Dört pasylyň döreýşi hakyndaaa
Bagyşla sen günämi,bagyşla sen, Ýaradan!
Ozal başda adammyş dört pasyly ýaradan.
Birmahallar bir ýigit ajap gyzyň ugrunda
Ýanyp,öçüp selpäpdir.Ot döräpdir bagrynda.
Şeýdip lowlap gelyärkä okeanyň deňinden,
Doňup yatan okean bugarypdyr deminden.
Ýuwaş-ýuwaş bugaryp,pagyş-para eräpdir.
Şeýdip dünyäň ýüzünde birden Tomus döräpdir.
***
Derelerden geçipdir,derýalardan geçipdir,
Erän buzuň suwundan gana-gana içipdir.
Ajygypdyr ýaş ýigit.Bir gysyma dönüpdir,
''Iý miwämden iý!'' diyip,Güýz äleme inipdir.
***
Doyup dürli iýmişden,
Ýüzün tutup ummana,
Aşyk ýigit ýoluna bolanmyşyn rowana.
Bir gapdalda jeňňelik,bir gapdalda derýamyş,
Güýzüň salkyn şemalyn içip gidip barýarmyş.
Her deminde gaýtalap magşuk gyzyň adyny,
Labyrdadyp barýarmyş ýüreginiň oduny.
Al asmandan syn edip aşyk ýigdiň halyna,
Güýzi beýläk süýşürip,Gyş inipdir äleme.
Öçüripdir ýigidiň ýanyp barýan öýkenin,
Şunça gelmedik bolsa öýken köýjek ekeni.
***
Sorup-sorup içine Gyşyň beren dermanyn,
Ýigit syryp gidipdir buzly derýaň kenaryn.
Üç jülgeden aşypdyr.Üç dereden aşypdyr,
Dördülenji jülgede söýgüsine duşupdyr.
Şo bada-da jakgyldap,sayraşypdyr bilbiller,
Dünýä bahar gelipdir.Gunçalapdyr bägüller.
Ýigit gyzy ogşapdyr.Gyz ýigidi ogşapdyr,
Dünýämiziň ilkinji poemasy başlapdyr.
***
Adam
Söýgiň öňünde epip goşa dyzyny,
Şondan bäri ýazyp ýör şol poemaň yzynyyy.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.