TÜRKMEN PÄLWANY DÖWLETJAN TÜRK SERIALYNDA SURATA DUSDI

Başa-baş söweş boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow türk serialynda surata düşdi. Bu barada türgeniň “Instagram” sahypasynda bellenilip geçilýär.

Türkmen türgeni Türkiýäniň “ATV” teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän “Kuruluş Osman” serialynda keşp janlandyrýar. Ol bu serialdaky käbir kardlary özüniň “Instagram” sahypasynda ýerleşdiripdir.

Bu serial 2019-njy ýyldan bäri türk teleýaýlymda ýaýlyma berlip, onda Osman imperiýaysnyň esaslandyryjysynyň durmuşy janlandyrylýar.

Ýagşymyardowa bu serialdaky keşbinde düşen suratlaryny hem “Instagram” sahypasynda goýupdyr.

Mälim bolşy ýaly, ildeşimiz golaýda Döwletjan Ýagşymyradow şu ýylyň aprelinde “Bellator MMA” ýaryşynyň çäklerinde 3-nji tutluşygynda ýeňiş gazanypdy.

Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynda 25 tutluşyk geçirdi we olaryň 19-sinde ýeňiş gazandy. Galyberse-de, 16 tutluşygynda wagtyndan öň garşydaşyny ýeňmegi başardy.
4 лайков 308 просмотров
27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
09 июн 2022, 17:39
ay natdin:ay, tochnamy bir?
Ahally
Автор 09 июн 2022, 17:41
Soho,
Hawa, suraty hem bardy welin goýmadymam-da.
Soho
09 июн 2022, 17:45
Ahally_24,
ay, tuweleme, bolubilyar, Burak Ozcivit aktyory halamokda, bolmasa goraymeli serial Kurulush Osman, Dirilish Ertugrul:am tazelikde gorup bashladym, pochti gutaryp baryan, (yene 102 seriyajyk galdy) shu wagt 48nji bolume yetdim :)
Ahally
Автор 09 июн 2022, 17:48
Soho,
Menem görsemmikamem diyyan welin ichgysgynjyrak yaly bolubam dur))

Alp Arslan-y goren bolyadym ilki ilkiler indi onnada derek yok :))
Soho
09 июн 2022, 17:52
Ahally_24,
Dirilish Ertugrul gorenine degyar
Ahally
Автор 09 июн 2022, 17:54
Döwletjan Ýagşymyradow «Kuruluş: Osman» türk serialynda keşp janlandyrýandygy barada Instagramynda habar berdi.

Golaýda türgen köp bölümli filmiň surata düşürilişinden pursatlary paýlaşypdy.

Türkmen türgeniniň Instagramyndaky maglumatlaryna görä, «Kuruluş: Osman» türk serialynyň 8-nji iýunda sagat 22:00-da ýaýlyma beriljek 97-nji bölüminde Döwletjan Ýagşymyradowly sahnanyň görkezilmegine garaşylýar.
Öwreniji
09 июн 2022, 17:55
Osman serialy göräýmäge bahana
Ahally
Автор 09 июн 2022, 17:55
Diyip habar beryar turkmen portallary
Soho
09 июн 2022, 17:55
Ahally_24,
duyn boldymyka onda
Ayjahan
09 июн 2022, 17:56
Onda suratynam goýaýmaly ekeniň
Soho
09 июн 2022, 17:57
AySa,
bolanyna gora oynayan epizodynam diysene
Ahally
Автор 09 июн 2022, 18:00
Soho,
Bolandyrla bilemok habary memem yany okadym internetden duynki serialyny goraymeseniz mnda wifi yok
Ahally
Автор 09 июн 2022, 18:06
Telwas
09 июн 2022, 18:11
-Hoş geldiň Balawan gardaş!
Döwletjan: -Hoş gördük gardaş!


Şu repligi bar.
Soho
09 июн 2022, 18:13
Nirvana,
sho 3 sozi aydya we olya diysene
Telwas
09 июн 2022, 18:17
Soho,
Ýok, entek ölenok. Menem ol kinony doly göremoga.
Bu ýerde Uyanış Büyük Selçuklu kinoda oýnan we Kuruluş Osmanlı-da oýnaýan türkmenler bar. Esger roluny ýerine ýetirýärler.
Ahally
Автор 09 июн 2022, 18:19
Soho,
Soho off № 16 Şu gün, 18:13
Nirvana,
sho 3 sozi aydya we olya diysene


:-D
Ahally
Автор 09 июн 2022, 18:20
Nirvana,
Tuweleme, oynaya-da onna
Soho
09 июн 2022, 18:21
Nirvana,
Ertugruly goryan welin, garaz turkmenler zat diyp agzayalar welin birhili buysandyrya :)
Ahally
Автор 09 июн 2022, 18:21
Soho,
Dogry aydyan buysandyryar-ay oz-a :))
Telwas
09 июн 2022, 18:24
Ahally_24,hawa.
Soho, menem bir Maryly bir ildeşimiz bilen tanyşypdym. Kino barada öňünden gürrüň berýärdi. Setde düşen suratlaryndan ugratýardy. Garaz, buýsançly biziňkileriňem dünýä derejesindäki kinoda ýer almagy.
Garabufer
09 июн 2022, 18:47
Waheý
Ayjahan
09 июн 2022, 21:46
Soho,
Şodaa
Oksimiron
09 июн 2022, 21:58
Mälim bolşy ýaly, ildeşimiz golaýda Döwletjan Ýagşymyradow şu ýylyň aprelinde “Bellator MMA” ýaryşynyň çäklerinde 3-nji tutluşygynda ýeňiş gazanypdy.
Oksimiron
09 июн 2022, 21:59
Oksimiron,
Ýa ildeşi ýa Döwletjany aýyrmaly. Hiç kim şu barada saýta duýdurmadymyka?
Oksimiron
09 июн 2022, 22:00
Oksimiron,
"Golaýda", "şu ýylyň aprelinde"