Ildeşimiz Döwletjan bu gezek hem ýeňiş gazanyp bilmedi

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow şwesiýaly Karl Albrektsson bilen “Bellator 268” ýaryşynyň çäklerinde duşuşdy.

Bu tutluşykda “Korol” lakamly Karl Albrektsson ýeňiş gazanyp, özüniň ýeňişli ýollarynyň ýene-de bir basgançagyna çykdy. Ol eminleriň biragyzdan kabul eden çözgüdi esasynda ýeňiş gazandy. Eminler topary 29-28, 29-28, 29-28 ballyk netije çykardylar.

Şwesiýanyň metbugatynyň habarlaryna görä, şwed türgenine bu ýarym agram tutluşygynda ýeňiş gazanmak ýeňil bolmady. Her iki türgeniň hem özüniň gowy mümkinçilikleri boldy. 3 döwden ybarat ýaryşyň dowamynda her iki türgen hem ýeňiş gazanmak üçin tagalla etdi.

Iki türgen hem “Bellatoryň” ýeňil agramly synpynyň häzirki wagtda näderejede ýokarydygyny görkezýän täsirini görkezdi.

Ýöne, ýeňiş gynansak-da şwed türgeniň paýyna düşdi. Üç gaty kyn tapgyrdan soň, eminleriň hemmesi 29-28, 29-28, 29-28 sanlary bilen ýeňşi Albrektssona bermegi saýladylar. “King” Karl şeýlelik bilen dört ýeňiş gazandy.

Bu tutluşyk ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherindäki «Futprint Sentr» arenasynda geçirildi.

Bilşimiz ýaly, ildeşimiz Döwletjan şu ýylyň aprel aýynda hem “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde amerikaly Kori Andersondan hem ýeňlipdi.

Şwesiýaly Karl Albrektsson 15 tutluşyk geçirip, 12-sinde ýeňiş gazanyp, 3 gezke ýeňildi.

Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow 26 tutluşyk geçirip, 18-sinde ýeňiş gazandy. Ol 7 tutluşykda ýeňlip, 1-inde deňme-deň netije gazandy.
0 лайков 245 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
17 окт 2021, 09:43
Utulaklar....
Asyrow_Danco
Автор 17 окт 2021, 09:46
Mona Songz,
Boks ugry gatykyn bolyar
Soho
17 окт 2021, 09:54
bahbit bolsun, esasy zat masgara bolmandyr...
Ötegçi
17 окт 2021, 11:14
Pöwhelay Ýagsymuradov
Döwlet Şöhradow
17 окт 2021, 11:37
Hay Atdaş aga bolmady bu gezegem, indiki gezek hokman yeners✊??‍♂️
Aýnur
17 окт 2021, 12:24
sᴛᴀᴛᴇ,
Goysanay yenjegine gozim yetmeya
Döwlet Şöhradow
17 окт 2021, 12:24
Mona Songz,
Gownun yetenyokmy sona urya
Aýnur
17 окт 2021, 12:39
sᴛᴀᴛᴇ,
Howwa atdasyn eken inda wapse gownum yetenok ona
sapaly
17 окт 2021, 12:54
gordum boyuny gordum dowletjan yyglap yatyr
Aýnur
17 окт 2021, 13:21
SAPALY_BEGENJOW,
Hahha asnam komege baramallanmy sen urusmany halayana
Asyrow_Danco
Автор 17 окт 2021, 15:27
Siz Turkmenistanyn Abyrayy yokary galsyn diymeyaniz
Ötegçi
17 окт 2021, 17:53
Bolupdyrda hhhhh hehehe Türkmenistanyñ abraýy diñe soña galan daldirow Aşgabatda Döwletjany nakaut edýän oglanlaram bar ýöne olar on ýaly ringden ringe bökjek bolup ýörenoklar
NEMOO
17 окт 2021, 20:45
Baybovv diydinov ilki bn onun yzyndan yetsinler