IŇ UZYN ATLY ÝERLER
Her bir diliň özüne mahsus gurluşy bar. Käbir dilde sözler bir ýa-da iki bogunly bolup, örän gysga bolýar. Köp dilde sözüň yzyna ýa-da öňüne goşulma goşulmaýar. Dilleriň käbirinde bolsa, birnäçe sözi goşup, täze söz emele getirip bolýar. Dünýäniň dürli ýerlerinde goşma sözlerden emele gelen ýer-ýurt atlary bar. Bu atlar şeýle bir uzyn welin, ony şol dilde gepleýänler üçin hem aýtmak aňsat bolmasa gerek. Ine, şol ýerleriň bäşligi bilen tanyş bolyň:
#1 «Taumatawhakatangihangakoauauotamateaturipukakapikimaungahoronukupokaiwhenuakitanatahu»: sanawyň başyny çekýän bu sözde 85 harp bar. Täze Zelandiýanyň demirgazygyndaky beýikligi 305 metrlik bir depäniň ady bolan bu ýer ýerli Maori dilinde «topraklary ýuwudýan, daga dyrmaşyjy uly dyzly Tameteanyň gelip, halaýan adamsy üçin tüýdük çalýan depesi» diýmegi aňladýar. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen bu ýere gysgaça «Taumata» diýilýär. Şeyle hem Täze Zelandiýada «Taumata» sözi iň ýörgünli familiýalaryň hem biridir.
#2 «Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyrndrobwilllantysiliogogogoch»: jemi 58 harpdan ybarat bolan bu ýer Birleşen Patyşalygyň Uels döwletinde ýerleşýär. Şeýle hem ýokarda agzalýan bu ýer Ýewropada iň uzyn atly ýer hasaplanýar. Gysgaça «Llanfair PG» diýlip atlandyrylýan ýeriň doly ady uelsçede «Gyzyl dükanly Keramatly Tisilio buthanasynyň girdabynyň ýanyndaky ak funduk agajynyň köwegindäki Keramatly Merýem ybadathanasy» diýmegi aňladýar. Uelsiň demirgazygyndaky Anglsi adasyndaky bu uly oba hemişe myhmanly bolýar. Myhmanlaryň köpüsi diňe bu täsin atly obany görmek üçin bu ýere gelýärler. Üç müň töweregi ilaty bolan bu obanyň ýerleşýän adasy gury ýerden o diýen uzakda bolman, köpri arkaly baryp bolýar.
Köp adam bu täsin adyň adada uzak ýyllardan bäri ýaşaýan keltleriň medeniýeti bilen baglydygyny pikir edýär. Emma bu at gadymy söz däl. 1848-nji ýylda obanyň golaýynda demir ýol gurulýar. Demir ýoluň gurulmagy bilen bu ýere telekeçiler göçüp gelýärler, täze dükanlar gurulýar. Şeýle-de bolsa, esasan, senetçilik we kiçi telekeçilik bilen meşgullanýan söwdagärleriň işi garaşylyşy ýaly şowly bolmaýar. Bu ýerde işleýän tikinçileriň biri obanyň adyny üýtgetmegi teklip edýär. 1869-njy ýylda bu ýere täze at dakylýar. Gysga wagtdan soňra bu täsin atly ýer tutuş Beýik Britaniýada meşhurlyk gazanýar we adamlar gelip başlaýar. 2002-nji ýylda bu obanyň ady bilen internet domeni hem döredilýär. Bu internet saýty iň uzyn bir sözli internet saýty bolýar.
#3
«Chargoggagoggmanchauggagoggchaubunagungamaugg» iň uzyn atly ýerleriň sanawyndaky üçünji ýeri ABŞ-nyň Massaçusets ştatyndaky Webster şäheriniň golaýyndaky köl eýeleýär. 45 harply kölüň ady amerikan ýerli alkolgin dilinde «Araçäkdäki balyk tutulýan ýer» diýmegi aňladýar. Şeýle hem bu at ABŞ-da iň uzyn atly ýer hasaplanýar. Bu köle gysgaça «Webster köli» hem diýilýär. Antropolog Aýwes Goddard bolsa bu sözüň «Adalar bilen bölünen köl» diýmegi aňladýandygyny aýdýar. Kölüň ady has irki döwürlerde «Chabanaguncamogue» we «Chaubanagogum» görnüşinde hem gabat gelýär. Massaçusetsiň 1795-nji ýyldaky kartasynda kölüň uzyn nusgasyndaky adynyň ilkinji sekiz bogny «Chargoggagoggmanchoggagogg» görnüşinde görkezilipdir.
#4
«Tweebuffelsmeteenskootmorsdoodgeskietfontein»: Günorta Afrika Respublikasynyň demirgazyk-günbataryndaky bu öri meýdany «Iki gäwmişiň bir gezek atylanda öldürilen çeşmesi» diýmegi aňladýar. Bu sözde 44 harp bar. Günorta Afrikaly meşhur aýdymçy Anton Gusen 2014-nji ýylda çykaran «Putonnerwater» atly albomyndaky aýdymlaryň birine ýokardaky ady goýýar.
#5
«Azpilicuetagaraycosaroyarenberecolarrea» bu ýer Ispaniýany Nawarra awtonom sebitindäki Azpilkueta obasynda ýerleşyär. 39 harply ýer baskçada «Azpilkuetanyň beýik haýatynyň pes meýdany» diýmegi aňladýar. Sebit Ýewropanyň iň owadan tebigatly ýerleriniň biri hasaplanýar.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.