Halal zahmetin gadyr-gymmaty
Ir döwürlerde bir kishi öz ýeke ogluna halal zähmetiñ gadyr-gymmatyny bildirmek üçin, ony bir demirçi ussanyñ ýanyna eltip: ,,Meniñ oglumy ýanyñda ishlet, kesp-kär öwrensin" diýipdir. Ussa onuñ bilen ylalashypdyr. Soñra oglanyñ atasy dashary çykyp, ussany ýanyna çagyrypdyr. Soñ ýuwashlyk bilen: ,,Ussa aga, her gün ishden soñ ogluma ish haky üçin bir teññe berersiñ" diýip, ussanyñ eline otuz teññe pul berip gaýdypdyr.
Otuz günden soñ ogly ussanyñ beren otuz teññesi bilen öýlerine gaýdyp gelipdir. $onda atasy oglunyñ otuz teññe gazanjyny eline alypdyr-da: ,,$undanam bir gazanç bolarmy?" diýip, teññeleri zyñyp goýberipdir. Oglan bu ýagdaýa erbet bolupdyr. Ylgap baryp, zyñlan teññeleri ýygnap alypdyr. ,,Atam jan, men muny nä günler bilen gazandym. Endam-janyma ot syçradyp, elimi oda dagladyp gazananym bu" diýip hamsygypdyr. Oglundan bu sözleri eshiden atasy baryp, ogluny gujaklapdyr, oglundan eden tamasynyñ çykanyna ýüregi bilen begenipdir.
* * *
Adam kabylasy dürli bolarmysh,
Käbiri shermisar, küýli bolarmysh.
Eli gabarçakly halal ýigidiñ,
Zähmetden arkasy derli bolarmysh.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.