Ýaşlyk drammasy

Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň
Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat.

Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi,
Gidýänler gelýänden has köpelýärdi,
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada.
Emma Söýgi diýen jadyly zada
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyň,
Heniz gyz wagtyň.

Diýerdim: «Geregim, çen boldy, oýlan!
Ähli boýdaşlaryň başlary boglan...»
Sen diýerdiň: «Garrap barýarmyň, oglan?
Äwmäň öz wagty bar,
Sabryň öz wagty!»

Boýnuňdan gelerdi jeňneliň, ysy,
Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy,
Demiňden kükärdi müň gülüň ysy
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim,
Çabyrap başlanda demiňe demim,
Näz bilen iterdiň: «Hany edebiň?
Söýgi bulaşmazmy
Edep az wagty?..»
Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap,
Leb gadagan wagty – olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat:
Hasap ýitýän eken
Dyzba-dyz wagtyň.

Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat?
(Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat!)
Gursagmyň üstünde gürsülläp gursak,
Keteniň içinde
Gyzyl köz wagtyň.

Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle.
Ýaňja-da guşlukdy, bolupdyr öýle,
Sen diýdiň: «Pylan jan, gaýdaly öýe,
Ýigdiň öz wagty bar,
Gyzyň öz wagty».

Şo mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem toraňňy urup dur perwaz
«Aşyklar, ýene-de sabr ediň biraz,
Görmändim saýamyň
Beýle ýaz wagtyn!»

Derýa hem seslendi: «Etmäň ätiýaç,
Size kast etjege taparyn alaç.
Siziň kimin birek-birege mätäç
Görüpdim ne derýa,
Ne tekiz wagtym».

Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: «Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne weli gyşa galaýma, ýigit,
Miwe ýetişdimi –
Ýygna güýz wagty!»

Tokaý bürgüdinden alyp ak pata,
Gyşa galmazlyga edipdik wada.
Ýa sen sada bolduň ýa-da men sada,
Birden tupan gopdy Dünýäň ýaz wagty.

Bilmedim, nämäniň hesibi boldy,
Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy.
Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Atdylar maşyna. Ses etdiň aglap.
Topuldym. Çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap,
Gök kürtelem bolsaň,
Entek gyz wagtyň...

Bir gujak alynsaç, bir gujak çokul,
Üç gujak örümsaç, on gujak akyl –
Şunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiň gözlerimden Daňyň saz wagty.
...Dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň.

Öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň...
Şonda men diýipdim: «Sen bagtly bolsaň,
Hem-ä meniň bagtym,
Hemem öz bagtyň».

Şo bada ýüzüňde göründi ünji.
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji,
Soň gaçdy dördünji onsoň bäşinji...
Şoldy iň mert wagtyň,
Iň ejiz wagtyň...

«Içerde otursam – ýüregim gysýar.
Daşa çyksam – asman depämden basýar».
Şu goşgyň, henizem bagrymy kesýär,
Tas şahyr bolupdyň
Çuwalgyz wagtyň.

Tas şahyr, bolupdyň. Borduňam, belkem.
Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiň. Sowaşdym kem-kem,
Şonda-da kuwwat sen
Her ýalňyz wagtym...
Kim bolsa-da saňa sataşan kişi,
Çagalaň bagtyna sag bolsun başy.
Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy.

Gijä öwrülmezmi
Oň gündiz wagty?
Çümdürse eliňe ýekeje tiken,
Şol tiken müň bolup bagryma çöker.
(Şygryma düşüner yşk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer
Öz eziz wagtyn).

Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi hem dogmaz.
Dogsa-da ýüz ýyldan bir gezek doglar,
Onda-da säheriň
Iň tämiz wagty...

...Arada aýlandym Tejen ýerlerne,
Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne,
Seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe,
Geçirdim bir gije,
Bir gündiz wagtym.
Gaňňaly hem otyr öňki ýerinde,
Toraňňy hem otyr öňki ýerinde,
Şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde.

Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden –
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

[i][/i]
6 лайков 163 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
03 окт 2021, 15:11
*onem paylasylypdy su gosgy. brawo ?
Yalnyz_yigit
03 окт 2021, 15:11
Kerim Gurbannepesow diýseler ilki şu goşgusy ýadyma düşýä
Dani, Like
Aýnur
03 окт 2021, 15:11
Salam Yulduz men blok edip acdyma muny onrak
- Dani
Автор 03 окт 2021, 15:14
Цитата: Mona Songz
Salam Yulduz men blok edip acdyma muny onrak


seň mowzyklaryňy yzarlap okamansoň meň hawarym ýok, hihi
Aýnur
03 окт 2021, 15:23
- Dani,
Bolyalay acyber yene yadymyza salarys edebiyatdan
Ýury
03 окт 2021, 16:49
cilimkesh
Like....