******
Bir goç ýigit bir gözel gyza öýlenýär.Ol ýigit gelnini örän söýýärdi.Günleriň bir güni gelinde deri hassalygy ýüze çykýar we ýuwaş-ýuwaş gözelligini ýitirip başlaýar.Bir gün adamsy bir iş üçin öýden çykyp gitýär.Gaýdyşyn ýolda heläkçilige uçraýar we gözleri kör bolýar.Emma är-aýalyň gatnaşyklary öňküsi ýaly dowam etýärdi.Emma gün geçdigiçe gelin ýuwaş-ýuwaşdan gözelligini ýitirýärdi.Adamsy şonda-da aýalyny söýýärdi, gelin hem adamsyny söýýärdi.Bir gün gelin aradan çykdy.Gelniniň ölümi adamsyny örän gynandyrdy, ol adam hemme zady birýana goýup şäheri terk etmek isledi.Tanyşlaryndan biri ol adama : "Sen indi bu kör halyňa nähili bu durmuşda ýaşap biljek? Seniň kyn günleriňde aýalyň saňa kömek ederdi" diýdi.Ol adam: "Men kör däldim, kör bolmaly boldum, sebäbi aýalym hassalyk sebäpli derisiniň ýagdaýyny görýänimi bilsedi, özüniň hassalygyndan has ynjardy,ýöne men ony diňe gözelligi üçin söýmedim, şol bir wagtda mähirli we söýgi doly dünýäsine aşykdym,şol sebäpli hem kör bolan boldum. DIŇE ONY BAGTLY ETMEK ÜÇIN...
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.