Aşyk ýigidiň alty haty
Sen hakda her säher pikir etmesem,
Günüm ötmeýär, Maýsam.
Sen hakda her agşam oýa batmasam,
Daňym atmaýar, Maýsam...
Güýze golaý yssy ýatyşýar weli,
Söýgi ýatmaýar, Maýsam.
Ýöreýän eýläk,
Ýöreýäň beýläk.
Geçýäň ilerik,
Dolanýaň gaýrak.
Ökjeleň çişi
Çümse-de niräk –
Ýere däl, ýüregme sünjüp geçýär yz...
Wäk, wäk, ýuwaşrak basaweri gyz!
Garaşdym, garaşdym.
Gelmediň Maýsam.
Ýa-da tapyldymy bir mekir duşman?
Goý, duşman tapylsa tapylybersin,
Tapylyp, kän gezek edipdi puşman.
Bu gezek hem
Şeýle boljagy hökman...
Dost tapynan bolsaň,
Men şondan gorkýan.
Urundym ugruňda. Gyryldy ganat.
Ýalbardym asmana: «Ýüregimi giň et!»
Ne gökden, ne ýerden giňlik ýetişdi.
Bu yşkyň etdirýän oýnuna äňet.
Hiç kellä gelmejek bir işi etdim:
Seni dogran enä
Okadym nälet...
Körük lowlap durka ýanyp hem öçüp,
Aýrylşyp bilenok Sandaldyr Çekiç.
...Men Seniň ýanyňa barmak islämok.
Emma duşuňdanam bilemok geçip
Menden-ä rugsat –
Näme etseň et.
Ýandyrsaň ýandyr,
Tütetseň tütet.
Aglatsaň aglat,
Güldürseň güldür.
Saýratsaň saýrat,
Öldürseň öldür.
Ýöne bir zatda
Goýbermegin köst:
Gülmesin duşman,
Gyýylmasyn dost.
[i][/i]
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.