Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky ýeňşini baýram etdi
Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda çykyş edýän “Bellator” ýaryşynyň çäginde nobatdaky tutluşygyna çykdy. Onuň nobatdaky tutluşygyndaky garşydaşy polşaly Maseý Ružanski boldy.
Ýarym agyr agramdaky tutluşyk ABŞ-nyň San-Diego şäherinde “Bellator 300” ýaryşynyň çäklerinde boldy. Bu tutluşykda türkmen türgeni garşydaşyny emin agzalarynyň çykaran netijesi bilen 30-27, 29-28, 29-28 hasabynda ýeňdi.
34 ýaşyndaky Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde 3-nji ýeňşini gazandy we olar umumylykda 18-nji ýeňşini baýram etdi.
Mälim bolşy ýaly, Ýagşymyradow şu ýylyň martynda “Bellator 292” ýaryşyň çäkerinde emin agzalarynyň çykaran karary bilen litwaly Žulias Anglikasy ýeňmegi başarypdy.
34 ýaşyndaky Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda “Bellator” ýaryş gurnaýjy kompaniýasy bilen şertnama baglaşypdy.

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.