Ýaşlyk dramasy.

Gaňňalyň oýunda Tejende galdy

Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň

Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy

Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň




Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat

Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat

Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat

Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň




Däriler ýanýardy ys köpelýärdi

Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi

Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi

Meniň ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyň




Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada

Emma "söýgi" diýen jadyly zada

Höküm etmez eken hiç hili kada

Heniz ýigit wagtyň, heniz gyz wagtyň




Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan

Ähli boýdaş;laryň baş;lary boglan"

Sen diýerdiň: "Garrap barýamyň oglan

Äwmäň öz wagty bar, sabryň öz wagty"




Boýnuňdan gelerdi jeňňeliň ysy

Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy

Demiňden kükärdi müň gülüň ysy

Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň




Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim

Çabrap baş;landa demiňe demim

Näz bilen iterdiň: "Hany edebiň?

Söýgi bulaş;mazmy, edep az wagty"




Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap

Leb gadagan wagty olam bir hasap

Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat

Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyň




Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat

Çykjak bolaýsada bermen rugsat

Gursagmyň üstünde gürsüldäp gursak

Keteniň içinde gyzyl köz wagtyň




Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle

Ýaňjada guşlukdy, bolupdyr öýle

Sen diýdiň: "Pylanjan, gaýdaly öýe

Ýigidiň öz wagty bar, gyzyň öz wagty"




Şo mahal ýokardan geldi bir owaz

Seretsem, toraňňy urup dur perwaz:

"Aş;yklar, ýenede sabyr ediň biraz

Görmändim, saýamyň beýle ýaz wagtyn"




Derýada seslendi: "Etmäň ätiýaç

Size kast etjege taparyn alaç

Siziň kimin birek-birege mätäç

Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym"




Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt

Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt

Ýöne welin gyşa galaýma ýigit

Miwe ýetişdimi, ýygna güýz wagty"




Tokaý bürgüdinden alyp ak pata

Gyşa galmazlygy edipdik wada

Ýa, sen sada bolduň, ýada men sada

Birden tupan gopdy, dünýäň ýaz wagty




Bilmedim nämäniň hesiri boldy

Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy

Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy

Meniň ýigit wagtym seniň gyz wagtyň




Atdylar maş;yna ses etdiň aglap

Topuldym, çekdiler golumdan towlap

Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap

Gök kürtelem bolsaň, heniz gyz wagtyň




Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul

Üç gujak örüm saç, on gujak akyl

Şunça hazynany bir kürtä bukup

Ýitdiň gözlerimden daňyň saz wagty




Dogry, aý ýarymdan dolandyň sen soň

Öň meňkidiň welin, meňki däl onsoň

Şonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsaň

Hemä meniň bagtym, hemem öz bagtyň"




Şobada ýüzüňde göründi ünji

Gözleriňden gaçdy üç sany hünji

Soň gaçdy dördünji, onsoň bäşinji

Şonda iň mert wagtym, iň ejiz wagtyň




Içerde otursam ýüregim gysýar

Daş;a çyksam, asman depämden basýar

Şol goşgyň henizem bagrymy kesýär

Tas şahyr bolupdyň, çuwal gyz wagtyň




Tas şahyr bolupdyň, borduňam belkem

Şahyrlyk, ýangyndan baş;lanýan eken

Ýene gaýdyp gitdiň sowaş;dym kem-kem

Şonda-da kuwwat sen, her ýalňyz wagtym




Kim bolsada saňa sataşan kişi

Çagalaň bagtyna sag bolsun başy

Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy

Gijä öwrülmezmi, oň gündiz wagty




Çümdürse eliňe ýekeje tiken

Şol tiken müň bolup bagryma çöker

Şygryma düşüner yşk ýükün çeken

Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn




Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan:

Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz

Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar

Onda-da säheriň iň tämiz wagty




Arada aýlandym Tejen ýerlerine

Ýaşlyk ýyllarymyzyň geçen ýerlerine

Seredip gözýaşyň seçen ýerleriňe

Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym




Gaňňalyda otyr öňki ýerinde

Toraňňyda otyr öňki ýerinde

Şol derýada ýatyr öňki ýerinde

Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden

Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň...




Kerim Gurbannepesow
5 лайков 177 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enegul
07 фев 2022, 21:34
In gou goryan gosgym❤
Hiayres
07 фев 2022, 21:42
Kerim aga ömründe ýekeje "Ýaşlyk drammasy" goşgusyny ýazan bolanlygynda-da, türkmen edebiýatynda "Beýik şahyr" diýip adynyň tutulmagyna hak etýär.
Ejegyz.
Автор 07 фев 2022, 21:44
Hiayres,
Kerim aga ömründe ýekeje "Ýaşlyk drammasy" goşgusyny ýazan bolanlygynda-da, türkmen edebiýatynda "Beýik şahyr" diýip adynyň tutulmagyna hak etýär


Goşulýan++
Ýatan ýeri ýagty bolsun.
Realist
07 фев 2022, 22:11
Gaty govy goryande su gosgyny
My life
07 фев 2022, 23:08
Kerim agañ shu goshgysyny nace gezek goysanyzam halayan!
Ejegyz.
Автор 07 фев 2022, 23:17
My life,
Her gün şu goşgyny paýlaşaýsammyka gy onda ?!
My life
07 фев 2022, 23:22
Ejegyz,
Mena garshy dal )))
Ejegyz.
Автор 07 фев 2022, 23:23
My life,
:)
Gokhan Durdyyew
08 фев 2022, 09:30
gaty gowy goshgy . halayan goshgym shu .
doctor
08 фев 2022, 21:14
Shu goshgy ny soydim men