Dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň täze sanawy, Messi we Ronaldo ýok
“KPMG Football Benchmark” dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda iki super ýyldyz Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldonyň atlary ýok. Guramanyň hasaplamalaryna görä, Borussiýa Dortmundyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Hollan häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat futbolçysy. Onuň transfer bazaryndaky bahasy 144,2 million ýewro deňdir. Sanawda ikinji orny PSŽ-niň fransiýaly ýyldyzy Kilian Mbappe eýeleýär. Onuň transfer bazaryndaky gymmaty 139,5 million ýewro diýlip kesgitlenilipdir. 3-nji ýerde Tottenhamyň iňlis hüjümçisi Harri Keýn bolup, ony transfer etmek isleýän klublar 121,2 million ýewro tölemeli bolarlar. 118,9 million ýewro gymmaty bolan Mançester Ýunaýtediň portugaliýaly ýarymgoragçysy Bruno Fernandeş 4-nji, Çelsiniň belgiýaly hühümçisi Romelu Lukaku 115,6 million ýewrolyk bahasy bilen 5-nji ýerde barýar. 115,5 million ýewro bilen braziliýaly Neýmar Junioryň 6-njy bolan sanawynda Barselonanyň niderland ýarymgoragçysy Frenki de Ýong 114,3 million ýewro bilen 7-nji orny eýeleýär. Mançester şäheriniň wekilleriniň ýyldyzlary – belgiýaly Kewin de Bruýne (112,5 million ýewro), angliýaly futbolçylar Markus Reşford (110,9 million ýewro) bilenem Jeýdon Sanço (110,5 million ýewro) ilkinji onlugy jemleýän futbolçylardyr.
Erling Hollan – 144,2 million ýewro
Kilian Mbappe – 139,5 million ýewro
Harri Keýn – 121,2 million ýewro
Bruno Fernandeş – 118,9 million ýewro
Romelu Lukaku – 115,6 million ýewro
Neýmar Junior – 115,5 million ýewro
Frenki de Ýong – 114,3 million ýewro
Kewin de Bruýne – 112,5 million ýewro
Markus Reşford – 110,9 million ýewro
Jeýdon Sanço – 110,5 million ýewro
Erling Hollan – 144,2 million ýewro
Kilian Mbappe – 139,5 million ýewro
Harri Keýn – 121,2 million ýewro
Bruno Fernandeş – 118,9 million ýewro
Romelu Lukaku – 115,6 million ýewro
Neýmar Junior – 115,5 million ýewro
Frenki de Ýong – 114,3 million ýewro
Kewin de Bruýne – 112,5 million ýewro
Markus Reşford – 110,9 million ýewro
Jeýdon Sanço – 110,5 million ýewro
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.