Tä ahyrzamna çenli

Pikirler hemişe gümürtik ýollar bilen ugraberýär!.Näme yzarlaýany belli däl.Bu
ýollar bilen gidip, näme tapjagyny özäm bilmeýän bolsa gerek. Onsoň pikrler bir
bela sataşmasyn diýip, yzyndan kowyp ýetip, gitme ol tarapa, ol ýerde gara
möjek bar, ol seni çokar diýýäň welin biraz säginýärde sen tarapa seredip duryp
ýylgyrýar. Seni gorkyzanyndan lezzet alýar. Sen bolsa onuň boluşyndan
gorkup sandyraýaň.Ýalbarýaň. Gerek däl hiç zat diýýäň. Şeýdip pikirleri yzyna
gaýtarýaň. Şu günlükçe. Pikirler bilen bu ýagdaý her gün gaýtalanýar.
Tä ahyrzamana çenli.
Pikirleriň yz ýanyndan hyýallar atlanýar. Ol garaňky gijäni saýlap alýar.
Seniň gözüň görmeýän wagtyny, seniň beýniň dury işlemeýän pursadyny.Bir ýerlerde
gizlenip otyrýar. Kimden gaçýany bolsa belli däl. Sendenmi ýada başga birindenmi?
Sermenip gözläp tapýaň. Hany tur öýe gideli diýýäň. Ol bolsa horkuldap aglaýar.
Onsoň günäkär özüňi saýýaň. Käwagtlar hyýallara, barsanaý gümüňi çek. Senden
bizar boldum diýýäň.Emma ol gitmeýär. Ahyry gözi ýaşdan doly gaýdyp gelýär.
Ol hem tä ahyrzmana çenli seniň bilen.
Azuwlar bolsa ir bilen turýarlarda ganatlarny ýaýyp asmana galýarlar. Güni bilen
asmanda uçýarlar. Ol ýerden begençli gygyrýarlar. Serediň men nähili bagtly
diýýärler. Senem öz gezegiňde oňa seredip begenýäň. Ol hem seniň bilen tä
ahyrzamana çenli.
1 лайков 75 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.