Ertekini üýütgetseň näme bolýar
Ertekini üýtgetseň näme bolýar?. Hany göreli. Häzirki üýtgetjek bolýan ertekimi
siz biläýmeli. Bu ertekini siz mekdepde okapdyňyz.
Hawa, ine onsoň bir kempir öz garry gojasy bilen ýaşapdyr. Gün görmek üçin bolsa
ikisi ýer ekipdirler, mal saklapdyrlar.Özüňiz bilýäňiz pul hemmä gerek şol sanda
garry bolsaňam. Bu ikisi elýeter ýerde bar bolan zolak meýdanlaryny
ekipdirler emma öýünden uzagrakda, gara görüm aralykda ýene bir zolak ýeri bar
bolupdyr. Bujagaz ýer hasylly bolany üçin kempiriňem, gojanyňam içi byjyklap
durypdyr şu galan ýeräm ekesi gelip. Ýöne ynha kempiriň gojasynyň bu ýyl ýagdaýy ol
diýen gowy däl bolan. Wagtal-wagtal hykgyldapdyr, köpräk dümewläpdir, onsoň ýene
iýeni siňmändir.
Kempir bolsa gojasyna seredip haçan bu derde ýararka diýip
içini hümledipdir. Şol ýeri gidip ekäýse gowy bolardy diýipdir. Emma gojanyň
ony gorka salýan wagtam bolupdyr ýagny ýa içini tytyp ýada ýagyrnysyny tutyp:
-Kempir, menden tamaňy üz diýipdir.
Kempir bolsa oňa göwünlik beripdir:
-Goý, garry hiç zat bolmaz diýipdir we bilýän emlerini edip gojasyny aýak üstüne
goýupdyr.
Ine,onsoň şu gün gojanyň haly eşegiň kündesini tutyp biljege meňzäpdir. Gojanyň
özüniňem keýpi çag ýaly duýylypdyr.Eşeginiň we kündesiniň ýanynda iki ýana
pyrlanypdyr. Bu ýagdaý kempiriň gözüne ilipdir. Ol derrew gojanyň ýüküni tutmana
başlapdyr. Meýdanda iýer diýip täzeje gyzdyrma bişiripdirde bir kündük içimlik
suw bilen eşegiň gaňňasyna birikdiripdir. Goja bolsa ekjek tohumyny halta salyp,
bu haltany ikinji eşekden asypdyr. Şundan soň goja ýola düşüpdir.
Kempiri bolsa onuň yzyndan sargyt edipdir:
-Aýu, gyzdyrmany köp iýmegin ýogsa birden siňmän galaýmasyn.
Goja ýola düşüpdir. Bir sellem haýdap zolak ýerine gelipdir. Görse zolak ýeri
tabynda dur. Goja tizläp kündäni eşeklerine goşyp öz ýanyndan samyrdyklapdyr.
-Salkynda öndereýin, ýogsa yssy düşensoň heläk bolaryn.
Yssy mazaly düşýänçä ýer sürüpdir. Wagt günortan bolanda kündäni eşeklerden
boşadypdyrda olary otly ýere örkläp özüne hem dem almana amatly ýer gözläpdir.
Ynha orta ýaşly jiirdegiň saýasy. Jigirdegiň gowy güle duran wagty bolupdyr.
Ýene öz ýanyndan gepläpdir.
-Gadym aýdardylar, jigirdegiň saýasynda ýatma diýip. Ýöne ynha men şu wagt
gaty ýadadadym, ýene bir saýa yzlamak ýokmaýar. Gel ýatyberäýin, onsoňam häli
uklamak meýlim ýok. Gyzdyrmadan dadyp onsoň ýatsam diýýän diýip kellesini
eşegiň gaňňasyna goýanam şol, ýadawlykdan şolbada uklap galypdyr.
Bir mahallardan turypdyr. Seretse gün peýşini basmarlapdyr.
Öz ýanyndan ýene hoňňurdanypdyr.
-Gyzdyrmany iýmäne wagt ýok. Ýogsa otyrsam bu gün ýeri ekip bilmerin. Ertire
galsa ýer tapdan çykar diýipdirde hasyr-husyr kündäni eşege goşyp, galan ýeri
sürüp başlapdyr. Haçan ýeri sürüp bolanda gün ýere mazaly golaýlan eken. Bolsada
sürümi gutarypdyr. Indi öýe kempiriň ýanyna gaýdybermeli.Ýöne içi gaty aç bolan.
Torbada bolsa çörek bilen suw taýyn.
Ýene özüne gepläpdir.
-Gadym bir erteki bar ýalydy.Zagara bal bolanda iýgin diýilýän. Hany menem
gyzdyrmany iýjek bolup göreýin.Belki ol bal bolup galandyr.
Gyzdyrmany alyp ondan bir döwümi agzyna salan welin hakykatdanda ol bala
dönen ýaly bolupdyr. Hasyrdyklap iýip başlapdyr. Suw bilen garyp. Garynyny mazaly
otarandan soň, indi oba gaýytmanyň alajyny edeýin diýip zatlaryny ýygnap,
eşeklere basyp yzyna tarap haýyt goýan. Bir sellem ýöräpdir eşek üstünde.
Emma ýoluň häli üçden biräm geçmändir, içinde bolsa bir burgy turupdyr ala-
güpürdüsi bilen. Çydajak bolupdyr. Burylyp görüpdir, basyp görüpdir garnyny
emma burgy güýçlense güýçlenipdir yzyna gaýytmandyr. Eşekler bolsa garrynyň
peselenini görüp gaýta beter öýe gyssanypdyrlar we indi garry eşegiň üstünde
özüni tutyp bilmän agyp düşüpdir. Eşeklwr bolsa şýe tarap gaçyp gidipdirler.
Bu wagt garrynyň kempiri onuň ýoluna seredip duran bolupdyr. Uzakdan eşeklerini
tanap ynjalypdyr. Emma eşekler öýe golaýladygy saýyn onuň derdi artypdyr. Görse
eşekleriň ýanynda onuň garrysy ýok.
Ýügürip çykyp, eşekleri daňyp garrynyň gelmeli tarapyna olam hasanaklapdyr.
Bir-iki gezek ýykylyp düşüpdir ýöne salym geçirmän çaşyp ýatan gojasynyň
üstünden barypdyr. Görse garryda dem ýok. Ölen ýaly bolup ýatyr. Kempir birbada
gorkupdyr. Ýöne ynha garrynyň maňlaýyna eli degirse onuň ýylysy bar bolan.
Kempir derrew düşünipdir. Gojasyna näme bolanyna. Kisesinde agyry aýyrýan
dermanjygyndan birnäçesini onuň agzyna taşlapdyr. Hol salmada bar suwdanam bir
gaşawuç getirip, onam garrynyň bokurdagyna guýypdyr. On minut garaşypdyr.
Kem-kemden garryda ysgyn peýda bolup iň soňunda ol ýerinden turypdyr we bu ikisi
biri-birini goltuklap öýlerine gelipdir.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.