Arassaçylygyň syry nämede?
Men durmuşumda bir zady hiç oňaryp bilemok. 2 ýyldan bäri ýa ýeke ýaşadym ýa-da 2 kişi bolup. İkimizem erkek elbetde. Ýöne bir hili hiç haçan doly ýaşaýan ýerimi arassa we düzgünje tutup bilemok. Hemişe arassalaýan we indi bulaşdyrjak däl diýsemem başda oturýan stolymdan başlap dargap başlaýa. 2-3 günüň içinde aşhana darma-dagyn bolýa we aňry bäri zatlar çaşyp ýatýa öýde. Bir hili näçe düzetsemem ýene 1 günüň içinde dargap galýa. Men-ä maşgala öýünde bolşy ýaly her gün we hemişe arassa duranok. Alan zadymy ýerine goýmaýan we şonuň üçin şeýle ýagdaý bolýa. Diňe men däl ähli sallah dostlarymyň öýleri şeýle. Ýöne öýlenen dostlarymyň öýleri arassaja. Arassa we tertipli ýaşamak üçin hökman öýlenmelimi? Aýal we gyz maşgalanyň näme aýratynlygy barka beýle arassa we tertipli bolmany gowy başarýalar? Men-ä şuňa näçe ýyldan bäri düşünüp bilemok. Birem diňe öý arassaçylgy däl gyzlaryň depderlerem arassa bolýa. Meniň depderime seretseňiz surat, garalama, hemme ýerinde adym we familiýam, golum ýaly zatlar bar. Siz arassa we tertipli edip saklap bilýäňizmi ýaşaýan we işleýän ýerleriňizi? Maňa nähili maslahat berip biljeksiňiz?
Köneler, shahyr tarapyndan 14 years ago
Köneler, shahyr tarapyndan 14 years ago
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.