Gedaý we Turgenýew

Dünýä belli rus ýazyjysy Turgenýew aýazly gijeleriň birinde öýüne ýöräp barýarka, ýolda öňünden bir gedaý çykyp, ondan pul sorapdyr. Turgenýew jübülerini barlap görse, ýanynda hiç hili pul ýok eken. Onsoň ol gedaýyň sowuk ellerini mähir bilen owkalap:

– Gadyrdan, ýanymda kör köpügimem ýok-da – diýipdir.

Şonda gedaý oňa şeýle jogap beripdir:

– Jenap! Siz eýýäm maňa berjegiňizi berdiňiz ahyry. Maňa «gadyrdan» diýip ýüzlendiňiz, üstesine elimem owkalap ýylatdyňyz.
2 лайков 109 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.