Kerim Gurbannepesow-♥♥Ýaşlyk dramasy♥♥

Gaňňalyň oýunda Tejende galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň

Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň

Däriler ýanýardy ys köpelýärdi
Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi
Meniň ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyň

Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada
Emma "söýgi" diýen jadyly zada
Höküm etmez eken hiç hili kada
Heniz ýigit wagtyň, heniz gyz wagtyň

Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan
Ähli boýdaş;laryň baş;lary boglan"
Sen diýerdiň: "Garrap barýamyň oglan
Äwmäň öz wagty bar, sabryň öz wagty"

Boýnuňdan gelerdi jeňňeliň ysy
Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy
Demiňden kükärdi müň gülüň ysy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň

Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim
Çabrap baş;landa demiňe demim
Näz bilen iterdiň: "Hany edebiň?
Söýgi bulaş;mazmy, edep az wagty"

Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap
Leb gadagan wagty olam bir hasap
Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat
Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyň

Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat
Çykjak bolaýsada bermen rugsat
Gursagmyň üstünde gürsüldäp gursak
Keteniň içinde gyzyl köz wagtyň

Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle
Ýaňjada guşlukdy, bolupdyr öýle
Sen diýdiň: "Pylanjan, gaýdaly öýe
Ýigidiň öz wagty bar, gyzyň öz wagty"

Şo mahal ýokardan geldi bir owaz
Seretsem, toraňňy urup dur perwaz:
"Aş;yklar, ýenede sabyr ediň biraz
Görmändim, saýamyň beýle ýaz wagtyn"

Derýada seslendi: "Etmäň ätiýaç
Size kast etjege taparyn alaç
Siziň kimin birek-birege mätäç
Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym"

Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt
Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt
Ýöne welin gyşa galaýma ýigit
Miwe ýetişdimi, ýygna güýz wagty"

Tokaý bürgüdinden alyp ak pata
Gyşa galmazlygy edipdik wada
Ýa, sen sada bolduň, ýada men sada
Birden tupan gopdy, dünýäň ýaz wagty

Bilmedim nämäniň hesiri boldy
Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy
Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy
Meniň ýigit wagtym seniň gyz wagtyň

Atdylar maşyna ses etdiň aglap
Topuldym, çekdiler golumdan towlap
Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap
Gök kürtelem bolsaň, heniz gyz wagtyň

Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul
Üç gujak örüm saç, on gujak akyl
Şunça hazynany bir kürtä bukup
Ýitdiň gözlerimden daňyň saz wagty

Dogry, aý ýarymdan dolandyň sen soň
Öň meňkidiň welin, meňki däl onsoň
Şonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsaň
Hemä meniň bagtym, hemem öz bagtyň"

Şobada ýüzüňde göründi ünji
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji
Soň gaçdy dördünji, onsoň bäşinji
Şonda iň mert wagtym, iň ejiz wagtyň

Içerde otursam ýüregim gysýar
Daşa çyksam, asman depämden basýar
Şol goşgyň henizem bagrymy kesýär
Tas şahyr bolupdyň, çuwal gyz wagtyň

Tas şahyr bolupdyň, borduňam belkem
Şahyrlyk, ýangyndan başlanýan eken
Ýene gaýdyp gitdiň sowaşdym kem-kem
Şonda-da kuwwat sen, her ýalňyz wagtym

Kim bolsada saňa sataşan kişi
Çagalaň bagtyna sag bolsun başy
Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy
Gijä öwrülmezmi, oň gündiz wagty

Çümdürse eliňe ýekeje tiken
Şol tiken müň bolup bagryma çöker
Şygryma düşüner yşk ýükün çeken
Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn

Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz
Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar
Onda-da säheriň iň tämiz wagty

Arada aýlandym Tejen ýerlerine
Ýaşlyk ýyllarymyzyň geçen ýerlerine
Seredip gözýaşyň seçen ýerleriňe
Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym

Gaňňalyda otyr öňki ýerinde
Toraňňyda otyr öňki ýerinde
Şol derýada ýatyr öňki ýerinde
Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň...
3 лайков 383 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
14 фев 2022, 15:05
gaytalanmajak klasika
GulTac Mugallym
14 фев 2022, 15:47
Yaltanman Yazypsyn Molodes
GulTac Mugallym
14 фев 2022, 15:48
Maksat Mendaki surat acyamy sende
GulTac Mugallym
14 фев 2022, 15:48
Mana tel satjak jan edaysin Samsung G bolsa aljak
Maksat
14 фев 2022, 15:55
Blesk,
Hawa
GulTac Mugallym
14 фев 2022, 16:08
Uf int 3gde ful isleya on tennede men pahyr