Söýgi owadanlykda däl!!!


Bir-birini biçak gowy gorýän bir är-aýal bar eken.Günlerde bir gün aýal erbet bir kesele uçrapdyr. Kesel aýalyn ýüz-gozüni mama dişän ýaly edip,ony gorkden gaçyrypdyr.Bir gün bolsa, ýanky aýalyn adamsy işden gelýärkä ulag heläkçiligine uçrap, kor bolupdyr.Muna garamazdan olar ýene-de bir-birini gowy gorüp ýaşapdyrlar.
Wagtyn geçmegi bilen aýal keselden gutulyp bilmän,hasam beter bedroýlaşypdyr.Adamsy bolsa.ony ýene onkisi ýaly soýmegini dowam edipdir.Ine,onson ahyry bir gün aýaly aradan çykypdyr.Adamsy muna erbet gynanypdyr.Ol aýalyny jaýlap,ýas sadakasyny sowandan son,şäheri terk etjek bolup durka, egindeşlerinin biri ýanyna gelip:
-Halypa , senin gozünem-ä gorenok,On nämede bolsa ýanynda aýalyn bardy,indi olam-a ýok diýipdir.Şonda ýanky adam şeýle jogap beripdir:
-Men kor däl.Ýone aýalymy "kor boldum"diýip aldamaly boldum.Sebäbi endam-jany gan-gabarçyk bolup,menin gozüme gorünmek ona hasam agyr degjekdi.Men ony dine owadan bolany üçin soýmändim ahyry.Men onun mähir-mühebbetden doly ýüregine aşyk bolupdym.

Iki adam biri-birini soýende,olar hergiz aýra düşmejek bolar.Şonun üçin hem birek-biregin kemçiligini gormejek bolar.Gorse-de gormezlige salar.Soýýän adamyny bagtly etmek üçin,käte kor ýaly bolmagy hem başarmak gerek.
awtor:?
1 лайков 115 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Seneca
17 дек 2023, 22:37
Hekaýa hindi teleseriýallaryny köp görüp utopiki garaýyşlardan jemlenen aňy bilen jahyllyk döwründäki ýetginjegiň ýazan fantaziýasyna meňzeýär. Real durmuşda, owadanlyk, görk, gözellik ýaly zatlar ikinji üçünji pozisiýalarda mydama bardyr. Bu saýlaw hem diňe ýaşlyk döwrüniň oýnudyr, sebäbi owadanlyk gitdigiçe, görk gitdigiçe garaýyş üýtgeýär sebäbi biz birini kellämizde bir garaýyş (sypat, ýüz, häsiýet) bilen kodlaýarys. Bu gaçyp bolmajak hadysadyr.
Şular ýaly "boldy-geçdi" hekaýalaryň adamlaryň (esasanam ýaş juwanlaryň) aňyna ýeterlik derejede zyýany bar.
Aýaly kesele sezewar bolýar, onuň äri bolsa söýgisinden, ony alada edýändiginden hassahanada äkidip, saglygyny barlatmak, ony bejertmek islemek ýerine, kör roluny oýnaýar. Muny ölýänçä etmegi başaran bolsa, ol kişiden artist çykmak ähtimallygy uludyr (türkmen režissýorlary pikirlensin), ulag bar döwründe hassahana ýok bolsa, bu kişi sadistdir, ýa-da ulag diýilýäni eşekdir, belki eşekli barýarka aýagy taýyp ýykylyp, guma çolaşyp kör bolan bolsa gerek. Aýaly ölensoň, ony jaýlap, şäheri terk etmekçi bolup duran adamyň egindeşiniň ilkinji soraýan soragy bolsa, "ýopdywaýmat sen nädip kör halyňa aýalyňy jaýlap, şäheri terk etjek bolýaň?" däl-de, pahyrsyrap "aýalyň bardy zaluwat, indi o pahyram-a o dünýälik boldy, näme edoň sen?" bolupdyr.
We aşakdaky "many" doly aforistiki sözlemdäki säwlik bolsa, kemçiliklerini görmejek bolar däl, kemçilikleri bilen bile kabul ederler.