Durmuş deňzi.
Durmuşyň günleri birsydyrgyn bolany bilen maksada barýan ýol birsydyrgyn däldir. Birde daglara çykanyňdaky ýaly kötelliklere, kynçylyklara duşarsyň, birde dagdan inen ýaly şaglap gaýdarsyň. Bir gün uly ýeňiş gazanarsyň, ýene bir gün kiçijik ýeňiş gazanyp bilmersiň. Garaz durmuş ululy kiçili ýeňişlerden, ýeňlişlerden ybarat. Käte işiň şowlaýar kä mahal bolsa içiňi ýakaýyn diýen ýaly bitäýmeli işiň hem bitmeýär. Durmuş deňzinde okguly ýüzmek üçin gäminiň ýelkenini wagtynda götermeli, ugurdaş ýelleri doly peýdalanmaly, ussat gämiçiler hatda garşylyklaýyn ýelleri hem peýdalanmagy başarýarlar.
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.