Içki duşman
Seniň duşmanyň ilki öz içiňden, ýagny maşgalaňdan, aga-inileriňden
ýüze çykýar. Bu adama içki duşman diýilýär. Bu duşmanyň ýüze çykmagynyň esasy
sebäbi nebis, ýagny sende bar bolan pul,baýlyk, wezipe ýaly zatlara
eýe boljak bolmak.
Içki duşman öz pirimlerini amala aşyrmak üçin daşky duşmanyň kömegine mätäç.
Daşky duşman içki duşmana göwünlik berýär.
-Pirimleriň amala aşmasa meniň ýanyma gaçyp gelip bilersiň!
Şu wadadan soň içki duşman möwjäp başlaýar. Ol ilki bu işi bir özi amala
aşyrmana synanyşýar, çünki bir özüne köp zatdan ýetýär. Bir özi amala aşyryp
bilmese özüne tarapdar gözleýer.
Içki duşmana kim tarapdar bolup biler?
Elbetde, islendik adam. Ýöne içki duşman ilki bilen seniň iň ýakyn adamyňy
öz tarapyna yrmana çytalaşýar. Bulardan iň amatlysy aýalyň, doganlaryň.
Eger bulardan hiç haýsyny öz tarapyna yryp biljegine göz ýetirmese,
onda perzentleriňi göz astyna alýar.
Hiç kimi tapmadyk halatynda bolsa hyzmatkäriňe ýada goňşy-golamyňa çenli
öz tarapyna yrmana çytalaşýar.
Içki duşmanyň saňa etjek ýamanlyklaryny öňünden bilip bolmaýar. Adam näçe nebisjeň
bolsa saňa etjek ýamanlgynyň möçberi hem şonça uly bolýar.
Köp adam, ondada keýpi-sapa berilen adamlar özünde içki duşmanyň döräp biljegini
aňşyrmaýar. Olar özi bilen otyrşýan adamlary özlerine dost diýip bilýärler.
Bu halatdan içki duşman öndümli peýdadalanýar. Olar saňa dost bolan ýaly,
bolýarlar. Etjekleri bolsa içinde. Bu hili ýagdaýyň soňunyň näme bilen gutarjagy
belli däl.
Göz astyna alynan adamyň tarapdarlary, ony içki duşmanlaryň
hilesinden alyp galsa ne ýagşy, bolmasa ýagdaý diňe pajygaly gutarýar.
Içki duşman hemişede hilegär. Ol öz maksadyna ýetmek üçin ähli bar bolan
serişdeleri we mümkinçilikleri ulanýar.Eger içki duşmanlardan jemlenen
tarapdarlary bilen öz maksadyna ýetmese ol daşky duşmana ýüz tutýar. Daşky
duşmanlara beribilen wadalaryny berýär we olaryň eli bilen seni ýok etmäne
çytalaşýar.
Häzirlikçe şu!

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.