Awetik Isakýan / Ajy hakykat
Birmahallar örän baý adam bar eken. Ol özüne örän uly jaý gurdurmak isläpdir we şol maksadyna ýetmek üçin gaty köp ussany, işçiňi hakyna tutýar. Işgärleriniň işleýşine gözegçilik etmek üçin, ol daň agaran badyna gurluşyga haýdap gaýdýar eken, diňe garaňky gatlyşandan soň öýüne kowlenipdir.
Ine, şeýlelikde ussalaram, işçilerem ynsap bilen zähmet çekipdirler, bina gün-günden beýgelipdir. Ýöne baýyň göwnüne iş haýal ýöreýän ýaly, gurluşykda alnyp barylýan işler önmeýän ýaly, Gün bolsa adatdakysyndan has gysgalan ýaly duýlupdyr: Ýaňy daň atdy ahyryn, görsene, eýýäm günorta bolaýypdyr, ine-de, agşam jaňyny kakarlar, şeýdibem howlukmaçlyk bilen Gün ýaşar.
Nähili erbet! Olar entek işe başlap ýetişenoklar diýseňem boljak, emma eýýäm näletsiňen hak tölenmeli wagt gelendir. Bu näme boldugy? Onuň garşysyna dil düwüşdilermikä? Ybadathanadakylar edil bilgeşleýin edýän ýaly, ir bilen-ä olaryň jaňynyň sesini wagty bilen eşidip bolanok, agşam bolsa ony baý, bahym kakaýarlar-a, onda-da nähili çaltlyk bilen! Güne näme diýjek? Ol dogrusy, hiç kimiň haýryna hereket edenok welin, ýöne şol hem gündogardan günbatara barýan ýoluny şeýle çalt geçýän ýaly-la?
Bu zatlara baýyň gaty gahary geldi. Täze höküm çykardy. Indiden beýläk ýaltalyk etmeli däldigini, agzyňy açyp pallap ýörmän, janlyrak, haýdap işlemelidigini aýtdy. Kim şu zatlara boýun bolmasa, oňa ýowuz darajakdygyny, iş hakyndan kesjekdigini, aýtdy. Kim şu zatlara boýun bolmasa, oňa ýowuz darajakdygyny, iş hakyndan kesjekdigini, hatda işden kowjakdygyny-da aýtdy…
Baýyň diýeni-diýen, aýdany-aýdandy, ýöne şonda-da onuň göwnüne özüne garşy gidilýän ýaly, iş bolsa haýal alnyp barylýan ýalydy: ine, eýýäm içiňi ýakaýyn diýen ýaly, agşam düşüp barýar, baý bolsa nägilelik bilen gapjygyny açyp, önmän ýatan işe günde ummasyz pul töleýänligi üçin gaýgy-hasrat çeker.
Ýyllar geçdi, näme boldy diýsene, baýyň ýaşaýan şäherini duşmanlar basyp aldy. Olar şäheri ýykyp-ýumrup, halkyny bolsa soňky köpügine çenli taladylar. Baýlaryň bar emlägini elinden aldylar. Adamlaryň köpüsini öldürip, galanlaryny ýesir etdiler. Diňe az sanly ilat olardan gaçyp gutuldy.
Baýlygyny elden berip gedaý galan baý başga bir ýurda, asuda ýaşap oturan bir baý şähere göçüp bardy.
Bu ýerde ol maşgalasyny eklemek üçin uly bir jaýyň gurluşygyna işe girmeli boldy. Ol Gün doganyndan işe baryp, Gün ýaşyp iş gutaranyndan soň öýüne gaýdýardy. Onuň göwnüne gün şeýle bir uzan ýalydy-agyrdy, ezýetlidi. Wagt bolsa öňe gitmän bir duran ýerinde togtan ýalydy. Jahan birçak ýagtyldam welin, günorta bolman geçäýdi, ýogsam Gün ýagyrnyňy ýandyryp barýandyr.
Ol gaty ýadap guýçden gaçdy. Ony açlyk we suwsuzlyk köseýärdi, aýak üstünde zordan durdy, öňde bolsa uzakly gün ýatyrdy. Onsoňam ol gurulýan jaýyň gün-günden däl-de, sagatma-sagat beýgelýänini görýärdi. Bu günki hakymyzy alar ýaly, aýaklarymyza biraz dynç berer ýaly, haçan agşam jaňy kakylarka?
Belki, onuň garşysyna dildüwüşendirler? Olar ir bilen wagtyndan öň jaň kakyp, agşam bolsa gijä galýan bolaýmasynlar? Ýeri, Güne näme diýersiň? Elbetde, ol hiç kimiň haýryna hereket edenok-la, ýöne şonda-da, gündogar bilen günbataryň aralygyny wagty bilen geçmän, edil pyşdyla dönýärler.
Günlerde bir gün ol ýadawlykdan ýaňa guýçden gaçyp ýere ýykyldy. Şonda doňýürek hojaýynyň paýyş sözler bilen özüne bakan gygyrýandygyny eşitdi. Ol şol pursat hojaýynlaryň işçi halkyna nähili rehimsiz garaýandygyna, zähmetkeş, erk-ygtyýarsyz adamlaryň ykbalynyň örän agyrdygyna düşünip galdy. Hökmürowan adamlaryň düşünip bilmejek bu beýik hakykatyny ol şonda bütin kalby bilen duýdy.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.