Ikilemeler

Öñde-de soñda-da mydama goldan,
Her demde her işde medet ber Allam.

Öz günüñe şükür kylyp Hudaýa,
Ejize hoş, sahy bolgun gedaýa.

Egerde ýagşylyk isleseñ ile,
Küýüñde-köýüñde bolmasyn hile.

Haramlykda bolsa göwün hyýalyñ,
Ilden ilki duýar ony, aýalyñ.

Ýaşa abraýyñ dökülmez ýaly,
Ýaşa geçeniñe ökünmez ýaly.

Dost gadyry ýat üstünde bilinýär,
Är messebi zat üstünde bilinýär.

Hemme ýerde hormatyñy saklagyn,
Dost öýünde iýen duzuñ haklagyn.

Ýyl geçsede sahnadan bu düşmändir,
Owadanlyk gelin-gyza duşmandyr.

Ynanmagyn näçe etsede puşman,
Dönük bir sypdygy ýene bor duşman.

Düzgüne tertibe goýmasañ gadyr,.
Etjegiñ bergi bor görjegiñ südür.

Käbir zady ýüregim hiç almaýar,
Maşyn, aýal iki kişä bolmaýar.

Gaýnynyñ agzyna añalýar käsi,
Gaýnatasy bilen tanalýar käsi.

Atañ barly bolsa adagly borsuñ,
Özüñ barly bolsañ idegli borsuñ.

Söýmek bir zat, halamagam bir zatdyr,
Gorkmak bir zat, sylamagam bir zatdyr.

Hernäçe diý, sen hernäçe käkele,
Öwüt ündew ýokmaz eken näkese.

Otuzda bolmadyk derekli adam,
Altmyşda-da bolmaz gerekli adam.

Hiç kim saklap bilmez äre gitjegi,
Ýaşmak saklap bilmez gybat etjegi

Gurt Näzli. Dowamy bar...
6 лайков 159 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.