,
Ah, meniň şeýle bir gürläsim gelýär.
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 00:31
MENEM BIR GÜN...

Menem bir gün köşeşerin, giňärin,
Dünýäniň hiç deňzi bolmaz topugma.
Çynym bilen joşup-joşup gürlärin,
Hiç kim meniň gürrüňlerme hopugmaz.?

Hiç kim meniň Aý doganda begenip,
Aý dolanda aglaýşymy geňlemez.
Hem ahyry şol goşgyny ýazaryn,
Meň ol goşgym hiç bir goşga meňzemez.
Ak-sary
01 окт 2023, 00:54
Sen birini ýada salýañ käteler
Men bolsa birini şol idäp ýörşüm

Sen birini ýada salýañ käteler
Gözleglerden ýaña tozupdyr köwşüm

Sen birini ýada salýañ käteler
Saçlam azalypmy,ötüpmi möwsüm?

Sen birini ýada salýañ käteler
Seni idäp ýyllañ ýyrtaryn göwsün

Sen birini yada salyañ käteler
Azasdym.
02 окт 2023, 13:15
Yarady sps?
Garlawaç
Автор 02 окт 2023, 16:32
Azasdym.,
Sps diýseler halamok!
Azasdym.
02 окт 2023, 17:48
Garlawaç,
Bagslarsynyz. SAGBOLUN!
Garlawaç
Автор 02 окт 2023, 18:19
Azasdym.,
Bolýar, aýyplaşmarsyňyzda kalba ýakyn sözleri gysgaltmasalar gowy görýän ))
Azasdym.
02 окт 2023, 19:51
Garlawaç,
Bolya zyyany yok.