Kerim Gurbannepesow Ýaşlyk dramasy.........

Gaññalyñ oýunda Tejende galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Bir ýandan urushdy, bir ýandan hasrat,
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Shol ýowuz ýyllara gelipdi gabat,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Däriler ýanýardy ys köpelýärdi,
Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi.
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi,
Meniñ ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyñ.

Söýüshmek düshmejek ýalydy ýada,
Emma "söýgi" diýen jadyly zada,
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyñ, heniz gyz wagtyñ.

Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan,
Ähli boýdashlaryñ bashlary boglan".
Sen diýerdiñ: "Garrap barýamyñ oglan,
Äwmäñ öz wagty bar, sabyryñ öz wagty".

Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy,
Goýnuñdan urardy tümmüliñ ysy.
Demiñden kükärdi müñ gülüñ ysy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim,
Çabrap bashlanda demiñe demim.
Näz bilen iterdiñ: "Hany edebiñ,
Söýgi bulashmazmy, edep az wagty".

Oñushmaly bordum saçlaryñ ysgap,
Leb gadagan wagty olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düshmezdi añsat,
Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyñ.

Çykarmy ýadymdan shol täsin pursat,
Çykjak bolaýsada bermen rugsat.
Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak,
Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ.

Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi sheýle,
Ýañjada gushlukdy, bolupdyr öýle. S
en diýdiñ: "Pylanjan, gaýdaly öýe,
Ýigidiñ öz wagty bar, gyzyñ öz wagty".

Sho mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem, toraññy urup dur perwaz:
"Ashyklar, ýenede sabyr ediñ biraz,
Görmändim saýamyñ, beýle ýaz wagtyn".

Derýada seslendi: "Etmäñ ätiýaç,
Size kast etjege taparyn alaç.
Siziñ kimin birek-birege mätäç,
Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym".

Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne welin gysha galaýma ýigit,
Miwe ýetishdimi, ýygna güýz wagty".

Tokaý bürgüdinden alyp ak pata,
Gysha galmazlygy edipdik wada.
Ýa sen sada bolduñ, ýada men sada,
Birden tupan gopdy, dünýäñ ýaz wagty.

Bilmedim nämäniñ hesiri boldy,
Eneñ bir sawçynyñ ýesiri boldy.
Sheýtdi-de özgäniñ nesibi boldy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Atdylar mashyna, ses etdiñ aglap,
Topuldym, çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyñdan ylgap,
Gök kürtelem bolsañ, heniz gyz wagtyñ.

Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul,
Üç gujak örüm saç, on gujak akyl.
Shunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiñ gözlerimden, dañyñ saz wagty.

Dogry aý ýarymdan dolandyñ sen soñ,
Öñ meñkidiñ welin, meñki däl onsoñ.
Shonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsañ,
Hemä meniñ bagtym, hemem öz bagtyñ".

Shobada ýüzüñde göründi ünji,
Gözleriñden gaçdy üç sany hünji.
Soñ gaçdy dördünji, onsoñ bäshinji,
Shonda iñ mert wagtym, iñ ejiz wagtyñ.

Içerde otursam ýüregim gysýar,
Dasha çyksam, asman depämden basýar.
Shol goshgyñ henizem bagrymy kesýär,
Tas shahyr bolupdyñ, çuwal gyz wagtyñ.

Tas shahyr bolupdyñ, borduñam belkem,
Shahyrlyk, ýangyndan bashlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiñ, sowashdym kem-kem,
Shonda-da kuwwat sen, her ýalñyz wagtym.

Kim bolsada saña satashan kishi,
Çagalañ bagtyna sag bolsun bashy.
Ýöne, señ bashyña salaýsa gyshy,
Gijä öwrülmezmi, oñ gündiz wagty.

Çümdürse eliñe ýekeje tiken,
Shol tiken müñ bolup bagryma çöker.
Shygyryma düshüner yshk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn.

Ýene shuny bilsin, ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz.
Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar,
Onda-da säheriñ, iñ tämiz wagty.

Arada aýlandym Tejen ýerlerine,
Ýashlyk ýyllarymyzyñ geçen ýerlerine.
Seredip gözýashyñ seçen ýerleriñe,
Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym.

Gaññalyda otyr öñki ýerinde,
Toraññyda otyr öñki ýerinde.
Sho derýada ýatyr öñki ýerinde,
Bir tapmadyk zadym öñki ýerinden
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ...

Kerim Gurbannepesow.
2 лайков 14 729 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
23 сен 2021, 14:21
Shu goshgy meñ ucin elyetmez goshgy.
My life
23 сен 2021, 14:23
Tasirli hem gynancly aglaya
Okuwçy04.A
Автор 23 сен 2021, 14:28
My life,
Biz edebiyatdan geçip yorus menem gaty halayan su gosgyny
Döwlet Şöhradow
23 сен 2021, 14:28
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. brawo
Kerim aga şu goşgyny gaty gowy ýazypdyr.
Likee+++ bahaber
Döwlet Şöhradow
23 сен 2021, 14:30
Okuwçy04.A,
Bizler deň okaýas, bizlerem şeýle hihi
My life
23 сен 2021, 14:33
Mekdepdekagem gecipdik. Yone edebiyat agshamda bir oglan sheylebir labyzly okapdy icine girip yatdan aydyp berdi
Okuwçy04.A
Автор 23 сен 2021, 14:34
sᴛᴀᴛᴇ,
Deň bolsak deň geçerisda Dowlet
My life
23 сен 2021, 14:35
Gaty tasirlendim gozum yashlanyp ugrapdy.oye baryanjam tasirinden cykmandym
Döwlet Şöhradow
23 сен 2021, 14:38
Okuwçy04.A,
Elbetde kitap
My life
23 сен 2021, 14:42
Shu yyl gutaryanyzmy mekdebi?
Döwlet Şöhradow
23 сен 2021, 14:42
My life,
Goşgynyň effekti diýilýär oňa mugallym
Döwlet Şöhradow
23 сен 2021, 14:44
My life,
Nesip!???
My life
23 сен 2021, 14:49
Attestatynyzy 5 lik bilen bezap sagamanja gutaryñ)) brawo
Okuwçy04.A
Автор 23 сен 2021, 14:50
My life,
Sag boluň!!!
Döwlet Şöhradow
23 сен 2021, 14:54
My life,
Sagbolyň sagbolyň, nesip bolsa sagbolun
Гость Batyr
Гость Batyr
27 апр 2024, 22:20
Gynançly hemem gowy