Degişme

Esger ýigit (degişme)

Ajap döwrümiň ýaşlary,
Dost tutunyp deň-duşlary,
Gulluk edip köp işleri,
Bitirýäňmi, esger ýigit?

Bildirmänjik çykyp çete,
Ýazýaňmy söýgiňi hata,
Wah, geçmejek bolup öte,
Oturýaňmy, esger ýigit?

Gözel gyzyň öwüp görkün,
Guly bolup ajap durkuň,
Daş ýolda-da elden erkiň,
Ýitirýäňmi, esger ýigit?

Gije ýatman, düşüp torna,
Duşup nobatçynyň şerne,
Buýran jezasyny (narýadyny) ýerne,
Ýetirýäňmi, esger ýigit?

,,Barsam mähriban ilime,
Gyzlar çykar meň ýoluma”
Diýip göwnüň bal kölüne,
Batyrýaňmy, esger ýigit?

Ylgap, çekip ýeňleriňi,
Aýdyp batly heňleriňi,
Barmak sanap günleriňi,
Ötürýaňmi, esger ýigit?

Watan gorap söweşmäni,
Öwrenýäň sen göreşmäni,
Bu ýazylan degişmämi,
Geçirýäňmi, esger ýigit?

Nartäç Ýusupdurdyýewa
3 лайков 141 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
25 фев 2023, 14:38
Tüweleme gowy goşgy setirleri . Nartäjem gullyga gidipdir öýdýän . Gullygyň ýagdaýlaryny menden gowy bilýär.
Gerceknazar
25 фев 2023, 14:39
Iki ýyl gulluga gaýdan pursadym

Az wagt bolsada otlydan düşüp

Enem-atam ,eziz maşgalam bilen

Gujaklaşyp,gitmeli men hoşlaşyp


Bu pursat,

Ýadymdan çykmajak pursat

Garanjaklap töwerege seredýän

Şol täsin günleri ýatlap men bu gün

Ýenede ajaýyp goşgy döredýän


Hoş gal kakam ! Hoş gal mähriban ejem !

Hoş gal dost-ýarlarym,klasdaşlarym Aglama,aglama ,aglama käbäm

Aglama hiç süpür gözden ýaşlaryň


Duýdansyz geçip dur durmuşyň saly

Garaş käbäm menem bararyn hökman

Şu ýerde hoşlaşyp gidişim ýaly

Ýenede şu ýerde duşarys hökman


Gerçeknazar Amannazarow.
Jumamyrat
Автор 25 фев 2023, 14:39
Gerceknazar,
???