1-nji hekaýa

Çagalykda, ýetginjeklikde we yz ýanlary köp görerdim. Häzirki wagtda meniň pleýlistimde bu film ýok diýen ýaly. Onda-da nik adym şol bolany sebäpli, köpiňiziň şeýle gözöňüne getirşiňiz (tanaýşyňyz) ýaly, mowzugymy şonuň bilen baglanyşdyraýyn.

Joan Roulinge hat:

Ilki bilen-ä size köp sagbolsunymy aýdasym gelýär. Çagalykda maňa gaçyp gutulmak üçin hyýaly dünýä gurup berdiňiz. Hyýal dünýämizi öňküden-de baýlaşdyrdyňyz. Siziň döreden hyýaly dünýäňizden peýdalanyp, hekaýa we erteki toslajakdygym üçin öňünden ötünç soraýaryn
@Granger

1-nji hekaýa.

Hogwarts.

18-19-njy asyrlar.

Halaýan howam bolan, gurak, aýazly (gotiki howa diýýän men muňa) günleriň birinde çeträk skameýkalaryň birinde söýgüli alymlarymyň biriniň kitabyny okap otyrdym. Baýguşlaryň biri ýanyma uçup geldi. Hümm... meň baýguşym däl, Ronuňkam, Garriňkem däl, Malfoý dagyňkam... Ýat baýguş öz-ä. Ýaňky baýguş hat getiripdir. Okaýançam saklanmagyny haýyş etdim. Hatda şeýle sözler bardy:

Salam, gyzym! (hümm.. nätanyş söz) Ilkinji gezek saňa ýüzlenýärin. Bu haty ýazmagyň maňa agyr düşýänini sen bir bilsediň. Öňem synanşyp görüpdim, hiç ebeteýini tapmandym saňa haty gowşurmanyň.
Ýörjen-ýörjen wagtyň ejeň seni jigiňe gorag edip, daşarda çörek bişireninde, öýde sag eliň ogulhajat we külem barmaklarynyň aşajygyny peje ýakanyňda ýanyňda ýoklugym üçin... häzirem dur şojagaz ýanyk yzyň;
Çagalar bagynda garagol çagalaryň seni uran, kiçijek, näzijek, akja eljagazyňa iňňe çümdürip oýnan wagtlary olara gaýtawul bermek ýa goranmak aňyrda dursun, gaçmak ýa terbiýeçä, ejä aýtmak üçin batyr ýürek döretmekden geçen, özüň günäli ýaly kibtiňi gysyp, dymmagyňa sebäp bolanym üçin;
Baga barýarkaňyz öňüňizden çyksam-da, siziň hat-da ýüzüňize seretmek ýada düşmez derejede aklym gideni üçin, ýeke gezek “gyzym” diýip başyňy sypamanym üçin;
Ejeňiz keselhanada ýatan mamaňyzyň ýanynda bolan wagty, iki sany bedene çagasy kibi, ýeke galyp, nämäň nämedigine, kimi küýseýändigiňize düşünmän ýüregiňiziň gysan wagty ýanyňyzda ýoklugym üçin;
1-nji sentýabrda ilkinji gezek mekdebe gadam basan wagtyň, ilkinji bäşligiňi alan wagtyň, ilkinji owadan ýakaly, gülli gara ýaşyl pombarh köýnegini geýen wagtyň, adamlardan gaçyp, bir bukurak ýerde seň gözüňe äpet bolup görnen diwara tiňkäňi dikip oturan wagtyň ýanyňda ýoklugym üçin;
Mekdepde deň-duşlaryň arasynda ýeke galan wagtyň ýanyňda, arkaňda ýoklugym üçin;

Maňa derek multfilmleri we ertekileri arka tutunýardyň... Ynsan çagasy haýwan çagasyndan gowşak bolýar. Olara diňe ýöremegi, uçmagy öwredeniň ýetenok. Çaga-da bolsaň, köp zatlarda özüňi uly adam ýaly alyp baryp, diňe özüňe däl başga ejizlere hem arka durduň.

Ejeň gahary gelip, käýän wagty bukulara arkaň bolmanym üçin;
Jigiň keselbent bolup, ejeň ikisi keselhanada ýatan wagty, yzynda ýeke galanyňda...
Ol nägehan, haramzadalaryň eline düşeniňde.. ýanyňda durmak, arkadaýanç durmak nire, olaryň eline düşeniň üçin, göz ýaşyňy süpürip, nägehanyň elinden almanym üçin;

Emma sen çaga-da bolsaň, menden mertdiň, gyzym. Kakalaryny patyşa hasaplaýan şagyzlaryndan-da mertsiň. Megerem, bu häsiýetiň ejeňe çeken borly. Maňa meňzeýän ýeriň ýoklugyna begenýän. Özüňi hiç wagtam şagyzy ýaly alyp barmandyň, sebäp sen patyşanyň gyzy däldiň...

Ine-de ulaldyň. Her gyzda bolşy dek, jalaýlaryň we beýleki sada ýigitleriň gözi saňa-da düşdi. Emma, sen olary saýgarmak, tapawutlandyrmak, ýar edinmek mümkinçiliginden mahrum. Sebäp sende “nusgalyk” ýokdy ahyry. Saňa “nusgalyk” bolmanym, saňa ýat, başga planetaly bolanym üçin;

Şol çagalyk endigiňi etdiň ýene-de, gaçdyň inoplanetýanlardan. Nägehan gören dek gaçdyň. Sebäp barysy saňa çagalykdaky nägehany ýatladýardylar. Olar seni kowalan wagtlary bukulara diwaryň bolmanym üçin;

Pis, haramzada jalaýyň biriniň zoruna duçar bolanyňda, seni gorap bilmändigim üçin;

“Dag ýaly arkaly bolmak” duýgusyndan mahrum edenim üçin;
Haýsy bir pursaty elim ýaly kagyza geçirjegimi bilemok. Umuman, ählisi üçin Bagyşla meni, gyzym. Bagyşla!

Kaka bolmagy her kimem başarar, hakyky ata, hossar bolmagy hemmeler başarmaz. Saňa kaka boldum, emma hossar, ata bolup bilmänim üçin Bagyşla!

Ýeke gezek hem görmedik, kakaň.

Baýguşjan, siz bu haty maňa ýalňyş getiripsiňiz. Üstesine kimiň baýguşydygyňyz hem näbelli. Iliň hatydygyny bilenligimde okamazdym. Alyň hatyňyzy we hak eýesine gowşuryň. Sagboluň.

Onýança-da aňyrdan Garri bilen Ron geldi. Sapaklarymyz başlamalydy. Täze-täze zaklinaniýaly kitaplar gelipdir. Howlukmak gerek...

Granger.
5 лайков 221 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.