Eý sen dost deýin görünen duşman

Eý, sen dost deýin görünen duşman,
Ýeň astynda bukýarsyňmy hanjaryň?
Özüňde bar zady satyp ýörşüňe,
Näme borka deregine aljagyň?

Eý sen dost deýin görünen duşman!
Eý sen, güli – hanjar, göwheri – hanjar,
Ynsan nähak ýarag göterýän bolsa,
Dolanyp – dolanyp, özüne sanjar.

Hak işidir, dünýä Hakyň meýdany,
Nähak iş tutmaga utanýaryn men!
Eý sen dost deýin görünen duşman!
Seni görüp, şerden gutulýaryn men.

Eý duşman!
Dost deýin görünen duşman,
Eý, sen adamzadyň näletsiňmişi!
Ynanmak – ynsanyň aýyby däldir.
Ynanmak – ynsanyň däldir etmişi.

Eger bir ýerinde ýazygy bolsa,
Eger bir ýerinde edäýse puşman,
Bularyň ählisi seniň üçindir,
Seň üçin dost deýin görünen duşman!

Bägül Ataýewa
0 лайков 57 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.