Ertir.com arhivinden bir hekayajyk

Öwreniji
MilýonManat12, Aprel-2016ý (19:20)

Bugün hem smitçiň sesine oýandym: “Gyzgynjak smiiit, gyzgynjak smit”
Smitçiniň sesi hergün meni şu durmuşda ýaşamaga itergi berýän sanaglyja zatlaryň biri. Aslynda şugünler durmuşda galmaga hyjuw döretjek kän zadymam galmady.....

Ertirlik edinip derrewjik okuwa gitmeli. Sowadyja seretdim. 3 ýumurtga galypdyr. Talyplyk durmuşymda aýyň soňky 10 güni hemişe krizisde geçdi. Ýöne bu gezek bütin aý krizde gezip ýörin.

Bir ýumurtgany gaýnadyp düýnden galan ýarym çörek bilen lokga atdym agzyma. Iki käse gök çaýyň badyna geýinmäge başladym.

Jübümde diňe 90 teňňe (ýazuw bilen togsan teňňe) galdy. 8 gün bäri diňe 90 teňňe bilen gezip ýörin. Eger ýene 30 teňňe tapsam okuwa metro bilen gidip bilerin. Her gün edişim ýaly bugün hem jübülerimiň hemmesini dördüm. Belki bugün jübülerimden öňden ýatdan çykaran pulum çykar.

Ýok. Ýatdan çykarmandyryn. 5 teňňe-de çykmady. Diýmek bügünem ýöräp gitmeli. Çaltrak ýöresem 45 minuda sapakda bolaryn.
Öwrümli dar köçeleriň ümsümliginde ýöräp barýaryn. Özimi gelejegiň Zuckerbergi ýaly hyýal ederdim, ýöne Dosteýewski ýaly bir garnym aç bir garnym dok gezip ýörin. Viktor Hugonyň diýişi ýaly: “durmuşda esasy zat garnyňy doýurmak däl”.
Aýakgabynyň sessini ritm edip ýöreýän. Ýolyň başynda otyran dilegçini görüp gözüm gitdi. Öňünde birazyrak pul bar. “Günde näçe gazanýarka” diýip pikir etmäni durup bilmedim. 20 gazanýan bolsa bir gün üçin ideal. 10 hem erbet däl weli.
Oho, bu Bentley Brooklanda seret. Gap-gara. Ýommaýo tekerlerem uly eken. Gyz sürüp gelýärmäý?! Kakasynyň maşyny öýdýän. Gyzlar-aa Bentley sürmezdi. Bäh sary gyza gara äýnek beýle gelişer eken. Meň deňimde durdy. Eýgilikdirdä.
- Aý oglan bagyşla. Salgy soraýjakdym?!
Maňa diýýärmaý bu?! Bu töwerekde menden başga-da hiçkim ýok. Maňa diýýär öýdýän.
+ Hawa aýdyberiň.
- Şu adresiň nirededigini bilýäňmi?!
Gara saçly sürüji gyzyň ýanynda otyran sary saçly gyz telefonyndaky smse ýazylgy adresi maňa görkezdi. Iphone 6s. Gold. SMS-ler italik şriftde.
+ Hawa bilýän. Hool Uniwersitediň ýanyndaky bina.
- Senem şo tarapa barýaň öýdän. Mün maşyna äkideli .
Şu geýimlerim bilen müneýinmi?! Şu maşyna münmelimi?! Gowysy men ýol ugurdan ylgap gideýin, siz ýanym bilen sürüberiň diýesim geldi.
+ Bolýa, gaty gowy bolar.
Eý-waý süräýşinaý.


Geldim sapaga. Hemişeki ýaly iň yza geçip otyrdym. Sapagy iň köp ýarym sagat diňläp bilýän. Ondan soň kellä girenok. Ýöne bu professor bir ýarym sagat dynuwsyz gürlemese ynjalyp bilenok. Gowusy azajyk oýun oýnaýyn. Täze oýun oýlap tapmaly. Bugün futbol oýuny bolsyn. Synpdaky talyplary iki topara bölüp futbol oýnadaýyn. Birinji topar sapagy diňleýänler SD. Beýleki topar sapagy diňlemeýänler SD...


Sapak gutardy.

Beýnim ütüklendi.

Çaý içmesem bolmaz.

Iň soňky puluma çaý içmelimi?

Başga alaç barmy?!
Unwersitediň seýganrak kafesiniň birine bardym. Bir stakan çaý aldym. Jübümdäki 90 teňňäň 50 teňňesini çaýa berdim. Birje çaý 50 teňňäý. Gymmat. Bu ýere gelen ýylym 25 teňňedi. Durmuş kynlaşýar.
- Näçe şeker? diýip sorady çaý taýynlap duran gyz.
4 diýsem masgara edäýermikä?! Geçende-de birine “sen şekeriň puluny töläý, çaýy mugt bereýin” diýip ýere sokupdy. Prikol bolsyn diýip aýdypdy belki, ýöne oglan utanjyndan çym-gyzyl bolupdy. Ýöne men çaýy 4 şeker bilen içýänä. 3 diýäýsemmikä?! Özim iň soňky puluma çaý içjek bolýan, isleýşim ýaly bolmasa bolmaza
- 3-sini beräýiň.
Ýaşamak o diýen çylşyrymly zadam däl eken. Durmuşda her pursatdan lezzet alaýyn diýseň gelejegi ýitirýäň, gelejege tarap ylgap başlasaň pursatlary ýitirýäň. Her pursatda indiki pursadyň açary gizlenendigi mese-mälim.

Psikologiýa bölümünde okaýan gyz bu tarapa gelýärmäý?! Hawa bärik gelýär. Eýgilikmikä?! Öňüräk çala tanyşypdym. Ýylgyranam bolýarmy. Eliňdäki çaýyňy dökäýme weý.
- Bagyşlaň, şu ýeri boşmyka?
Boş du:ra halha göreňokmy diýmedim elbet-de.
+ Hawa hawa. Otyryp bilersiň.
Entägem 4 şeker alyp bilmedigime gaharym gelýär. Çaýy garyşdyryp otyryn.
- Sowady çaýyň
+ Hehe. Hä wiý. Hawa.
- Köpden bäri görneňok
+ Ýo sapaklara köplenjä gelýän.
- Onda men gabat gelýän däldirin.....
Gürläp başlady. Duranok. Käbir ýerlerde säginýär. Säginýän ýerleri, meniň mahullamaly ýerlerim. Okuwdan girdi, maşgalasyny aýtdy, bugünki habarlara öz teswirini aýtdy.
- Sen ýadowyrak görünýäňle?
+ Ýokla göwnüňedir.
- Men metro duralgasyna çenli ýörejek. Isleseň bile gideýli.
Ýok diý. Ýok diý. Duralga çenli 15 minut. 15 minutlap näme gürleşjek. Aşyk bolaýsaň çykdajyň köpeler. Başga işim bar diý.
+ Bolýar, ýöresek ýöräýeli.
Bu gezek Freuddan gürrüň bermäge başlady. Men Freudy kän bilemok. Gowysy temany Tolstoýa getireýin. Ol Nazym Hikmetden dowam edýär...
Beýle assa ýöreýän gyz bolar eken. 15 minutlyk ýoly 21 minutda geldik.
- Senem metro bilen gidýäň dälmi?
+ Hawa ýöne bir dostymy görjek şu ýerräkde öýi. Onsoň gitjek. Sen gidiwer.


Pulum bolsa metro bilen giderdim. Ýöne maňa ýene 45 minutlyk ýol garaşýar.


Gün ýaşybereninde öýe geldim. Çyralar ýananok. Köýäýdimikä. Otaglaň hemmesini barladym, hiçisi ýananok. Togy kesipdirler. Jyn urmuş. Bir hepdejik kesmeseňiz bolmaýamy. Otaglaň perdelerini açdym. Köçäniň çyralary ýanyp dur. Köçedäki çyralar öýi ýagtyldaýdy. Garwanaýyn diýip sowadyjyny açdym. Iki ýumurtga bilen tamatdan başga zat ýok. Bir ýumurtgany iýmeli, beýlekini ertire goýmaly. Gazam, togam ýok. Nädip bişirsemkaraý muny.
Gatan çöregi suwa salyp ýumşadyp çig ýumurtga bilen iýdim.
Aýnadan goňşylaň telewizoryny görüp otyryn. Futbol görýäris. Çempiolar ligasy. Barcelonaň oýuny. Birinji taým gutardy.
Aşgazanymyň sesini eşidip başladym. Bir ýumurtga bilen doýmadym öýdýän. Aşgazan içimi opurup barýar.
Futbol başlasa unudarynlaý. Ikinji taým başlady entägem o kanala geçirenoklar. Seriýal görýälermaý. Alýo. Hany futbola görelile. Geçir beýleki kanala, nä diňe siz görýäňiz telewizory. Blä goňşymyň heleýgulydygyny şumat bildim. Aýaly serial görjek diýse o-da serial görüp otyr. Barcelonaň oýnyny görmeseň näme görjek. A:l kakmyş, serialyňyzam, başgasam...
Aý bolýa, birazajyk internede gireýin.
Hälki gyz whatsAppdan ýazyp başlady. Men muňa nomerimi haçan berdimaý?!
- Giç ýagşy
+ Giç ýagşy.
- Saňa bir zat aýtjakdym. Hälem aýdyp bilmedim.
Şonça gürläwem asyl aýtjak zadyňy aýdyp bilmediňmi?!
+ Aýdyber diňleýän.
- Men senden garaşýardym weli...
+ Näme?
- ...
Telefonymyň zarýady gutardy.
Gyz birzad:a ýazjak bolýar. Aý näme diýjek, “men saňa garşy özimi başgaça duýýan” diýer-dä. Hemmesi bir meňzeş bulaň. Menä saňa garşy özimi birhili duýamok. Men özimi saňa garşy aç duýýan.
Aşgazanym bagyr-içegelerimi gemirip barýar. Ünsi başga tarapa sowmaly.
Gowysy, täze söz oýlap tapaýyn. Ň harpy bile başlasyn.

“Ňamyş”
Gowy söz.

Many tapmaly indi.

10 kilo et manysynda bolsyn.

Ýa-da türkmen pizzasynyň täze ady bolsyn.

Onda balkançasynam oýlap tapmaly bolar. Balkançasy “Ňämiş” bolsa-da bolardaý.
Erkeeekkk, gözüm ýumulup ugrady. Tiziräk uklamaly. Ýene bir söz oýlap tapýançam uklaryn.
Viktor Hugonyň diýişi ýaly: “durmuşda esasy zat garnyňy doýurmak däl. Iň esasy zat garnyňy doýurmak”.
4 лайков 202 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
23 июн 2023, 07:51
???